"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Mallarymyz gyryldy, ýollarymyz kesildi, hiç ýere gidip bilemizok!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem doga etdi. Biziň üstümize juma gününden indiki juma gününe çenli ýagyş ýagdy.
Soňra ol ýene gelip: “Jaýlar ýykyldy, ýollardan geçer ýaly bolmady, mallar heläk boldy, ýagyş ýagmagyny goýar ýaly Allahdan dileg edip beräýdä!” diýdi.
Soňra Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem ýerinden turup: “Allahym! Depelere, baýyrlara, derelere we agaçlaryň ösýän ýerlerine (ýagdyr)!” diýip dileg etdi”.
"
"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Mallarymyz gyryldy, ýollarymyz kesildi, hiç ýere gidip bilemizok, Allahdan dileg edip beräýdä!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem doga etdi we juma gününden indiki juma gününe çenli ýagyş ýagdy.
Soňra ol ýene-de Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Jaýlar ýykyldy, ýollardan geçer ýaly bolmady, mallar heläk boldy” diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Allahym! Daglaryň başyna, depelere, dereleriň içine we agaçlaryň ösýän ýerlerine (ýagdyr)!” diýdi. Şol bada bulutlar egin-eşigiň ýyrtylyşy ýaly Medineden dargady.
"
"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme arz edip mallarynyň heläk bolýandygyny we bala-çagalarynyň açlykdan ejir çekýändigini habar berdi. Soňra (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) Allahdan ýagmyr ýagdyrmagyny diledi.
(Enes şonda) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň donuny çöwre ýüzüne geýendigini we kybla tarap öwrülendigini agzamady.
"
"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek bir adam Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Mallarymyz gyryldy, ýollarymyz kesildi, hiç ýere gidip bilemizok, Allahdan dileg edip beräýdä!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem doga etdi we juma gününden indiki juma gününe çenli ýagyş ýagdy.
Soňra ol ýene-de Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Jaýlar ýykyldy, ýollardan geçer ýaly bolmady, mallar heläk boldy” diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Allahym! Daglaryň başyna, depelere, dereleriň içine we agaçlaryň ösýän ýerlerine (ýagdyr)!” diýdi. Şol bada bulutlar egin-eşigiň ýyrtylyşy ýaly Medineden dargady.
"
"Abdulla ibn Mes‘uddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Kuraýşlylar Yslamy kabul etmekde gijä galdylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara garşy bet doga etdi. Olara gurakçylyk gelip, olaryň köpüsini heläk etdi. Açlykdan ýaňa olar maslykdyr, süňk iýdiler.
Soňra Ebu Sufýan (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň) ýanyna gelip: “Eý, Muhammed! Sen adamlara garyndaşlar bilen gatnaşygy saklamagy buýuryp geldiň, seniň kowumyň heläk bolup barýar, Allahdan olar üçin doga-dileg edip beräý!” diýdi.
Ol: “Indi, sen asmandan äşgär ýagdaýda geljek tüsseli güne garaş”. {Duhan:10-16} aýatyny okady.
Soňra kuraýşlylar Allah Tagalnyň (şu aşakdaky aýatynda) aýdyşy ýaly ýene-de kapyrlyga gaýdyp geldiler:
“Biz örän uly zarba urjak (kyýamat) günümizde, elbetde, arymyzy alarys”. {Duhan:16} Şol gün Bedr gününde bolup geçdi”.
Asbat Mansurdan rowaýat eden sözleriniň üstüni şulary goşup getirdi: “Resululullah sallallahu aleýhi wesellem dileg etdi, ýagyş ýagyp başlady we ýedi gün durmady. Adamlar güýçli ýagyşdan (Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme) şikaýat etdiler. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem): “Allahym, üstümize däl-de, töweregimize ýagdyr!” diýdi. Şeýdip, bulutlar Onuň kellesiniň üstünden aýrylyp, Medinäniň töweregindäki ýaşaýanlaryň üstüne ýagmaga başlady.
"
"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem juma güni hutba okap durka, adamlar ýerlerinden turup: “Ýa Resulallah! Guraklyk geldi, agaçlar gyp-gyrmyzy bolup gurady, mallar gyryldy, ýagyş ýagar ýaly Allahdan dileg edip beräýdä!” diýip gygyrdylar.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Allahummä-skynä!” (Allahym! Bize ýagmyr ýagdyr!) diýip iki gezek gaýtalady.
“Allahdan ant içýärin, şol wagt asmanda ýekeje-de bulut ýokdy. Birden bir bulut gök ýüzünde peýda bolup, ýagyş ýagmaga başlady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem münberden düşüp namaz okady. Namaz okap bolandan soň ýagyş indiki juma gününe çenli ýagmagyny dowam etdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem juma güni hutba okap durka, adamlar: “Jaýlar ýykyldy we ýollar weýran boldy, Allahdan ýagyşyň durmagyny dileg edip beräý-dä!” diýip gygyryp, ses edip başladylar.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýylgyrdy we soňra: “Allahummä! Hawaläýnä wälä ‘aläýnä!” (Allahym, üstümize däl-de, töweregimize ýagdyr!) diýdi.
Şeýlelik-de, Medinäniň üstündäki asman açyldy, ýöne daş-töweregine ýagyş ýagmagyny dowam etdirdi, Medinäniň üstüne welin ýekeje damja-da ýagmady. Men Medinä seretdim, onuň töwereginde bulutlaryň bir täç ýaly bolup duranyny gördüm”.
"
"Ebu Ishagyň habar bermegine görä, bir gün Abdulla ibn Ýezid Ensari, Bara ibn ‘Azib we Zeýd ibn Arkam bilen (Allah olardan razy bolsun) ýagmyr ýagmagyny dilemek üçin (meýdana) çykdylar. Ol (Abdulla ibn Ýezid) ýerinden turdy, ýöne münbere çykmady, (ilki bilen) Allahdan magfiret diledi, soňra iki rekagat daşyndan namaz okady, azan-kamat aýtmady.
Ebu Yshak: “Abdulla ibn Ýezid Ensari Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň (edil şeýle edişini) görüpdir” diýdi.
"
‘Abbad ibn Tamim agasyndan habar bermegine görä, bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem adamlar bilen Allahdan ýagyş dilemek üçin (namaz okalýan ýere) çykdy. Ol ýerinden turup, Allahdan dik duran ýerinden dileg etdi. Soňra kybla tarap öwrüldi-de, donuny çöwre tarapyna öwürip geýdi we şol bada ýagyş ýagyp başlady.
‘Abbad ibn Tamim agasyndan habar bermegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýagyş dilemek üçin (namaz okalýan ýere) çykdy. Ol doga etmek üçin kybla tarap ýüzlendi we donuny çöwre tarapyna öwürip geýdi. Soňra kybla tarap öwrüldi-de, iki rekagat daşyndan namaz okady”.
‘Abbad ibn Tamim agasyndan habar bermegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýagyş dilemek üçin (namaz okalýan ýere) çykanda, (ilki bilen) arkasyny adamlara tarap öwürip, soňra doga etmek üçin ýüzüni kybla tarap öwürişini, gördüm. Soňra donuny çöwre tarapyna öwürip, kyraatyny daşyna çykaryp, iki rekagat namaz okady”.