515

105-nji bap

515

105-nji bap

Habar berilmegine görä, Ibn Şihab pylan kakasyndan namazy kesýän zatlar hakda sorapdyr. Ol hem “(Namazy) hiç zat kesip bilmez, diýdi, Çünki ‘Urwa ibn Az-Zubeýriň maňa habar bermegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem gijelerine turup, namaz okardy. Men bolsam Kybla bilen Onuň arasyndaky düşekde keseligine ýatardym”.

حَدَّثَنَا إِسْحَاقُ بْنُ إِبْرَاهِيمَ، قَالَ: أَخْبَرَنَا يَعْقُوبُ بْنُ إِبْرَاهِيمَ بْنِ سَعْدٍ، قَالَ: حَدَّثَنِي ابْنُ أَخِي ابْنِ شِهَابٍ، أَنَّهُ سَأَلَ عَمَّهُ عَنِ الصَّلاَةِ يَقْطَعُهَا شَيْءٌ. فَقَالَ لاَ يَقْطَعُهَا شَيْءٌ، أَخْبَرَنِي عُرْوَةُ بْنُ الزُّبَيْرِ، أَنَّ عَائِشَةَ زَوْجَ النَّبِيِّ ﷺ، قَالَتْ: لَقَدْ كَانَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ يَقُومُ فَيُصَلِّي مِنَ اللَّيْلِ، وَإِنِّي لَمُعْتَرِضَةٌ بَيْنَهُ وَبَيْنَ القِبْلَةِ عَلَى فِرَاشِ أَهْلِهِ.

Salgylanma:

• Bu mesele yhtylafli bir meseledir. Şonuň üçin hem bu hakda hakyky alymlardan sorasaňyz gowy bolar.

516

106-nji bap

516

106-nji bap

Ebu Katada El-Ensarydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gyzy Zeýnebiň we Ebul-‘As ibn Ar-Rabi’a ibn Abdu Şemsiň gyzy Umamany göterip, (ýagny gujagyna alyp), namaz okardy. Sejde eden wagty, ony ýerde goýardy, ýerinden turan wagty bolsa, (ýene-de) ony gujagyna alyp götererdi”.

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، قَالَ: أَخْبَرَنَا مَالِكٌ، عَنْ عَامِرِ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ الزُّبَيْرِ، عَنْ عَمْرِو بْنِ سُلَيْمٍ الزُّرَقِيِّ، عَنْ أَبِي قَتَادَةَ الأَنْصَارِيِّ، أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ كَانَ يُصَلِّي وَهُوَ حَامِلٌ أُمَامَةَ بِنْتَ زَيْنَبَ بِنْتِ رَسُولِ اللَّهِ ﷺ، وَلِأَبِي العَاصِ بْنِ رَبِيعَةَ بْنِ عَبْدِ شَمْسٍ فَإِذَا سَجَدَ وَضَعَهَا، وَإِذَا قَامَ حَمَلَهَا.

Salgylanma:

“• Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň giýewsi. • Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň agtygy. ”

517

107-nji bap

517

107-nji bap

Abdulla ibn Şeddad ibn El-Hadiden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Daýzam Meýmuna bintul – Haris maňa şeýle habar berdi: “Meniň (ýatýan) düşegim Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namaz okaýan ýeriniň garşysyndady. Kä wagtlar men düşegimde ýatyrkam, Onuň eşikleriniň (gyralary) maňa degerdi”.

حَدَّثَنَا عَمْرُو بْنُ زُرَارَةَ، قَالَ: أَخْبَرَنَا هُشَيْمٌ، عَنِ الشَّيْبَانِيِّ، عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ شَدَّادِ بْنِ الهَادِ، قَالَ: أَخْبَرَتْنِي خَالَتِي مَيْمُونَةُ بِنْتُ الحَارِثِ، قَالَتْ: كَانَ فِرَاشِي حِيَالَ مُصَلَّى النَّبِيِّ ﷺ، فَرُبَّمَا وَقَعَ ثَوْبُهُ عَلَيَّ وَأَنَا عَلَى فِرَاشِي.

Salgylanma:

• Meýmuna bintul-Haris – Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly, biziňem enemiz.

518

107-nji bap

518

107-nji bap

Abdulla ibn Şeddaddan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Daýzam) Meýmuna maňa şeýle diýdi: “Meniň aýbaşym gelip, gapdalynda ýatyrkam-da, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýanymda namaz okardy. Sejdä giden wagty, Onuň eşikleriniň (gyralary) maňa degerdi”.

حَدَّثَنَا أَبُو النُّعْمَانِ، قَالَ: حَدَّثَنَا عَبْدُ الوَاحِدِ بْنُ زِيَادٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا الشَّيْبَانِيُّ سُلَيْمَانُ، حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ شَدَّادٍ، قَالَ: سَمِعْتُ مَيْمُونَةَ، تَقُولُ: كَانَ النَّبِيُّ ﷺ يُصَلِّي وَأَنَا إِلَى جَنْبِهِ نَائِمَةٌ، فَإِذَا سَجَدَ أَصَابَنِي ثَوْبُهُ وَأَنَا حَائِضٌ وَزَادَ مُسَدَّدٌ، عَنْ خَالِدٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا سُلَيْمَانُ الشَّيْبَانِيُّ، وَأَنَا حَائِضٌ.

519

108-nji bap

519

108-nji bap

Habar berilmegine görä, Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Biz (aýallary) itlere we eşeklere deňemegiňiz nähili erbet zat! Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň özi bilen Kyblasynyň arasynda keseligine süýnüp ýatyrkam, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namaz okap durandygyny görüpdim. Sejde etjek wagty, (eli bilen) meniň aýaklaryma dürterdi, menem aýaklarymy ýygnardym”.

حَدَّثَنَا عَمْرُو بْنُ عَلِيٍّ، قَالَ: حَدَّثَنَا يَحْيَى، قَالَ: حَدَّثَنَا عُبَيْدُ اللَّهِ، قَالَ: حَدَّثَنَا القَاسِمُ، عَنْ عَائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا، قَالَتْ: بِئْسَمَا عَدَلْتُمُونَا بِالكَلْبِ وَالحِمَارِ لَقَدْ رَأَيْتُنِي وَرَسُولُ اللَّهِ ﷺ يُصَلِّي وَأَنَا مُضْطَجِعَةٌ بَيْنَهُ وَبَيْنَ القِبْلَةِ، فَإِذَا أَرَادَ أَنْ يَسْجُدَ غَمَزَ رِجْلَيَّ، فَقَبَضْتُهُمَا.

520

109-nji bap

520

109-nji bap

"Abdulla ibn Mes’uddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Käbäniň ýanynda namaz okap durdy. Kureýşlilerden bir jemagat hem (oňa golaýrak bir ýerde) öz mejlislerinde otyrdylar. Olaryň içinden biri “Şu (adamlaryň içinde aç-açan ybadat edip oturan) ryýäkäre serediň. Haýsy biriňiz pylan taýpanyň öldüren düýesiniň iç-goşlaryny (şol durşuna) gany, tezegi we ýatgysy bilen bilelikde getirip, ony tä, Ol sejdä gidýänçä garaşyp, sejdä gidensoňam olary Onuň arkasyna taşlap biler?” diýdi. Soňra olaryň içindäki iň betbagt adam ony gidip getirdi. Haçan-da, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem sejdä giden wagty, (ony arkasynda), iki pilçesiniň arasynda goýdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem sejde eden ýerinden gymyldaman durdy. Soňra olar gülüp başladylar, hatda gülküden ýaňa biri-birleriniň üstüne ýykylyp başladylar. Soňra bir adam ylgap, Fatyma aleýhissalamyň ýanyna baryp habar berdi. Ol şol wagtlar kiçijik bir gyzjagazdy. Ol ylgap geldi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem sejdeden gymyldaman durdy. Fatyma onuň arkasyndaky (hapa) zatlary aýryp taşlady. Soňra olara (gahar bilen) sögüp başlady. Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem namazyny gutarandan soň: “Allahym! Kuraýşlary Saňa tabşyrýaryn!”. “Allahym! Kuraýşlary Saňa tabşyrýaryn!”. “Allahym! Kuraýşlary Saňa tabşyrýaryn!” diýip, üç gezek gaýtalady. Soňra ýeke-ýekeden atlaryny tutup: “Allahym! ‘Amr ibn Hişämi saňa tabşyrýaryn! ‘Utba ibn Rabi’y, Şeýbe ibn Rabi’any, El-Welid ibn ‘Utbany, Umeýýe ibn Halafy, ‘Ukba ibn Ebu Mu’yty we ‘Umarata ibn El-Welidi Saňa tabşyrýaryn!” diýip, (olara bed) doga etdi”. (Abdulla ibn Mas’ud Allah ondan razy bolsun) şeýle diýdi: “Allahdan ant içýärin, Bedr güni men olaryň (ýere serilip) ýatan jansyz bedenlerini gördüm. Soňra olary bir guýa, ýagny Bedr guýusyna süýräp äkitdiler. Soňra Resulullah sallallahu aleýhi wesellem “Guýuda ýatanlara nälet geldi” diýdi”. "

حَدَّثَنَا أَحْمَدُ بْنُ إِسْحَاقَ السُّورَمَارِيُّ، قَالَ: حَدَّثَنَا عُبَيْدُ اللَّهِ بْنُ مُوسَى، قَالَ: حَدَّثَنَا إِسْرَائِيلُ، عَنْ أَبِي إِسْحَاقَ، عَنْ عَمْرِو بْنِ مَيْمُونٍ، عَنْ عَبْدِ اللَّهِ، قَالَ : بَيْنَمَا رَسُولُ اللَّهِ ﷺ قَائِمٌ يُصَلِّي عِنْدَ الكَعْبَةِ وَجَمْعُ قُرَيْشٍ فِي مَجَالِسِهِمْ، إِذْ قَالَ قَائِلٌ مِنْهُمْ: أَلاَ تَنْظُرُونَ إِلَى هَذَا المُرَائِي أَيُّكُمْ يَقُومُ إِلَى جَزُورِ آلِ فُلاَنٍ، فَيَعْمِدُ إِلَى فَرْثِهَا وَدَمِهَا وَسَلاَهَا، فَيَجِيءُ بِهِ، ثُمَّ يُمْهِلُهُ حَتَّى إِذَا سَجَدَ وَضَعَهُ بَيْنَ كَتِفَيْهِ، فَانْبَعَثَ أَشْقَاهُمْ، فَلَمَّا سَجَدَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ وَضَعَهُ بَيْنَ كَتِفَيْهِ؟ وَثَبَتَ النَّبِيُّ ﷺ سَاجِدًا، فَضَحِكُوا حَتَّى مَالَ بَعْضُهُمْ إِلَى بَعْضٍ مِنَ الضَّحِكِ، فَانْطَلَقَ مُنْطَلِقٌ إِلَى فَاطِمَةَ عَلَيْهَا السَّلاَمُ - وَهِيَ جُوَيْرِيَةٌ -، فَأَقْبَلَتْ تَسْعَى وَثَبَتَ النَّبِيُّ ﷺ سَاجِدًا حَتَّى أَلْقَتْهُ عَنْهُ، وَأَقْبَلَتْ عَلَيْهِمْ تَسُبُّهُمْ، فَلَمَّا قَضَى رَسُولُ اللَّهِ ﷺ الصَّلاَةَ، قَالَ: اللَّهُمَّ عَلَيْكَ بِقُرَيْشٍ، اللَّهُمَّ عَلَيْكَ بِقُرَيْشٍ، اللَّهُمَّ عَلَيْكَ بِقُرَيْشٍ، ثُمَّ سَمَّى: اللَّهُمَّ عَلَيْكَ بِعَمْرِو بْنِ هِشَامٍ، وَعُتْبَةَ بْنِ رَبِيعَةَ، وَشَيْبَةَ بْنِ رَبِيعَةَ، وَالوَلِيدِ بْنِ عُتْبَةَ، وَأُمَيَّةَ بْنِ خَلَفٍ، وَعُقْبَةَ بْنِ أَبِي مُعَيْطٍ وَعُمَارَةَ بْنِ الوَلِيدِ قَالَ عَبْدُ اللَّهِ: فَوَاللَّهِ لَقَدْ رَأَيْتُهُمْ صَرْعَى يَوْمَ بَدْرٍ، ثُمَّ سُحِبُوا إِلَى القَلِيبِ، قَلِيبِ بَدْرٍ، ثُمَّ قَالَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ وَأُتْبِعَ أَصْحَابُ القَلِيبِ لَعْنَةً.

Salgylanma:

• Ryýa il görsün üçin ybadat etmek

521

1-nji bap

521

1-nji bap

Ibn Şihabdan habar berilmegine görä, bir gün Omar ibn Abdul-Aziz namazyny (bir sebäp bilen) gijikdirip okan wagty, onuň ýanyna ‘Urwa ibn Az-Zubeýr gelip şeýle diýdi: “Bir gün Al-Mugyra ibn Şu’ba Yrakda wagty namazyny gijräk okady . Ebu Mes’ud El-Ensary onuň ýanyna gelip: “Eý, Mugyra, bu näme etdigiň boldy?! Sen näme bilmeýärdiňmi?! Jebraýyl aleýhissalam Ýere inip, namaz okady, yzyndan Resulullah sallallahu aleýhi wesellem hem namaz okady. Soň (ýene) ol namaz okady, yzyndan Resulullah sallallahu aleýhi wesellem namaz okady. Soň (ýene) ol namaz okady, yzyndan Resulullah sallallahu aleýhi wesellem hem namaz okady. Soň (ýene) ol namaz okady, yzyndan Resulullah sallallahu aleýhi wesellem hem namaz okady. Soň (ýene) ol namaz okady, yzyndan Resulullah sallallahu aleýhi wesellem hem namaz okady. Soňra Jebraýyl “Men şuňa emr edildim” diýdi. Omar ibn Abdul-Aziz, ‘Urwa ýüzlenip: “Sen näme diýýäniňi bir bilýäňmi? Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme namazyň wagtlaryny belli edip, kesgitlän Jebraýyl aleýhissalamy näme?!” diýdi. ‘Urwa oňa “Bize muny Beşir ibn Ebu Mes’ud öz kakasyndan eşidendigini gürrüň bererdi” diýdi.

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ مَسْلَمَةَ، قَالَ: قَرَأْتُ عَلَى مَالِكٍ، عَنِ ابْنِ شِهَابٍ أَنَّ عُمَرَ بْنَ عَبْدِ العَزِيزِ أَخَّرَ الصَّلاَةَ يَوْمًا فَدَخَلَ عَلَيْهِ عُرْوَةُ بْنُ الزُّبَيْرِ، فَأَخْبَرَهُ أَنَّ المُغِيرَةَ بْنَ شُعْبَةَ أَخَّرَ الصَّلاَةَ يَوْمًا وَهُوَ بِالعِرَاقِ، فَدَخَلَ عَلَيْهِ أَبُو مَسْعُودٍ الأَنْصَارِيُّ، فَقَالَ: مَا هَذَا يَا مُغِيرَةُ أَلَيْسَ قَدْ عَلِمْتَ أَنَّ جِبْرِيلَ ﷺ نَزَلَ فَصَلَّى، فَصَلَّى رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، ثُمَّ صَلَّى، فَصَلَّى رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، ثُمَّ صَلَّى، فَصَلَّى رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، ثُمَّ صَلَّى، فَصَلَّى رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، ثُمَّ صَلَّى، فَصَلَّى رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، ثُمَّ قَالَ: «بِهَذَا أُمِرْتُ»، فَقَالَ عُمَرُ لِعُرْوَةَ: اعْلَمْ مَا تُحَدِّثُ، أَوَأَنَّ جِبْرِيلَ هُوَ أَقَامَ لِرَسُولِ اللَّهِ ﷺ وَقْتَ الصَّلاَةِ؟ قَالَ عُرْوَةُ: كَذَلِكَ كَانَ بَشِيرُ بْنُ أَبِي مَسْعُودٍ يُحَدِّثُ عَنْ أَبِيهِ.

Salgylanma:

“• Azan aýdylan badyna okaman, biraz gijräk okapdyr. • Ertir namazyny • Öýle namazyny • Ikindi namazyny • Ägşam namazyny • Ýassy namazyny • Allah Tagala Jebraýyl aleýhissalama nähili namaz okamalydygyny we nä wagtlar okamalydygyny emr etdi. ”

522

1-nji bap

522

1-nji bap

‘Urwa şeýle diýipdir: (Daýzam) Aişa, maňa şeýle gürrüň berdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Ikindi namazyny otagyna Günüň şöhlesi düşüp duran wagty we heniz (kölege düşmänkä) okardy”.

قَالَ عُرْوَةُ: وَلَقَدْ حَدَّثَتْنِي عَائِشَةُ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ كَانَ يُصَلِّي العَصْرَ، وَالشَّمْسُ فِي حُجْرَتِهَا قَبْلَ أَنْ تَظْهَرَ.

523

2-nji bap

523

2-nji bap

Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Abdulkaýs (taýpasynyň) wekiliýetinden (bir topar adam) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna geldiler. Olar (Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme): “Biz Rabi’a (taýpasynyň) sebitinden gelýäris. Biz seniň ýanyňa Haram aýyndan başga wagtlar gelip bilmeýäris. Şonuň üçin hem bize bir zady emr et, biz ony Senden kabul edip alaly we yzymyzda galan adamlary hem ony etmäge çagyraly!” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara “Men size dört zady emr edýärin we dört zady hem gadagan edýärin. (Emr edýän zatlarymyň birinjisi) Allaha iman etmek” diýip, soňra iman etmekligi olara şeýle düşündirdi: “Allahdan başga hiç bir hudaýyň ýoklugyna, Muhammediň hem Allahyň Ilçisidigine şaýatlyk etmek, namazy berjaý etmek, zekat bermek we oljadan (düşen zatlaryň) bäşden birini Maňa (beýtul mala ) bermekdir” diýdi. Şeýle hem “Dubba , hantam , mukaýýar we nakyr (gaplaryny ulanmagy) gadagan edýärin” diýdi.

حَدَّثَنَا قُتَيْبَةُ بْنُ سَعِيدٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا عَبَّادٌ هُوَ ابْنُ عَبَّادٍ، عَنْ أَبِي جَمْرَةَ، عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ، قَالَ: قَدِمَ وَفْدُ عَبْدِ القَيْسِ عَلَى رَسُولِ اللَّهِ ﷺ، فَقَالُوا: إِنَّا مِنْ هَذَا الحَيِّ مِنْ رَبِيعَةَ وَلَسْنَا نَصِلُ إِلَيْكَ إِلَّا فِي الشَّهْرِ الحَرَامِ، فَمُرْنَا بِشَيْءٍ نَأْخُذْهُ عَنْكَ وَنَدْعُو إِلَيْهِ مَنْ وَرَاءَنَا، فَقَالَ: آمُرُكُمْ بِأَرْبَعٍ وَأَنْهَاكُمْ عَنْ أَرْبَعٍ الإِيمَانِ بِاللَّهِ، ثُمَّ فَسَّرَهَا لَهُمْ: شَهَادَةُ أَنْ لاَ إِلَهَ إِلَّا اللَّهُ وَأَنِّي رَسُولُ اللَّهِ، وَإِقَامُ الصَّلاَةِ، وَإِيتَاءُ الزَّكَاةِ، وَأَنْ تُؤَدُّوا إِلَيَّ خُمُسَ مَا غَنِمْتُمْ، وَأَنْهَى عَنْ: الدُّبَّاءِ وَالحَنْتَمِ وَالمُقَيَّرِ وَالنَّقِيرِ.

Salgylanma:

“• Haram aýy – dört aýdan ybarat • Yslamyň gaznasyna • Dubba – Arak üçin guradylan kädiden gap. • Hantam – arak saklanýan küze • Mukaýýar we nakyr – arak saklanýan gaplar ”

524

3-nji bap

524

3-nji bap

Jerir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme namaz okajakdygyma, zekat berjekdigime we her bir musulmana nesihat etjekdigime beýgat etdim”.

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ المُثَنَّى، قَالَ: حَدَّثَنَا يَحْيَى، قَالَ: حَدَّثَنَا إِسْمَاعِيلُ، قَالَ: حَدَّثَنَا قَيْسٌ، عَنْ جَرِيرِ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ، قَالَ: بَايَعْتُ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ عَلَى إِقَامِ الصَّلاَةِ، وَإِيتَاءِ الزَّكَاةِ، وَالنُّصْحِ لِكُلِّ مُسْلِمٍ.