Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Gaty gyzan wagty salkyn düşýänçä, namazy yza çekiň. Çünki gaty gyzgynlyk jähennem odunyň howrundandyr”.
Jähennemiň ody (bir gezek) Robbuna şikaýat edip: “Ýa Robb, meniň bir bölegim beýleki bölegimi (ýagny öz-özümi) iýip ýok edip barýan!” diýdi. (Allah) hem oňa iki gezek, gyşda we tomusda nepes almaga rugsat berdi. Gaty gyzan wagty we gaty sowan wagty (ana, şolar dowzahyň nepes alýan wagtydyr).
Ebu Sa’yddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Salkyn düşýänçä öýle namazyny gijikdirip okaň. Çünki gaty gyzgynlyk jähennem odunyň howrundandyr”.
Ebu Zerr El-Gifariden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen saparda wagtymyz, azançy öýle namazynyň azanyny aýtjak boldy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (oňa): “Salkynlaşýança garaş” diýdi. Bir salymdan soň azançy ýene-de azan aýtjak boldy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de (oňa): “Salkyn düşýänçä garaş” diýdi. Biz hem tä depeleriň kölegeleriniň uzalýandygyny görýänçäk garaşdyk. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize: “Elbetde, gaty gyzgynlyk jähennem odunyň howrundandyr. Eger-de howa gaty gyzsa, onda salkyn düşýänçä, namazy yza süýşüriň” diýdi.
"Az-Zuhriden rowaýat edilmegine görä, Enes ibn Mälik (Allah ondan razy bolsun) maňa şeýle habar berdi diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gün günortandan agan wagty öýünden çykyp, öýle namazyny okady. Soňra münbere çykyp, Kyýamatdan söz açdy we şol günde örän uly wakalaryň bolup geçjekdigini habar berdi. Soňra (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) bize: “Menden bir zat soramak isleýän bar bolsa sorabersin. Şu duran ýerimde näçe wagtlap dursam, şonça wagtlap hem Menden soran zadyňyzy habar bererin” diýdi. Şondan soň adamlar zar-zar aglaşdylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Menden soraň” diýip, birnäçe gezek gaýtalap durdy. Şonda Abdulla ibn Huzafa As-Sahmi ýerinden turup: “(Ýa Resulullah!) Meniň kakam kim?” diýip sorady. “Seniň kakaň Huzafadyr” diýdi. Soňra (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de): “Soraberiň menden” diýip gaýtalap başlady. Soňra Omar iki dyzyna çöküp : “Biz Allahy Robb, Yslamy din, Muhammedi bolsa pygamber hökmünde kabul edip razy bolduk” diýdi.
(Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem az salym) gürlemän dymyp durandan soňra: “Edil ýaňyja şu diwaryň ýüzünde Jennet bilen dowzah görkezildi. Men şonuň ýaly haýyry we şonuň ýaly şeri heniz görmändim” diýdi.
"
"Ebul-Minhaldan rowaýat edilmegine görä, Ebu Barza Al-Aslämi (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ertir namazyny biziň her birimiz ýanyndaky oturan adamy tanap biljek derejede, daş-töwerek aýdyňlaşan wagtynda okardy . Ol (ertir namazynda) altmyşdan ýüz aýata çenli okardy. Öýle namazyny Gün (çür depeden) günbatara tarap süýşen wagty okardy. Ikindi namazyny şeýle bir wagtda okardy; biziň birimiz namazdan soň, Medinäniň iň uzak ýerinde ýerleşýän öýüne dolanyp baranda-da Gün diri bolup, (heniz onuň gyzgynlygy gitmezdi).
(Ebul-Minhal): “(Ebu Barzanyň) agşam namazy hakynda aýdanlaryny welin ýatdan çykarypdyryn” diýdi.
(Ebu Barza) ýene-de şeýle diýdi: “Ýassy namazyny gijäniň üçden biri geçýänçä, gijikdirip okap biler”. Soňra ol: “(Hatda) gijäniň ýaryna çenli-de (gijikdirip biler)” diýdi.
"
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň yzynda durup öýle namazyny okan wagtlarymyz, yssydan goranmak üçin eşiklerimiziň üstüne sejde ederdik”.
"Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Medinede öýle bilen ikindini namazyny birleşdirip, ýedi rekagat edip we agşam namazy bilen ýassy namazyny birleşdirip hem sekiz rekagat edip okan wagtlary bolupdy”.
Eýub (As-Sahtiyani): “Belki, bu (güýçli) ýagyş ýagan wagtynda bolandyr” diýipdir. (Bu hadysy Ibn Abbasdan habar beren Jäbir ibn Zeýd)
“Belki, şeýledir” diýip jogap beripdir.
"
"Hişämiň kakasy ‘Urwa (ibn Az-Zubeýrden) rowaýat etmegine görä, Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem ikindi namazyny, heniz onuň otagyndan Günüň (şöhlesiniň) gitmedik wagtlary okardy”.
Ebu Usama şony Hişamdan (eşidip) gürrüň beren wagty: “Otagynyň düýbünden” diýerdi.
"
‘Urwadan habar berilmegine görä, Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ikindi namazyny Aişanyň otagynda güneş bar bolup, heniz onuň otagyna kölege düşmänkä okardy”.