1338

67-nji bap

1338

67-nji bap

1338

67-nji bap

"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Allahyň bir bendesini mazarynda goýulup, ýoldaşlary yzyna öwrülip gidenlerinde, olaryň aýakgaplarynyň sesini eşider we şol wagt onuň ýanyna iki sany perişde gelip, ony oturdarlar we ondan: “Sen bu Muhhamed sallallahu aleýhi wesellem barada näme aýdardyň?” diýip sorarlar. Ol adam: “Men onuň Allanyň guly we Resulydygyna şaýatlyk edýärin” diýer. Perişdeler oňa: “Dowzahdaky ýeriňe bir seret. Allah Tagala ony Jennetde bir ýer bilen çalyşdy” diýerler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ol adam (şol wagt Jennetdäki we dowzahdaky) iki ýerini hem birden görer” diýdi. Emma ol ölen adam kapyr (ýa-da munafyk) bir adam bolsa, onda ol: “Bilmedim, men diňe adamlar näme diýen bolsa, şony hem gaýtaladym” diýer. Soňra oňa: “Sen (Ol hakda) biljegem, okajagam bolmadyň!” diýerler. Soňra onuň iki gulagynyň arasyna demir gürzi bilen urarlar. Onuň sesini adamlardan we jynlardan başga töweregindäki ähli zatlar eşider”."

حَدَّثَنَا عَيَّاشٌ، حَدَّثَنَا عَبْدُ الأَعْلَى، حَدَّثَنَا سَعِيدٌ، قَالَ: وَقَالَ لِي خَلِيفَةُ: حَدَّثَنَا يَزِيدُ بْنُ زُرَيْعٍ، حَدَّثَنَا سَعِيدٌ، عَنْ قَتَادَةَ، عَنْ أَنَسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، عَنِ النَّبِيِّ ﷺ قَالَ: العَبْدُ إِذَا وُضِعَ فِي قَبْرِهِ، وَتُوُلِّيَ وَذَهَبَ أَصْحَابُهُ حَتَّى إِنَّهُ لَيَسْمَعُ قَرْعَ نِعَالِهِمْ، أَتَاهُ مَلَكَانِ، فَأَقْعَدَاهُ، فَيَقُولاَنِ لَهُ: مَا كُنْتَ تَقُولُ فِي هَذَا الرَّجُلِ مُحَمَّدٍ ﷺ؟ فَيَقُولُ: أَشْهَدُ أَنَّهُ عَبْدُ اللَّهِ وَرَسُولُهُ، فَيُقَالُ: انْظُرْ إِلَى مَقْعَدِكَ مِنَ النَّارِ أَبْدَلَكَ اللَّهُ بِهِ مَقْعَدًا مِنَ الجَنَّةِ، قَالَ النَّبِيُّ ﷺ: "فَيَرَاهُمَا جَمِيعًا، وَأَمَّا الكَافِرُ - أَوِ المُنَافِقُ - فَيَقُولُ: لاَ أَدْرِي، كُنْتُ أَقُولُ مَا يَقُولُ النَّاسُ، فَيُقَالُ: لاَ دَرَيْتَ وَلاَ تَلَيْتَ، ثُمَّ يُضْرَبُ بِمِطْرَقَةٍ مِنْ حَدِيدٍ ضَرْبَةً بَيْنَ أُذُنَيْهِ، فَيَصِيحُ صَيْحَةً يَسْمَعُهَا مَنْ يَلِيهِ إِلَّا الثَّقَلَيْنِ