1356

79-nji bap

1356

79-nji bap

1356

79-nji bap

Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellemiň hyzmatyny edip ýören ýehudi bir oglanjyk bardy. Bir gün oglanjyk syrkawlady. Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellem ony soramaga gitdi. Oglanjygyň başujunda oturyp, oňa: “Yslamy kabul et (musulman bol)!” diýdi. Oglanjyk ýanynda oturan kakasynyň ýüzüne seretdi. Kakasy oňa: “Ebul-Kasyma, boýun bol!” diýdi. Oglanjyk musulman boldy. Şondan soň Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellem: “Bu oglany Jähennem odundan halas eden Allaha şükürler bolsun!” diýip, daşaryk çykdy”.

حَدَّثَنَا سُلَيْمَانُ بْنُ حَرْبٍ، حَدَّثَنَا حَمَّادٌ وَهْوَ ابْنُ زَيْدٍ، عَنْ ثَابِتٍ، عَنْ أَنَسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، قَالَ: كَانَ غُلاَمٌ يَهُودِيٌّ يَخْدُمُ النَّبِيَّ ﷺ، فَمَرِضَ، فَأَتَاهُ النَّبِيُّ ﷺ يَعُودُهُ، فَقَعَدَ عِنْدَ رَأْسِهِ، فَقَالَ لَهُ: «أَسْلِمْ»، فَنَظَرَ إِلَى أَبِيهِ وَهُوَ عِنْدَهُ فَقَالَ لَهُ: أَطِعْ أَبَا القَاسِمِ ﷺ، فَأَسْلَمَ، فَخَرَجَ النَّبِيُّ ﷺ وَهُوَ يَقُولُ: «الحَمْدُ لِلَّهِ الَّذِي أَنْقَذَهُ مِنَ النَّارِ«.