1351

77-nji bap

1351

77-nji bap

1351

77-nji bap

"Jabirden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä ol şeýle diýipdir: “Uhud söweşinden öňki gije kakam meni öz ýanyna çagyryp: “Men (ertirki boljak söweşde) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň sahabalarynyň içinde özümi ilkinji bolup öldüriljek ýaly bolup duýýaryn. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden we senden başga yzymda goýup gitjek eziz adamym ýokdur. Meniň bergilerim bardyr, olary (eýelerine) ber we gyz doganlaryňa gowy seret!” diýip wesýet etdi. Irden kakam ilkinji öldürilen adam boldy. Ony başga biri bilen bile bir gabyrda jaýladylar. Soňra başga biri bilen bir gabyrda jaýlanany üçin özümi hiç rahat duýmadym. Men ony alty aýdan soň gabryndan çykardym. Onuň bir gulagyndan başga tutuş bedeni ony jaýlan günümdäki ýaly (üýtgemändi)”."

حَدَّثَنَا مُسَدَّدٌ، أَخْبَرَنَا بِشْرُ بْنُ المُفَضَّلِ، حَدَّثَنَا حُسَيْنٌ المُعَلِّمُ، عَنْ عَطَاءٍ، عَنْ جَابِرٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، قَالَ: لَمَّا حَضَرَ أُحُدٌ دَعَانِي أَبِي مِنَ اللَّيْلِ، فَقَالَ: مَا أُرَانِي إِلَّا مَقْتُولًا فِي أَوَّلِ مَنْ يُقْتَلُ مِنْ أَصْحَابِ النَّبِيِّ ﷺ، وَإِنِّي لاَ أَتْرُكُ بَعْدِي أَعَزَّ عَلَيَّ مِنْكَ، غَيْرَ نَفْسِ رَسُولِ اللَّهِ ﷺ، فَإِنَّ عَلَيَّ دَيْنًا فَاقْضِ، وَاسْتَوْصِ بِأَخَوَاتِكَ خَيْرًا، «فَأَصْبَحْنَا، فَكَانَ أَوَّلَ قَتِيلٍ وَدُفِنَ مَعَهُ آخَرُ فِي قَبْرٍ، ثُمَّ لَمْ تَطِبْ نَفْسِي أَنْ أَتْرُكَهُ مَعَ الآخَرِ، فَاسْتَخْرَجْتُهُ بَعْدَ سِتَّةِ أَشْهُرٍ، فَإِذَا هُوَ كَيَوْمِ وَضَعْتُهُ هُنَيَّةً غَيْرَ أُذُنِهِ«.