"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Ölüm perişdesi Musa aleýhissalamyň ýanyna iberildi. Haçanda ol Musanyň ýanyna gelende, Musa oňa bir şarpyk berip, onuň gözüni çykardy. Perişde yzyna Robbunyň ýanyna baryp: “Sen meni, ölümi islemeýän bir guluň ýanyna iberdiň!” diýdi. Allah onuň gözüni gaýtaryp berdi we oňa: “Musanyň ýanyna barda oňa: “Elini bir öküziň arkasynda goýsun we eliniň aýasyndaky her bir gyl üçin bir ýyl ömür beriljegini” aýt!” diýdi”. (Haçanda, perişde özüne tabşyrylan zatlaryň ählisini ýerine ýetirenden soň, Musa): “Eý Robbum! Ondan soň näme?” diýdi. Allah Tagala: “Ondan soň ölüm” diýdi. Musa: “Goý, onda ol häzir bolsun!” diýdi we Allahdan özüni Mukaddes Ýere bir daş atym aralykça golaýlaşdyrmagyny diledi.
(Ebu Hureýre Allah ondan razy bolsyn): “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýip aýtdy” diýdi: “Eger-de men şol ýerde bolan bolsadym, onuň ýoluň gyrasyndaky gyzyl gumly bir depäniň ýanynda jaýlanan mazaryny size görkezerdim”."