. Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Siziň biriňiz Gün ýaşmazdan öň (iň bolmanda), ikindi namazynyň bir sejdesini (ýagny bir rekagatyny) okap ýetişse, galan namazyny hem okasyn. Eger-de, Gün dogmazdan öň, ertir namazynyň bir sejdesini (ýagny bir rekagatyny) okap ýetişse, onda namazynyň (galanyny) hem okap tamamlasyn”.
". Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýendigini eşidipdir: “Hakykatdan hem sizden öňki geçen ymmatlaryňky bilen deňeşdireniňde, siziň dünýäde galmaly wagtyňyzyň uzaklygy ikindi namazyndan Gün ýaşýança geçen wagtyň uzaklygy ýalydyr.
(Wagtynda) Töwrat ähline (ýagny Töwrat inen halka) Töwrat berildi. Olar günortana çenli şonuň görkezmeleri bilen amal edip, soňra ejizlediler. Olara günlük bir kyratdan (sylag) berildi. Soňra Injil ähline Injil berildi. Olar ikindi namazyna çenli şonuň görkezmeleri bilen amal edip, soňra olar hem ejizlediler. Olara-da günlük bir kiratdan (sylag) berildi. Soňra bize Kuran berildi. Biz (onuň bilen) Gün ýaşýança amal etdik. Bize (günlük sylag hökmünde) iki kyratdan berildi. Soňra iki Kitap ähli (Allaha ýüzlenip): “Eý Robbumyz! Biz bulardan has köp (amal edip) işlänem bolsak, bulara iki kyratdan, bize-de bir kyratdan berdiň!” diýerler. Gudraty güýçli we Beýik Allah olardan “Siziň hakyňyzdan bir zat kemäp, size zulum etdimi?” diýip sorar. Olar “Ýok” diýip jogap bererler. Şonda Allah Tagala olara: “Ine, şol Meniň fazly-keremimdir. Ony bolsa Men islänime eçilerin!” diýer.
"
“• Ýagny geçen ähli ymmatlaryň ýaşaýşyny bir gün diýip hasap etsek, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň (bütin) ymmatynyň ýaşaýyş dowamlylygy Ikindi bilen agşamyň arasyndaky wagta barabardyr.
• Ýagny Töwrat we Injil inen halklar (ýehudylar we hristiýanlar)
"Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Musulmanlar bilen deňeşdireniňde ýewreýleriň we hristianlaryň mysaly, (irdenden) agşama çenli (işlemek üçin) bir topar adamlary hakyna tutan adamyň mysaly ýalydyr. Hakyna tutulan işgärler günortana çenli işlänlerinden soňra: “Seniň bize berjek hakyň gerek däl” diýip (haklaryny alman turup giderler). Soňra ol adam başga adamlary hakyna tutar we olara “Şu günüň soňuna çenli doly işläň, (men olara) söz beren iş hakymyň baryny size bereýin” diýer. (Bu adamlar hem işläp başlarlar) ikindi namazynyň wagty gelende (olar hem işden ýüz öwrüp): “Işlän işimiziň haky seniňki bolsun” diýip, (işi taşlap haklaryny alman giderler).
Soňra ol adam ýene-de başga adamlary hakyna tutar. Olar (şol wagtdan başlap) tä Gün ýaşýança, galan günlerini işläp bererler. Bular öňki giden iki topar (işgärleriň hem) almaly haklaryny goşup, dolulygyna alarlar”.
Rafi’ ibn Hadij (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen agşam namazyny okap çykanymyzdan soň, biziň her birimiz öz (ýaýy bilen atan) peýkamynyň düşen ýerini görüp bilerdik”.
. Jäbir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem adatça öýle namazyny günortadan soňra, gündiziň yssysynda okardy. Ikindi namazyny heniz Gün ýagty saçyp durka, agşam namazyny Gün ýaşandan soň, ýassy namazyny bolsa, käte ir, käte-de giç okardy. Eger Ol jemagatyň mesjide ýygnanandygyny görse, ir okardy, eger-de gijä galýandyklaryny görse, onda gijräk okardy. Ertir namazy babatda aýdylanda bolsa, olar (ýa-da Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) ony garaňkylykda okardy”.
". Selemeden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz adatça Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen agşam namazyny Gün (gözýetimiň) aňrysyna (geçip) gizlenen wagty okardyk”.
"
Abdulla ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namazlary goşup (bir wagtda), ýedi rekagat we sekiz rekagat edip okapdyr” .
"Abdulla ibn El-Muzaniden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Hiç bir ýagdaýda siz agşam namazynyň ady babatda bedewilere eýermäň”
“Bedewiler agşama ýassy diýýärler” diýipdir.
"
Abdulla ibn Omardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem biziň bilen adamlaryň “atama” diýýän namazyny, ýagny ýassy (‘yşa) namazyny okady. Ol namaz okap bolandan soň, bize tarap öwrülip: “Şu gijäňizi görýäňizmi? Bu gijeden ýüz ýyl geçenden soň, Ýeriň ýüzünde häzirki (ýaşap ýören) adamlardan hiç kim diri galmaz” diýdi.
Hasan ibn Alynyň ogly Muhammed ibn ‘Amr şeýle diýipdir: “Biz Jäbir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namazlary hakynda soradyk. Ol bize şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem adatça öýle namazyny günortadan soňra, gündiziň yssysynda okardy. Ikindi namazyny Günüň heniz diri (ýagny howry öçmänkä) okardy. Agşamy Gün ýaşanda, ýassy namazyny bolsa, eger adamlar (mesjitde) irräk jemlense, ir okardy. Adamlaryň sany az bolup (gijräk jemlense), onda gijräk okardy. Ertir namazyny bolsa garaňkylykda okardy”.