"Usame ibn Zeýtden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň gyzy (Zeýnep) Pygambere: “Oglum öldi, derrew geliň!” diýip habar iberdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem gyzyna salam iberip: “Allahyň beren we alan zatlarynyň hemmesi Allaha degişlidir. Onuň ýanynda her bir zadyň, özüniň belli bir möhleti bardyr. Sabyr etsin we sogabyny Allahdan umyt etsin!” diýdi”.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň gyzy hökman gelsin diýip kasam edip, ýene-de habar ýollady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýerinden turup gyzynyň öýüne tarap çykyp gitdi. Onuň ýany bilen Sa’d ibn Ubada, Mu’az ibn Jebel, Ubeýý ibn Ka’b, Zeýd ibn Säbit we birnäçe sahabalar (Allah olardan razy bolsun) gitdiler. Çagany Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň eline berdiler. Çaga zordan demini alyp, titräp ýatyrdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň gözlerinden ýaş akyp gitdi. Muny gören, Sa’d: “Ýa Resulallah! Bu (göz ýaşlar) näme?!” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Bu Allah Tagalanyň Öz bendeleriniň kalplarynda goýan rahmetidir” diýip jogap berdi”.
"