Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir gün gabyryň başynda aglap oturan bir aýalyň ýanyndan geçip barýarka, oňa: “Allahdan gork-da, sabyr et!” diýdi. Ol aýal: “Bar git meniň ýanymdan, meniň başyma gelen musybat seniň başyňa gelmedi” diýdi. Ol aýal Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi tanamandy. Soňra ol aýala onuň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemdigini habar berdiler. Ol aýal derrew Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň gapysyna geldi, gapyda hiç hili sakçy görmedi. Aýal: “Men Sizi tanamandyryn!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Sabyr, ýaňy musybat başyňa düşen wagty edilen sabyrdyr!” diýdi”.