Ibrahym ibn Abdurrahman ibn Auwfdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Abdurrahman ibn Auwfuň (Allah ondan razy bolsun) agzy bekli wagty oňa iýer ýaly nahar getirdiler. Ol şonda (nahara seredip) şeýle diýdi: “Mus‘ab ibn ‘Umeýr (Allah ondan razy bolsun) şehid boldy. Ol menden has gowudy. Ol diňe ýekeje bir don bilen kepenlendi. Onuň bilen kellesini örtseň aýaklary açylardy, aýaklaryny örtseň kellesi açylardy. (“Hamza hem şehit boldy, olam menden has gowudy” diýen ýaly bolup dur). Soňra dünýä bize eçilip bilişinden eçildi (ýa-da şu dünýäde bize (nygmatlar) berilip bilişinden berildi.) Eden sogap işlerimiziň muzdy bize bu dünýäde, öňünden berilendir öýdüp gorkýaryn” diýip aglamaga başlady, hat-da naharyny hem iýmän, taşlap gitdi”.