"Habbabdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen Allahyň razylygyny gazanmak üçin Medinä hijret etdik. Biziň sylag-sogabymyzy bermek Allaha bagly bolup galdy. Biziň içimizde özüniň sylag-sogabynyň nygmatyndan hiç zat iýip bilmän ölüp gidenler hem boldy. Mus‘ab ibn ‘Umeýr şolardan biridi. Biziň aramyzda miweleri bişip, häzir ondan ýygyp duranlar hem bar (ýagny, içimizde dünýä nygmatlarynyň hözirini görüp ýörenler hem bar).
Mus‘ab ibn ‘Umeýr Uhud güni şehid boldy. Biz bir dondan başga ony kepenlär ýaly hiç zat tapmadyk. Onuň bilen hem kellesini ýapsak aýagy, aýagyny ýapsak hem kellesi açyk galardy. Netijede, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize onuň kellesini örtmekligi, aýaklaryny bolsa, izhir diýilen ysly ot bilen örtmekligi emr etdi.
"