"Jabir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Abdulla ibn Ubeýýiň jesedi gabyrynyň içinde goýulandan soň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gelip, ony gabyryndan çykartdy we ony dyzynyň üstünde goýup, öz tüýküliginden çüfledi we oňa öz köýnegini geýdirdi. (Onuň näme üçin beýle edendigini) Allahyň özi gowy bilýändir. Ýöne Abdulla ibn Ubeýý ir wagtlar öz köýnegini Abbasa geýdiripdi.
Ebu Harun şeýle diýdi: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň iki sany köýnegi bardy. Abdulla (ibn Ubeýýiň) ogly: “Ýa Resulallah! Kakama teniňe degip duran köýnegiňi geýdiräý!” diýdi.
Sufýan şeýle diýdi: “Adamlar Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öz köýnegini, Abdulla (ibn Ubeýýe) geýdirmeginiň sebäbini, bir wagtlar Abbasa eden kömeginiň ýerine diýip, hasaplapdyrlar”."