Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir wagtlar mesjidi süpürip, arassalap ýören bir garaýagyz adam ýa-da bir garaýagyz aýal wepat boldy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň ölendigini bilmändi we bir gün ony ýatlap: “Ol adama näme boldy?” diýip sorady. “Ol öldi, (Ýa Resulullah)” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Siz näme üçin ony maňa habar bermediňiz?” diýdi. Sahabalar: “Ol şeýle boldy, beýle boldy” diýip, onuň hekaýasyny gürrüň berdiler. Ony ähmiýetsiz biri hasap etdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Maňa onuň gabryny görkeziň?” diýdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň gabrynyň üstüne baryp, jynaza namazyny okady”.