"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Allahyň bir bendesini mazarynda goýulup, ýoldaşlary yzyna öwrülip gidenlerinde, olaryň aýakgaplarynyň sesini eşider we şol wagt onuň ýanyna iki sany perişde gelip, ony oturdarlar we ondan: “Sen bu Muhhamed sallallahu aleýhi wesellem barada näme aýdardyň?” diýip sorarlar. Ol adam: “Men onuň Allanyň guly we Resulydygyna şaýatlyk edýärin” diýer. Perişdeler oňa: “Dowzahdaky ýeriňe bir seret. Allah Tagala ony Jennetde bir ýer bilen çalyşdy” diýerler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ol adam (şol wagt Jennetdäki we dowzahdaky) iki ýerini hem birden görer” diýdi.
Emma ol ölen adam kapyr (ýa-da munafyk) bir adam bolsa, onda ol: “Bilmedim, men diňe adamlar näme diýen bolsa, şony hem gaýtaladym” diýer. Soňra oňa: “Sen (Ol hakda) biljegem, okajagam bolmadyň!” diýerler. Soňra onuň iki gulagynyň arasyna demir gürzi bilen urarlar. Onuň sesini adamlardan we jynlardan başga töweregindäki ähli zatlar eşider”."