Ebu Sa’yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Öli tabyda goýulup, erkekler ony eginlerine alanlarynda, eger ol gowy adam bolsa, “Meni çaltrak äkidiň! Çaltrak äkidiň!” diýer. Eger erbet adam bolsa: “Eýwaý! Siz meni nirä alyp barýarsyňyz!” diýer. Onuň bu sesini ynsandan başga hemme zat eşider. Eger ynsan bu sesi eşiden bolsady, çaşyp ýykylardylar”.