1355

79-nji bap

1355

79-nji bap

1355

79-nji bap

"Ibn Omar (Allah olardan razy bolsyn) şeýle diýdi: “Şondan soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir gezek Ubeý ibn Ka‘b bilen bilelikde, Ibn Saýýadyň bolýan hurma bagyna gitdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Ibn Saýýadyň gürleýän zatlaryny eşitmek üçin bildirmän oňa golaýlaşjak boldy. Ibn Saýýad şol wagt bir düşekçä ýaplanyp ýatyrdy we her hili düşnüksiz sesleri çykarýardy. Şol pursatda Ibn Saýýadyň ejesi hurma agajynyň arkasynda bukulyp duran Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi görüp, ogly Ibn Saýýada: “Eý, Safy! Hana, ol ýerde Muhammed (sallallahu aleýhi wesellem) bar!” diýip gygyrdy. (Safy, Ibn Saýýadyň adydy). Ibn Saýýad böküp, derrew ýerinden turdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Eger-de ol aýal gygyrmadyk bolsady, ol özüniň kimdigini mälim ederdi” diýdi."

١٣٥٥ : وَقَالَ سَالِمٌ: سَمِعْتُ ابْنَ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا يَقُولُ: انْطَلَقَ بَعْدَ ذَلِكَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ وَأُبَيُّ بْنُ كَعْبٍ إِلَى النَّخْلِ الَّتِي فِيهَا ابْنُ صَيَّادٍ، وَهُوَ يَخْتِلُ أَنْ يَسْمَعَ مِنْ ابْنِ صَيَّادٍ شَيْئًا قَبْلَ أَنْ يَرَاهُ ابْنُ صَيَّادٍ، فَرَآهُ النَّبِيُّ ﷺ وَهُوَ مُضْطَجِعٌ - يَعْنِي فِي قَطِيفَةٍ لَهُ فِيهَا رَمْزَةٌ أَوْ زَمْرَةٌ - فَرَأَتْ أمُّ ابْنِ صَيّادٍ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ، وَهُوَ يَتَّقِي بِجُذُوعِ النَّخْلِ، فَقَالَتْ لِابْنِ صَيَّادٍ: يَا صَافِ - وَهُوَ اسْمُ ابْنِ صَيَّادٍ - هَذَا مُحَمَّدٌ ﷺ، فَثَارَ ابْنُ صَيَّادٍ، فَقَالَ النَّبِيُّ ﷺ: «لَوْ تَرَكَتْهُ بَيَّنَ»، وَقَالَ شُعَيْبٌ فِي حَدِيثِهِ: فَرَفَصَهُ رَمْرَمَةٌ - أَوْ زَمْزَمَةٌ - وَقَالَ إِسْحَاقُ الكَلْبِيُّ، وَعُقَيْلٌ: رَمْرَمَةٌ، وَقَالَ مَعْمَرٌ: رَمْزَةٌ.