"Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem heniz diri, durmuşda ýaşap ýörkä gün tutuldy. Ol derrew mesjide gitdi we adamlar onuň arkasynda hatara durdylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Allahu Akbär!” diýip tekbir aldy we uzak wagtlap Kuran okady. Soňra “Allahu Akbär!” diýip, uzyn bir rukug etdi. Soňra: “Sami'allahu liman hamidah!” diýip başyny galdyrdy, ýöne sejdä gitmedi we ýene-de uzyn bir Kuran okady. Ýöne ol birinji okan Kuranyndan gysgarakdy. Soňra ýene-de “Allahu Akbär!” diýip, uzyn bir rukug etdi. Ýöne olam birinjisinden gysgady. Soňra bolsa: “Sami'allahu liman hamidah, Robbänä wa lakäl-hamd” diýdi. Soňra sejdä gitdi. Ikinji rekagatda-da edil şonuň ýaly etdi.
Şeýlelikde ol dört rukug bilen dört sejde edip tamamlady. Namazyny gutarmanka Gün tutulma aýryldy. Soňra ýerinden turup, Allahy mynasyp bir şekilde hamd we sena etdi, soňra:
“Gün we Aý Allanyň iki alamatydyr. Olar hiç kimiň ölümi ýa-da ýaşaýşy üçin tutulmazlar. Olaryň tutulanyny göreniňizde, derrew namaz okamaga howlugyň! ”
Az-Zuhri şeýle diýdi: “Men ‘Urwa: “Medinede gün tutulanda, seniň doganyň (Abdulla ibn Zubeýr) ertir namazyna meňzeş iki rekagat namaz okady” diýdim. ‘Urwa bolsa: “Hawa, sebäbi ol ýalňyşdy, sünnet boýunça edip bilmedi” diýdi.
"
"Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly, Aişanyň (Allah ondan razy bolsun) habar bermegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gün tutulan güni namaz okady. Ol ýerinden turdy-da, “Allahu Akbär!” diýip tekbir aldy we uzak wagtlap Kuran okady. Soňra uzyn bir rukug etdi. Soňra başyny galdyryp: “Sami'allahu liman hamidah!” diýdi. Soňra ol öňküsi ýaly dik durup, uzyn bir Kuran okady, ýöne birinjisinden gysgarakdy. Soňra ýene uzyn bir rukug etdi, ýöne ikinji rukugy birinjisinden gysgarakdy. Soňra uzyn bir sejde etdi.
Soňra ol ikinji rekagatda-da edil şonuň ýaly etdi. Soňra (egnine) salam berip namazdan çykanda, Günüň öňi eýýäm açylypdy. Ondan soň Günüň we Aýyň tutulmagy barada adamlara hutba okap şeýle diýdi:
“Olar Allahyň alamatlaryndan iki sany alamatdyr. Olar hiç kimiň ölümi ýa-da ýaşaýşy üçin tutulmazlar. Olaryň tutulanyny göreniňizde, derrew namaza duruň!”
"
Ebu Bekreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Elbetde, Gün we Aý Allahyň alamatlaryndan iki sany alamatdyr. Olar hiç kimiň ölümi ýa-da ýaşaýşy üçin tutulmazlar. Ýöne Allah Tagala olar bilen gullaryny gorkuzar”.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly, Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, (bir gün) bir ýewreý aýal onuň ýanyna gelip, ondan bir zat sorady, soňra bolsa: “Allah seni gabyr azabyndan gorasyn!” diýdi. Şondan soň Aişa (Allah ondan razy bolsun) Resulullah sallallahu aleýhi wesellemden: “Gabyrda adamlara azap berilermi?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bolsa: “Ondan Allaha sygynýaryn!” diýdi.
"Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýdi: (Bir gün) ir bilen Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem (düýesine) münüp bir ýere gitdi we (köp wagt geçmänkä) Gün tutuldy. Ol guşluk wagty yzyna gaýdyp geldi. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem aýallarynyň hüjreleriniň ýanyndan geçip namaza durdy. Adamlar onuň arkasynda durdular.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (ilki) namazda uzak wagtlap dik durdy. Soňra uzyn bir rukug etdi. Soňra başyny rukugdan galdyryp, ýene uzak wagtlap dik durdy. Ýöne birinjisinden azyrakdy. Soňra ýene-de uzyn bir rukug etdi. Ýöne birinji rukugyndan gysgarakdy. Soň bolsa rukugdan başyny galdyryp, sejdä gitdi.
Soň (ýene) ýerinden turdy we uzak wagtlap dik durdy, ýöne birinjisinden azyrak durdy. Soňra öňkisinden azyrak dowam eden uzyn bir rukug etdi. Soňra başyny rukugdan galdyryp ýene-de uzak wagtlap dik durdy, ýöne öňkisinden gysgarakdy. Soňra birinjisinden azyrak dowam eden uzyn ýene bir rukug etdi. Soň bolsa rukugdan başyny galdyryp, sejdä gitdi we şeýdip namazyny tamamlady.
Soň bolsa (hutbdany) Allahyň isleýşi ýaly aýdyp berdi. Soňra (adamlara) gabyr azabyndan Allaha sygynmaklaryny emr etdi.
"
"Abdulla ibn ‘Amrdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe gün tutulanda, “Assolätu jämi‘a” diýip çagyryldy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir rekagatda iki gezek rukug etdi. Soňra ýerinden turdy we ikinji rekagatda-da iki gezek rukug etdi. Soňra oturdy. Soňra Günüň öňi açyldy”.
Aişa (Allah ondan razy bolsun): “Men hiç haçan şeýle uzyn sejde edip görmändim” diýdi.
"
"Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe gün tutuldy we ol (şeýleräk) namaz okady. (Ilkibaşda) uzak wagtlap kyýamda durdy, şeýle bir uzak durdy welin, hatda, Bakara süresini hem okap boljakdy. Soňra rukug edip, uzak wagtlap rukugda durdy. Soňra başyny galdyryp uzak wagtlap kyýamda durdy, ýöne ilkinji kyýamyndan gysgarakdy. Soň ýene uzyn wagtlap rukug etdi, ýöne birinji rukugyndan gysgarakdy. Soň sejde etdi.
Soň bolsa (ýerinden turdy we) uzak wagtlap kyýamda durdy, ýöne birinji kyýamyndan azyrakdy. Soňra ýene uzyn wagtlap rukug etdi, ýöne birinji rukugyndan gysgarakdy. Soňra başyny galdyryp uzak wagtlap kyýamda durdy, ýöne ilkinji kyýamyndan gysgarakdy. Soň ýene uzyn wagtlap rukug etdi, ýöne birinji rukugyndan gysgarakdy. Soň sejde etdi. Soňra Gün açylandan soň namazyny okap boldy.
Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Elbetde, Gün we Aý Allahyň alamatlaryndan iki sany alamatdyr. Olaryň tutulmagy hiç kimiň ölümi ýa-da ýaşaýşy bilen baglanşykly däldir. Şonuň üçin hem olaryň tutulanyny göreniňizde, Allahy zikr ediň (ýatlaň)!”
Sahabalar: “Ýa Resulallah! Biz seniň (namaz) okap duran ýeriňden (bize görünmeýän) bir zada eliňi uzadanyňy gördük, soňra (bir zatdan gorkýan ýaly bolup) yza çekileniňi gördük” diýdiler.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Maňa Jenneti görkezdiler, men hem ondan bir salkym aljak bolup elimi uzatdym. Eger alan bolsadym, siz ondan tä, şu dünýä galýança (ýagny soňuna çenli) iýip bilerdiňiz. Soňra Maňa dowzah görkezildi, ýöne men şu günki görenlerim ýaly gorkunç zat hiç haçan görmedim we dowzahda ýaşaýanlaryň aglabasynyň aýallardygyny gördüm” diýdi.
Sahabalar: “Ýa Resulallah! Näme sebäpden beýle?” diýip soradylar. Ol: “Küpür edendikleri sebäpli” diýdi. “Allaha küpür edenlermi?” diýip soradylar. Ol: “Ýok, olar ärlerine küpür edenler (ýagny nä şükür) bolanlar hem-de ýagşylyga garşy küpür edenler (nä şükür) bolanlar. Eger-de sen olaryň birine mydama ýagşylyk edip gezseň, soňra senden ýekeje bir halamaýan zadyny gören wagty, ol saňa “Men senden hiç bir haýyr görmedim!” diýer” diýdi.
"
"Ebu Bekriň gyzy Äsmäden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Gün tutulan güni, men Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellemiň aýaly Aişanyň ýanyna geldim. Şol wagt adamlar namaz okap durdular. Aişa hem dik durup namaz okap duran ekeni. Men ondan: “Adamlara näme bolýar?” diýip soradym. Aişa eli bilen asmana yşarat edip: “Subhanallah!” diýdi. Men “Bu bir alamatmy?” diýip soradym. Ol kellesini ýaýkap: “Hawa” diýdi.
Soňra men hem namaza durdym. (Birden) huşumy ýitirip, özümden gitjek boldum we kelläme suw akdyryp başladym. Namazdan soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Allah Azza we Jellä hamdu-senalar aýdyp, soňundan şeýle diýdi:
“Men (ýaňyja) şu duran ýerimde öň hiç haçan görmedik zatlarymy gördüm. Hatda, Jennet bilen dowzaham gördüm. Şeýle hem gabyrlaryňyzda dejjalyň synagyna meňzeş ýa-da şoňa golaýrak bir synag bilen synag ediljekdigiňiz maňa wahy edilip habar berildi. Siziň içiňizden (ölen) bir adamy getirip: “Bu adam, (ýagny Muhammed) hakda näme bilýärsiň?” diýip sorarlar. Imanly ýa-da (ynanjy bar bolan) adam: “Bu Allahyň ilçisi Muhammetdir. Ol bize anyk subutnamalar bilen we hidaýat, (ýagny dogry ýol görkezmek üçin) geldi. Biz Oňa jogap edip, Oňa iman etdik we (onuň ýolundan ýöräp), yzyna eýerdik” diýer. Soňra (perişdeler) oňa: “Indi, sen arkaýyn dynjyňy al-da ýatyber, çünki biz seniň Oňa çyn ýürekden ynanýandygyňa göz ýetirdik!” diýerler. Munafyk ýa-da (şübhelenip ýören adam) bolsa: “Men bilmedim, men diňe adamlaryň Onuň hakynda aýdanlaryny eşitdim we menem şolaryň diýen zadyny gaýtaladym” diýip jogap berer.
"
Äsmäden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellem Gün tutulan wagty gul azat etmekligi buýurdy”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, (bir gün) bir ýewreý aýal onuň ýanyna gelip, ondan bir zat sorady, soňra bolsa: “Allah seni gabyr azabyndan gorasyn!” diýdi. Şondan soň Aişa (Allah ondan razy bolsun) Resulullah sallallahu aleýhi wesellemden: “Gabyrda adamlara azap berilermi?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ondan Allaha sygynýaryn!” diýdi.