1350

77-nji bap

1350

77-nji bap

1350

77-nji bap

"Jabir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Abdulla ibn Ubeýýiň jesedi gabyrynyň içinde goýulandan soň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gelip, ony gabyryndan çykartdy we ony dyzynyň üstünde goýup, öz tüýküliginden çüfledi we oňa öz köýnegini geýdirdi. (Onuň näme üçin beýle edendigini) Allahyň özi gowy bilýändir. Ýöne Abdulla ibn Ubeýý ir wagtlar öz köýnegini Abbasa geýdiripdi. Ebu Harun şeýle diýdi: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň iki sany köýnegi bardy. Abdulla (ibn Ubeýýiň) ogly: “Ýa Resulallah! Kakama teniňe degip duran köýnegiňi geýdiräý!” diýdi. Sufýan şeýle diýdi: “Adamlar Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öz köýnegini, Abdulla (ibn Ubeýýe) geýdirmeginiň sebäbini, bir wagtlar Abbasa eden kömeginiň ýerine diýip, hasaplapdyrlar”."

حَدَّثَنَا عَلِيُّ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ، حَدَّثَنَا سُفْيَانُ، قَالَ عَمْرٌو: سَمِعْتُ جَابِرَ بْنَ عَبْدِ اللَّهِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، قَالَ: أَتَى رَسُولُ اللَّهِ ﷺ عَبْدَ اللَّهِ بْنَ أُبَيٍّ بَعْدَ مَا أُدْخِلَ حُفْرَتَهُ «فَأَمَرَ بِهِ، فَأُخْرِجَ، فَوَضَعَهُ عَلَى رُكْبَتَيْهِ وَنَفَثَ عَلَيْهِ مِنْ رِيقِهِ، وَأَلْبَسَهُ قَمِيصَهُ»، فَاللَّهُ أَعْلَمُ وَكَانَ كَسَا عَبَّاسًا قَمِيصًا قَالَ سُفْيَانُ: وَقَالَ أَبُو هَارُونَ: وَكَانَ عَلَى رَسُولِ اللَّهِ ﷺ قَمِيصَانِ، فَقَالَ لَهُ ابْنُ عَبْدِ اللَّهِ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، أَلْبِسْ أَبِي قَمِيصَكَ الَّذِي يَلِي جِلْدَكَ، قَالَ سُفْيَانُ: «فَيُرَوْنَ أَنَّ النَّبِيَّ ﷺ أَلْبَسَ عَبْدَ اللَّهِ قَمِيصَهُ مُكَافَأَةً لِمَا صَنَعَ«.

Salgylanma:

• Ýagny Abdulla ibn Ubeýý öz köýnegini Abbasa beripdi. Şonuň eden ýagşylygyny gaýtarmak üçin berdi.