Awn ibn Ebu Juheýfeden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men kakamyň şeýle diýenini eşitdim: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olar bilen Bathada, öňünde (sütre hökmünde) bir tarapy uçly taýagy dikip, öýle namazyny iki rekagat we ikindi namazyny hem iki rekagat edip okapdyr. (Namaz okap durka), Onuň öňünden aýalam, eşegem geçer eken”.
Sähl ibn Sa’ddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň namaz okan ýeri bilen (öňündäki) diwaryň aralygy, bir goýun geçip biljek aralygyndady”.
Seleme ibn (Akwa’dan) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň) mesjidiniň diwary bilen münberiniň aralygy bir goýnuň zordan geçip biläýjek aralygyndady”.
Abdulla ibn Omardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä ol şeýle diýipdir “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (namaz okan wagty, sütre hökmünde) onuň öňüne hirbe dikilerdi. Ol hem şoňa tarap (bakyp) namaz okardy”.
Awn ibn Ebu Juheýfeden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men kakamyň şeýle gürrüň berenini eşitdim: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (öýläniň) gaty yssy wagty, biziň ýanymyza geldi. Oňa täret alar ýaly suw getirdiler. Ol täret aldy. Soňra Ol biziň bilen öýle we ikindi namazlaryny (bir wagtda) okady. Öňünde-de sütre hökmünde ‘anaza bardy. (Namaz okap durka), onuň, (ýagny süträniň) öňünden aýalam, eşegem geçerdi”.
‘Ata ibn Ebu Meýmunadan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir. “Men Enes ibn Mäligiň şeýle diýenini eşitdim: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hajatyny bitirmek üçin daş çykan wagty, men bir oglan bilen bilelikde ýanymyza bir ‘ukaza (ýa bolmasa, hasa ýa-da ‘anaza ) we ýene-de bir gapda suw alyp Onuň yzyndan barardyk. Haçan-da, hajatyny bitirip bolandan soň, biz Oňa suwly gaby bererdik”.
Ebu Juheýfeden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Bathada (öýläniň) gaty yssy wagty (daşaryk çykyp) täret aldy we öňünde bir tarapy uçly taýagy (‘anzany sütre hökmünde) dikip, öýle we ikindi namazlaryny (bir wagtda) iki rekagatdan okady. Adamlar onuň täret suwundan galan suwy (teberrik hökmünde) üstlerine sürtüp başladylar”.
Ýezid ibn Ebu ‘Ubeýd şeýle diýipdir: “Men (bir gün) Seleme ibn Ekwa’ bilen gelýärdim. Ol, adatça, (mesjidiň) Kuran goýulýan sütüniniň ýanynda namaz okardy. (Bir gün) men ondan “Eý, Ebu Muslim, men seniň hemişe şu sütüniň ýanynda namaz okajak bolup synanyşýandygyňy görýärin?” diýdim. Ol şonda maňa “Çünki men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň hem hemişe (şu sütüniň) ýanynda namaz okajak bolşuny görerdim” diýdi.
"Enes ibn Mälik şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň uly (ýaşuly) sahabalarynyň, agşam namazynyň wagty girenden, olaryň sütünlere biri-birlerinden öň barjak bolup howlugandyklaryny görüpdim”.
Şu’banyň aýdan rowaýatynda yzyndan: “...tä Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namaza çykýança” diýen sözüni goşup getirýär.
"
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Usama ibn Zeýd we Osman ibn Talha we Bilal bilen bilelikde Käbäniň içine girdiler. Ol ýerde uzak wagtlap galandan soň, (daşaryk) çykdy. Onuň yzyndan (ylgap) ilkinji içeri giren adam men boldum. Men Bilaldan “Ol nirede namaz okady?” diýip soradym. Ol “Öňdäki iki sütüniň arasynda” diýip jogap berdi.