"Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem iki sany gabryň ýanyndan geçip barýarka şeýle diýdi: “Bu ikisine azap berilýär, ýöne olaryň (azaplary) uly bir günäler üçinem däldir”. Soňra ýene-de şeýle diýdi: “Olaryň biri şugulçylyk edip gezerdi, beýlekisi bolsa peşewinden saklanmazdy”.
Soňra ol täze ýygylan hurma agajynyň şahajygyny alyp, ony ikä böldi, soňra her gabryň üstüne onuň birini dikdi. Soňra Ol: “Belki, bu şahalar guraýança, olaryň azaplary ýeňilleşdiriler” diýdi."