505

96-nji bap

505

96-nji bap

"Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem, Usama ibn Zeýd, Bilal we Osman ibn Talha El-Hajabiý bilen bilelikde Käbäniň içine girdiler. Soňra (Osman) gapyny ýapdy we bir salym ol ýerde galdylar. Bilal (daşaryk) çykansoň, men ondan “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (ol ýerde) näme işledi?” diýip soradym. Ol şeýle diýdi: “Ol bir sütüni çep tarapyna, ýene bir sütüni sag tarapyna, üçüsini bolsa arkasyna alyp, namaz okady” diýdi. Şol wagtlar Käbäniň alty sany sütüni bardy. Başga bir rowaýatda “...sag tarapyna iki sütüni (geçirip)...” diýip gelýär. "

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، قَالَ: أَخْبَرَنَا مَالِكٌ، عَنْ نَافِعٍ، عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ عُمَرَ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ دَخَلَ الكَعْبَةَ وَأُسَامَةُ بْنُ زَيْدٍ، وَبِلاَلٌ، وَعُثْمَانُ بْنُ طَلْحَةَ الحَجَبِيُّ فَأَغْلَقَهَا عَلَيْهِ، وَمَكَثَ فِيهَا، فَسَأَلْتُ بِلاَلًا حِينَ خَرَجَ: مَا صَنَعَ النَّبِيُّ ﷺ، قَالَ: جَعَلَ عَمُودًا عَنْ يَسَارِهِ، وَعَمُودًا عَنْ يَمِينِهِ، وَثَلاَثَةَ أَعْمِدَةٍ وَرَاءَهُ، وَكَانَ البَيْتُ يَوْمَئِذٍ عَلَى سِتَّةِ أَعْمِدَةٍ، ثُمَّ صَلَّى .وَقَالَ لَنَا إِسْمَاعِيلُ، حَدَّثَنِي مَالِكٌ، وَقَالَ: عَمُودَيْنِ عَنْ يَمِينِهِ.

506

97-nji bap

506

97-nji bap

"Nafi’dan rowaýat edilmegini görä, ol şeýle diýipdir: “Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) Käbäniň içine giren wagty, göni öňe tarap ýöräp, (Käbäniň) gapysyny arka tarapyna geçirerdi. Öňündäki diwar bilen öz durjak ýeriniň aralygy, takmynan, üç gez galýança öňe tarap ýörärdi. Ol, Bilalyň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namaz okan ýeri diýip gürrüň beren ýerinde okajak bolardy. (Ibn Omar) “Käbäniň içinde islendik tarapa seredip namaz okalsa-da, zyýany ýokdur” diýdi. "

حَدَّثَنَا إِبْرَاهِيمُ بْنُ المُنْذِرِ، قَالَ: حَدَّثَنَا أَبُو ضَمْرَةَ، قَالَ: حَدَّثَنَا مُوسَى بْنُ عُقْبَةَ، عَنْ نَافِعٍ، أَنَّ عَبْدَ اللَّهِ بْنَ عُمَرَ، كَانَ إِذَا دَخَلَ الكَعْبَةَ مَشَى قِبَلَ وَجْهِهِ حِينَ يَدْخُلُ، وَجَعَلَ البَابَ قِبَلَ ظَهْرِهِ، فَمَشَى حَتَّى يَكُونَ بَيْنَهُ وَبَيْنَ الجِدَارِ الَّذِي قِبَلَ وَجْهِهِ قَرِيبًا مِنْ ثَلاَثَةِ أَذْرُعٍ، صَلَّى يَتَوَخَّى المَكَانَ الَّذِي أَخْبَرَهُ بِهِ بِلاَلٌ، أَنَّ النَّبِيَّ ﷺ صَلَّى فِيهِ. قَالَ: وَلَيْسَ عَلَى أَحَدِنَا بَأْسٌ إِنْ صَلَّى فِي أَيِّ نَوَاحِي البَيْتِ شَاءَ.

507

98-nji bap

507

98-nji bap

"Nafi’dan rowaýat edilmegini görä, Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) şeýle habar beripdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem, köplenç, (sütre hökmünde) münýän düýesini keseligine goýup, oňa tarap bakyp namaz okar eken”. Nafi’ “(Men Ibn Omardan): “Eger-de düýe (ýerinde durman), hereket etse näme?” diýip soradym. Ol “(Şeýle ýagdaýda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem düýesiniň) eýerini öňünde goýup, onuň yzky tarapyna bakyp namaz okardy” diýdi. Ibni Omar (Allah olardan razy bolsun) hem edil şeýle ederdi”. "

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ أَبِي بَكْرٍ المُقَدَّمِيُّ، حَدَّثَنَا مُعْتَمِرٌ، عَنْ عُبَيْدِ اللَّهِ بْنِ عُمَرَ، عَنْ نَافِعٍ، عَنِ ابْنِ عُمَرَ، عَنِ النَّبِيِّ ﷺ أَنَّهُ كَانَ يُعَرِّضُ رَاحِلَتَهُ، فَيُصَلِّي إِلَيْهَا، قُلْتُ: أَفَرَأَيْتَ إِذَا هَبَّتِ الرِّكَابُ؟ قَالَ: كَانَ يَأْخُذُ هَذَا الرَّحْلَ فَيُعَدِّلُهُ، فَيُصَلِّي إِلَى آخِرَتِهِ - أَوْ قَالَ مُؤَخَّرِهِ -وَكَانَ ابْنُ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ يَفْعَلُهُ.

508

99-nji bap

508

99-nji bap

Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegini görä, ol (bir gün) şeýle diýipdir: “Siz, hakykatdanam, bizi itler we eşekler bilen deň tutýarsyňyzmy?! Men krowadyň üstünde uzanyp ýatyrkam, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň gelip, ýüzüni edil krowadyň ortasyna tarap öwrüp, namaza durandygyny görüpdim. Meniň özümem onuň (kyblasynyň) öňünde ýatmagy islemeýärdim. Şonuň üçin hem krowadyň iki aýagyna tarap süýşüp, ýuwaşlyk bilen ýorganyň aşagyndan çykardym”.

حَدَّثَنَا عُثْمَانُ بْنُ أَبِي شَيْبَةَ، قَالَ: حَدَّثَنَا جَرِيرٌ، عَنْ مَنْصُورٍ، عَنْ إِبْرَاهِيمَ، عَنِ الأَسْوَدِ، عَنْ عَائِشَةَ، قَالَتْ: أَعَدَلْتُمُونَا بِالكَلْبِ وَالحِمَارِ لَقَدْ رَأَيْتُنِي مُضْطَجِعَةً عَلَى السَّرِيرِ، فَيَجِيءُ النَّبِيُّ ﷺ، فَيَتَوَسَّطُ السَّرِيرَ، فَيُصَلِّي، فَأَكْرَهُ أَنْ أُسَنِّحَهُ، فَأَنْسَلُّ مِنْ قِبَلِ رِجْلَيِ السَّرِيرِ حَتَّى أَنْسَلَّ مِنْ لِحَافِي.

Salgylanma:

“• Aişa enemiz (Allah ondan razy bolsun) muny namaz okaýan adamyň öňünden it, eşek we aýal geçse, namazy bozular, diýen hadysy eşidende aýdypdyr. Bu hakda öňümizdäki bäş bapdan soň hem aýdylyp geçiler. • Ýagny şol wagt olaryň agaçdan ýasalan ýatmak üçin krowatlary bar eken ”

509

100-nji bap

509

100-nji bap

Ebu Salyh As-Samman şeýle diýdi: “Men (bir gezek) Ebu Sa’yd El-Hudrynyň (Allah ondan razy bolsun) juma güni, adamlar (onuň öňünden geçmez ýaly), bir zady öňünde sütre hökmünde goýup, namaz okap durşuny gördüm. Şonda Benu Ebu Mu’aýt taýpasyndan bir ýaş ýigit onuň öňünden geçjek boldy, ýöne Ebu Sa’yd onuň döşünden itekläp goýberdi. Ýigit töweregine göz aýlady, ýöne başga geçer ýaly ýer görmänden soň, ol ýene-de onuň öňünden geçmäge synanyşdy, ýöne Ebu Sa’yd ony öňküden hem beter itekläp goýberdi. Soňra ol ýigit (gaharlanyp), Ebu Sa’yda sögüp çykyp gitdi. (Medinäniň häkimi) Merwanyň ýanyna baryp, Ebu Sa’ydyň eden işini gürrüň berip, onuň üstünden şikaýat etdi. Onuň yz ýanyndan Merwanyň ýanyna Ebu Sa’yd geldi. Merwan ondan “Eý Ebu Sa’yd, bu doganyň ogly bilen araňyzda näme boldy?” diýip sorady. Ol “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim: “Sizden haýsydyr biriňiz, adamlar (öňünden geçmez ýaly), bir zady öňünde sütre goýup, namaz okap başlandan soň, kimdir biri onuň öňünden geçjek bolsa, (namaz okaýan adam) ony gaýtarsyn (geçirmesin). Eger boýun egmese, oňa garşy göreşsin, sebäbi ol şeýtandyr! ” diýdi.

حَدَّثَنَا أَبُو مَعْمَرٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا عَبْدُ الوَارِثِ، قَالَ: حَدَّثَنَا يُونُسُ، عَنْ حُمَيْدِ بْنِ هِلاَلٍ، عَنْ أَبِي صَالِحٍ، أَنَّ أَبَا سَعِيدٍ، قَالَ: قَالَ النَّبِيُّ ﷺ، ح وَحَدَّثَنَا آدَمُ بْنُ أَبِي إِيَاسٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا سُلَيْمَانُ بْنُ المُغِيرَةِ، قَالَ: حَدَّثَنَا حُمَيْدُ بْنُ هِلاَلٍ العَدَوِيُّ، قَالَ: حَدَّثَنَا أَبُو صَالِحٍ السَّمَّانُ، قَالَ: رَأَيْتُ أَبَا سَعِيدٍ الخُدْرِيَّ فِي يَوْمِ جُمُعَةٍ يُصَلِّي إِلَى شَيْءٍ يَسْتُرُهُ مِنَ النَّاسِ، فَأَرَادَ شَابٌّ مِنْ بَنِي أَبِي مُعَيْطٍ أَنْ يَجْتَازَ بَيْنَ يَدَيْهِ، فَدَفَعَ أَبُو سَعِيدٍ فِي صَدْرِهِ، فَنَظَرَ الشَّابُّ فَلَمْ يَجِدْ مَسَاغًا إِلَّا بَيْنَ يَدَيْهِ، فَعَادَ لِيَجْتَازَ، فَدَفَعَهُ أَبُو سَعِيدٍ أَشَدَّ مِنَ الأُولَى، فَنَالَ مِنْ أَبِي سَعِيدٍ، ثُمَّ دَخَلَ عَلَى مَرْوَانَ، فَشَكَا إِلَيْهِ مَا لَقِيَ مِنْ أَبِي سَعِيدٍ، وَدَخَلَ أَبُو سَعِيدٍ خَلْفَهُ عَلَى مَرْوَانَ، فَقَالَ: مَا لَكَ وَلِابْنِ أَخِيكَ يَا أَبَا سَعِيدٍ؟ قَالَ: سَمِعْتُ النَّبِيَّ ﷺ يَقُولُ: إِذَا صَلَّى أَحَدُكُمْ إِلَى شَيْءٍ يَسْتُرُهُ مِنَ النَّاسِ فَأَرَادَ أَحَدٌ أَنْ يَجْتَازَ بَيْنَ يَدَيْهِ، فَلْيَدْفَعْهُ فَإِنْ أَبَى فَلْيُقَاتِلْهُ فَإِنَّمَا هُوَ شَيْطَانٌ.

Salgylanma:

• Ol adamyň edip oturan işi şeýtanyň adamyň namazyndan ünsüni sowmak üçin edýän işi ýalydyr.

510

101-nji bap

510

101-nji bap

"Busr ibn Sa’yddan rowaýat edilmegini görä, ol şeýle diýipdir: “Zeýd ibn Halid ony Ebul-Juheýmiň ýanyna Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden namaz okaýan adamyň öňünden geçen adam hakda, nämeler eşidendigini sorap, ony bilmek üçin onuň ýanyna ugratdy. Ebul-Juheým (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle aýtdy diýipdir: “Namaz okap duran adamyň öňünden geçen adam özüne nähili (günäniň) boljagyny bir bilse-di, (kyrk wagtlap?) onuň öňünden geçmän durmaklygyň, onuň üçin has haýyrly boljakdygyny bilerdi”. Hadysy rowaýat edenleriň biri Ebu An-Nadr şeýle diýdi: “(Kyrk wagtlap” diýdigi) “Kyrk gün ýa kyrk aý, ýa-da kyrk ýyl diýdimi, (anyk) bilmedim” diýipdir”. "

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، قَالَ: أَخْبَرَنَا مَالِكٌ، عَنْ أَبِي النَّضْرِ مَوْلَى عُمَرَ بْنِ عُبَيْدِ اللَّهِ، عَنْ بُسْرِ بْنِ سَعِيدٍ، أَنَّ زَيْدَ بْنَ خَالِدٍ، أَرْسَلَهُ إِلَى أَبِي جُهَيْمٍ يَسْأَلُهُ: مَاذَا سَمِعَ مِنْ رَسُولِ اللَّهِ ﷺ فِي المَارِّ بَيْنَ يَدَيِ المُصَلِّي؟ فَقَالَ أَبُو جُهَيْمٍ: قَالَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ لَوْ يَعْلَمُ المَارُّ بَيْنَ يَدَيِ المُصَلِّي مَاذَا عَلَيْهِ، لَكَانَ أَنْ يَقِفَ أَرْبَعِينَ خَيْرًا لَهُ مِنْ أَنْ يَمُرَّ بَيْنَ يَدَيْهِ، قَالَ أَبُو النَّضْرِ: لاَ أَدْرِي، أَقَالَ أَرْبَعِينَ يَوْمًا، أَوْ شَهْرًا، أَوْ سَنَةً.

511

102-nji bap

511

102-nji bap

Habar berilmegine görä, Aişanyň (Allah ondan razy bolsun) ýanynda namazy kesýän zatlaryň gürrüňi edildi, olar “...it, eşek we aýal namazy keser, (ýagny namazy bozar)” diýdiler. Şonda Aişa (Allah ondan razy bolsun) “Siz biz (aýallary) itler bilen deňeşdirdiňizmi?! diýdi. “Men krowadyň üstünde Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň özi bilen Kyblasynyň arasynda keseligine süýnüp ýatyrkam, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namaz okap durandygyny görüpdim. Eger-de bir zerurlyk ýüze çykan wagty, Onuň öňünde bolmaklygy halamazdym, ýuwaşlyk bilen (ýorganyň aşagyndan) çykyp giderdim” diýdi.

حَدَّثَنَا إِسْمَاعِيلُ بْنُ خَلِيلٍ، حَدَّثَنَا عَلِيُّ بْنُ مُسْهِرٍ، عَنِ الأَعْمَشِ، عَنْ مُسْلِمٍ يَعْنِي ابْنَ صُبَيْحٍ، عَنْ مَسْرُوقٍ، عَنْ عَائِشَةَ، أَنَّهُ ذُكِرَ عِنْدَهَا مَا يَقْطَعُ الصَّلاَةَ، فَقَالُوا: يَقْطَعُهَا الكَلْبُ وَالحِمَارُ وَالمَرْأَةُ، قَالَتْ: لَقَدْ جَعَلْتُمُونَا كِلاَبًا، لَقَدْ رَأَيْتُ النَّبِيَّ ﷺ يُصَلِّي، وَإِنِّي لَبَيْنَهُ وَبَيْنَ القِبْلَةِ، وَأَنَا مُضْطَجِعَةٌ عَلَى السَّرِيرِ، فَتَكُونُ لِي الحَاجَةُ، فَأَكْرَهُ أَنْ أَسْتَقْبِلَهُ، فَأَنْسَلُّ انْسِلاَلًا . وَعَنِ الأَعْمَشِ، عَنْ إِبْرَاهِيمَ، عَنِ الأَسْوَدِ، عَنْ عَائِشَةَ نَحْوَهُ.

512

103-nji bap

512

103-nji bap

Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegini görä, ol şeýle diýipdir: “Men Onuň düşeginde keseligine süýnüp ýatyrkam-da, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (maňa tarap seredip), namaz okardy. Haçanda, Ol witr namazyny okajak bolanda, meni hem oýarardy we men hem turup, witr namazyny okardym”.

حَدَّثَنَا مُسَدَّدٌ، قَالَ: حَدَّثَنَا يَحْيَى، قَالَ: حَدَّثَنَا هِشَامٌ، قَالَ: حَدَّثَنِي أَبِي، عَنْ عَائِشَةَ، قَالَتْ: كَانَ النَّبِيُّ ﷺ يُصَلِّي وَأَنَا رَاقِدَةٌ مُعْتَرِضَةٌ عَلَى فِرَاشِهِ، فَإِذَا أَرَادَ أَنْ يُوتِرَ أَيْقَظَنِي فَأَوْتَرْتُ.

513

104-nji bap

513

104-nji bap

Habar berilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öňünde aýaklarymy Onuň Kyblasyna tarap, (ýagny sejde etjek ýerine tarap) uzadyp ýatardym. Sejde etjek wagty, (eli bilen) meni dürterdi, menem aýaklarymy ýygnardym. Dik turandan soň bolsa men ýene-de aýaklarymy uzadardym”. (Aişa) “Şol wagtlar öýlerde çyra ýokdy” diýdi.

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، قَالَ: أَخْبَرَنَا مَالِكٌ، عَنْ أَبِي النَّضْرِ مَوْلَى عُمَرَ بْنِ عُبَيْدِ اللَّهِ، عَنْ أَبِي سَلَمَةَ بْنِ عَبْدِ الرَّحْمَنِ، عَنْ عَائِشَةَ زَوْجِ النَّبِيِّ ﷺ، أَنَّهَا قَالَتْ: كُنْتُ أَنَامُ بَيْنَ يَدَيْ رَسُولِ اللَّهِ ﷺ وَرِجْلاَيَ فِي قِبْلَتِهِ، فَإِذَا سَجَدَ غَمَزَنِي، فَقَبَضْتُ رِجْلَيَّ، فَإِذَا قَامَ بَسَطْتُهُمَا، قَالَتْ : وَالبُيُوتُ يَوْمَئِذٍ لَيْسَ فِيهَا مَصَابِيحُ.

514

105-nji bap

514

105-nji bap

Habar berilmegine görä, (bir gün) Aişanyň (Allah ondan razy bolsun) ýanynda “Namaz (okaýan adamyň öňünden) it, eşek we aýal (geçse), namazyny keser, (ýagny namazy bozar)” diýdiler. Şonda Aişa (Allah ondan razy bolsun) “Siz biz (aýallary) eşeklere we itlere deňeýärsiňizmi?!” diýdi. “Allahdan ant içýärin, men krowadyň üstünde, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öňünde, ýagny özi bilen Kyblasynyň arasynda süýnüp ýatyrkam, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namaz okap durandygyny görüpdim. Haçan-da, bir zerurlyk ýüze çykan wagty, Onuň öňünde oturyp, Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme zyýan bermejek bolup, ýuwaşlyk bilen aýaklarynyň ýanyndan çykar giderdim” diýdi.

حَدَّثَنَا عُمَرُ بْنُ حَفْصِ بْنِ غِيَاثٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا أَبِي، قَالَ: حَدَّثَنَا الأَعْمَشُ، قَالَ: حَدَّثَنَا إِبْرَاهِيمُ، عَنِ الأَسْوَدِ، عَنْ عَائِشَةَ، ح قَالَ: الأَعْمَشُ، وَحَدَّثَنِي مُسْلِمٌ، عَنْ مَسْرُوقٍ، عَنْ عَائِشَةَ، ذُكِرَ عِنْدَهَا مَا يَقْطَعُ الصَّلاَةَ الكَلْبُ وَالحِمَارُ وَالمَرْأَةُ، فَقَالَتْ: شَبَّهْتُمُونَا بِالحُمُرِ وَالكِلاَبِ، وَاللَّهِ لَقَدْ رَأَيْتُ النَّبِيَّ ﷺ يُصَلِّي وَإِنِّي عَلَى السَّرِيرِ بَيْنَهُ وَبَيْنَ القِبْلَةِ مُضْطَجِعَةً، فَتَبْدُو لِي الحَاجَةُ، فَأَكْرَهُ أَنْ أَجْلِسَ، فَأُوذِيَ النَّبِيَّ ﷺ، فَأَنْسَلُّ مِنْ عِنْدِ رِجْلَيْهِ.