‘Adi ibn Hatimden habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) men Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme (aw iti hakynda) sorag berdim. Ol maňa: “Öwredilen itiňi boşadyp goýberseň, ol hem (awy) öldürse, sen ony iýip bilersiň. Eger-de (it awdan) iýse, sen ony iýme, sebäbi ony özi üçin tutdy” diýip düşündirdi. Men ondan ýene-de: “Itimi goýberenimden soň, onuň ýanynda başga-da bir iti görsem, näme?” diýip soradym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ondan iýme, çünki sen “Bismilläni” diňe öz itiň üçin diýdiň, başga bir it üçin diýmediň” diýip jogap berdi.