1349

76-nji bap

1349

76-nji bap

1349

76-nji bap

"Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Allah Mekge (şäherini) haram (mukaddes) etdi. Ol menden öň hiç kime halal edilmedi we menden soň hem hiç kime halal edilmez. Meniň üçin hem gündiziň diňe belli bir wagty halal edildi. Mekgäniň otlary kesilmez, agaçlary çapylmaz, ýabany aw haýwanlary ürküzilmez we ýitirilen zady eýesine gowşurmak niýeti bolmasa ony ýerden galdyrmak gadagandyr. Şol wagt Abbas (Allah ondan razy bolsyn): “Zergärleriň we biziň gabyrlarda ulanýan “Izhir” otundan başgasy (gadagan) bolaýsyn?” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Izhirden başgasy” diýdi. Ebu Hureýräniň (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden rowaýat eden hadysynda ol adam: “Biziň gabyrlarymyz we öýlerimiz üçin (ulanýan izhir otundan başga bolsun, diýdi). Ibn Abbas (Allah olardan razy bolsun): “Demirçi ussalary we olaryň jaýlary üçin (ulanýan)” diýip aýtdy."

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ حَوْشَبٍ، حَدَّثَنَا عَبْدُ الوَهَّابِ، حَدَّثَنَا خَالِدٌ، عَنْ عِكْرِمَةَ، عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، عَنِ النَّبِيِّ ﷺ قَالَ: «حَرَّمَ اللَّهُ مَكَّةَ فَلَمْ تَحِلَّ لِأَحَدٍ قَبْلِي، وَلاَ لِأَحَدٍ بَعْدِي، أُحِلَّتْ لِي سَاعَةً مِنْ نَهَارٍ، لاَ يُخْتَلَى خَلاَهَا وَلاَ يُعْضَدُ شَجَرُهَا، وَلاَ يُنَفَّرُ صَيْدُهَا، وَلاَ تُلْتَقَطُ لُقَطَتُهَا إِلَّا لِمُعَرِّفٍ»، فَقَالَ العَبَّاسُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: إِلَّا الإِذْخِرَ لِصَاغَتِنَا وَقُبُورِنَا؟ فَقَالَ: إِلَّا الإِذْخِرَ. وَقَالَ أَبُو هُرَيْرَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: عَنِ النَّبِيِّ ﷺ «لِقُبُورِنَا وَبُيُوتِنَا»، وَقَالَ أَبَانُ بْنُ صَالِحٍ عَنِ الحَسَنِ بْنِ مُسْلِمٍ، عَنْ صَفِيَّةَ بِنْتِ شَيْبَةَ سَمِعْتُ النَّبِيَّ ﷺ مِثْلَهُ، وَقَالَ مُجَاهِدٌ: عَنْ طَاوُسٍ، عَنْ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا «لِقَيْنِهِمْ وَبُيُوتِهِمْ«.

Salgylanma:

” •Gabyrda içki jaýyny ýapmak üçin ulanypdyrlar. Hoşboý ysly otuň ady. ”