"Sähl ibni Sa’dden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir aýal Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme (sowgat hökmünde) gyralary dokalan bir don (burda) getirip berdi. (Muny gürrüň berip duran Sähl, diňläp oturanlara): “Siz burdanyň nämedigini bilýäňizmi?” diýip sorady. Olar: “Bu şamla, egniňe atylýan don” diýdiler. Ol: “Howa, dogry” diýdi.
“Ol aýal men muny öz ellerim bilen dokadym we ony size geýdirmek üçin geldim” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hakykatdanam şol eşige mätäçdi, ony kabul etdi we ony izar hökmünde (bilinden aşagyna sarap) biziň ýanymyza geldi. Sahabalaryň içinden bir adam ony taryplap: “Bu nähili owadan eken, ony maňa geýdiräý!” diýdi.
Sahabalar oňa (gaharlanyp): “Seniň bu edişiň gowy bolmady! Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň özi şol eşige mätäç bolandygy sebäpli geýdi. Sen bolsa onuň hiç kimiň haýyşyny gaýtarmaýandygyndan peýdalanyp, ondan dilediň” diýdiler. Ol adam: “Allahdan ant içýärin, men ony geýmek üçin soramadym, men ony özüme kepen edinmek üçin soradym” diýdi.
Sähl: “Hakykatdanam, ol eşik onuň kepeni boldy” diýdi.
"