174

34 a-nji bap

174

34 a-nji bap

174

34 a-nji bap

Ibn Şihabden rowaýat edilmegine görä, Hamza ibn Abdulla kakasy (Ibn Omaryň) aýdan sözlerinden habar berip, maňa şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe, itler (mesjidiň golaýynda) peşew ederdiler we mesjide erkin girip-çykyp bilerdiler. Adamlar olaryň (peşew eden ýerlerine) suw dökmezdiler” .

وَقَالَ أَحْمَدُ بْنُ شَبِيبٍ، حَدَّثَنَا أَبِي، عَنْ يُونُسَ، عَنْ ابْنِ شِهَابٍ، قَالَ: حَدَّثَنِي حَمْزَةُ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ، عَنْ أَبِيهِ قَالَ: «كَانَتِ الكِلاَبُ تَبُولُ، وَتُقْبِلُ وَتُدْبِرُ فِي المَسْجِدِ، فِي زَمَانِ رَسُولِ اللَّهِ ﷺ، فَلَمْ يَكُونُوا يَرُشُّونَ شَيْئًا مِنْ ذَلِكَ.

Salgylanma:

• Ýagny Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe mesjidiň içi toprakdan, çagyl daşlardan ybaratdy, ýagny namazlyk, haly düşelmedikdi. Şol wagtlar mesjidiň gapylary hem ýapylmazdy.