200

48-nji bap

200

48-nji bap

200

48-nji bap

Enesden (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Içi suwly bir gap getiriň!” diýdi. Oňa çuň bolmadyk ýalpak we içi azrak suwly bir gap getirdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem barmaklaryny gabyň içine saldy. Enes şeýle diýdi: “Men Onuň barmaklarynyň arasyndan syzyp çykýan suwa seredip durdum. Ol suwdan takmynan ýetmiş-segsen adam täret aldy”.

حَدَّثَنَا مُسَدَّدٌ، قَالَ: حَدَّثَنَا حَمَّادٌ، عَنْ ثَابِتٍ، عَنْ أَنَسٍ أَنَّ النَّبِيَّ ﷺ «دَعَا بِإِنَاءٍ مِنْ مَاءٍ، فَأُتِيَ بِقَدَحٍ رَحْرَاحٍ، فِيهِ شَيْءٌ مِنْ مَاءٍ، فَوَضَعَ أَصَابِعَهُ فِيهِ» قَالَ أَنَسٌ: «فَجَعَلْتُ أَنْظُرُ إِلَى المَاءِ يَنْبُعُ مِنْ بَيْنِ أَصَابِعِهِ» قَالَ أَنَسٌ: فَحَزَرْتُ مَنْ تَوَضَّأَ، مَا بَيْنَ السَّبْعِينَ إِلَى الثَّمَانِينَ.