Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Sizden her bir ölen adama, irden we agşam öz oturjak ýeri görkeziler. Jennetilerden bolsa, Jennetdäki, dowzahylardan bolsa-da, dowzahdaky boljak ýeri görkeziler we oňa: “Allah seni tä, Kyýamat güni direldýänçä, bu seniň ýeriň bolar” diýerler”.