‘Abbad ibn Tamim agasyndan habar bermegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Allahdan ýagmyr ýagdyrmagyny diledi, soňra iki rekagat namaz okady we donuny çöwürip, ters ýüzüni geýdi.
"‘Abbad ibn Tamim agasyndan habar bermegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Allahdan ýagyş dilemek üçin musollä (namaz okalýan ýere) çykdy. Ol kybla tarap ýüzlenip, iki rekagat namaz okady we donuny ters ýüzüne çöwürdi”.
Sufýan şeýle diýdi: Mes’ud maňa Ebu Bekr aýtdy diýip, şeýle habar berdi: “(Ýagny donunyň) sag tarapyny çep tarapyna geýdi”.
"
Abdulla ibn Zeýd Ensarydan habar berilmegine görä, bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namaz okamak üçin musollä (namaz okalýan ýere) çykdy. Doga eden wagty (ýa-da doga etjek bolan wagty) kybla tarap öwrüldi we donuny ters ýüzüne çöwürdi.
"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek çölden gelen bir çarwadar adam juma güni Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Mallar gyryldy, bala-çagalarymyzam, adamlaram heläk boldy” diýdi.
Resulullah sallallahu aleýhi wesellem ellerini galdyryp doga etdi, adamlaram ellerini galdyryp Onuň bilen bile doga etdiler.
Heniz mesjitden çykmadyk ýagyş ýagyp başlady. Indiki juma gününe çenli üstümize ýagyş ýagmagyny dowam etdi.
Ol adam ýene-de Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! (Ýagyşdan ýaňa) ýolagçylar ýola çykyp bilmeýärler, ýollaram geçer ýaly bolmady” diýdi.
"
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (doga eden wagty) goltugynyň aklygy görünýänçä, ellerini ýokary galdyrdy”.
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Allahdan ýagyş diläp eden dileginden başga hiç bir doga-dileginde ellerini ýokary galdyrmazdy. (Emma bu dogada welin) ellerini şeýle bir ýokary galdyrdy, hatda, goltuklarynyň aklygyna çenli görünerdi”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem ýagyş ýagyp başlanyny görende: “Allohummä! Soýyiban nafi'an!” (Allahym! Bize peýdaly ýagyş ber!) diýip dileg ederdi.
"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe adamlar guraklyga sezewar boldular. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem juma güni münberiň üstünde hutba okap durka bir çarwadar ýerinden turup: “Ýa Resulallah! Mallar gyryldy, bala-çagalarymyz bolsa açlykdan ýaňa ejir çekýärler, biziň üçin Allahdan ýagmyr ýagdyrmagyny diläp beräýdä!” diýdi.
Resulullah sallallahu aleýhi wesellem ellerini ýokary galdyrdy. Şol wagt gök ýüzünde ýekeje bulut hem ýokdy. Şol bada asmanda daglar ýaly bulutlar peýda bolup gök ýüzüni tutdy. Soňra Ol heniz münberinden aşak düşmänkä, Onuň sakgalyndan ýagyş damjalarynyň togalanyp düşüp duruşyny gördüm . Şol gün uzakly gün, ertesi güni, birigüni, ondan soňky güni, tä, indiki Juma gününe çenli ýagyş dynman ýagyp durdy. Indiki jumada ýene şol öňki çarwa arap ýa-da başga biri ýerinden turup: “Ýa Resulallah! Jaýlarymyz ýykyldy, emlägimiz suw astynda galdy, biziň üçin Allahdan dileg edip beräýdä!” diýdi.
Soňra Resulullah sallallahu aleýhi wesellem ellerini ýokary galdyryp: “Allahummä! Hawaläýnä wälä ‘aläýnä!” (Allahym, üstümize däl-de, töweregimize ýagdyr!) diýdi.
Şondan soň, Ol eli bilen haýsy tarapdaky buluda yşarat etse, şol ýerden bulutlar dagap giderdi we asmanyň ýüzi açylardy. Şeýlelikde, Medine şäheri töweregi ýapyk, üsti açyk bir meýdan ýaly bolup durdy. Kanat jülgesi bir aýlap dynman suwdan dolup akdy. Daş töwerekden gelen her bir adam, şol güýçi ýagyşyň gürrüňini ederdiler”.
"
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Güýçli ýel öwüsip başlanda, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýüzünden (bir aladasynyň bardygy) belli bolýardy”.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Maňa ýeňiş Saba (ýeli) arkaly berildi we Ad kowumyny Dabur (ýeli bilen) ýok edildi”.