Zeýd ibn Halid El-Juheniden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Hudeýbiýýede, gije ýagan ýagyşdan soň, biziň bilen ertir namazyny okady. Namaz okap bolandan soň adamlara tarap öwrülip: “Robbuňyzyň näme diýenini bilýärmisiňiz?” diýip sorady. Olar: “Ony Allah we Resuly has gowy biler” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Allah Tagala: “Gullarymyň kimi mu’min, kimi kapyr bolup, daňlaryny atyrdylar. Kim: “Allahyň fazly-keremi we rahmeti bilen üstümize ýagmyr ýagdy” diýen bolsa, ine, şol kişi Maňa iman edendir, ýyldyzlara iman eden däldir. Kim-de: “Bize pylan tüýsli, pylan ýyldyzyň batyp-dogmagy bilen üstümize ýagmyr ýagdy” diýen bolsa, ine, şol kişi Maňa iman eden däldir, ýyldyzlara iman edendir” diýdi”.
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (ýassy) namazyny gijäniň ýarymyna çenli gijikdirdi. Soňra biziň ýanymyza çykyp geldi. Namazyny okap bolandan soň, ýüzüni bize tarap öwrüp şeýle diýdi: “Adamlar eýýäm namazlaryny okap ýatdylar. Emma siz namaza näçe garaşyp duran bolsaňyz, şonça wagtlap namazda ýaly hasap edilersiňiz”.
"Nafi’dan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Ibn Omar parz namazyny okan ýerinde, sünnetlerini hem okardy. Kasym (ibn Muhammed) hem şeýle ederdi”.
Ebu Hureýräniň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden rafg edip, rowaýat eden: “Ymam parz namazyny okan ýerinde nepil (sünnet) namazyny okamasyn” diýen sözi sahyh (dogry) däldir”.
"
"Ummu Selemeden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem egnine salam berenden soň, namaz okan ýerinde az salym durardy.
Ibn Şihäb şeýle diýipdir: “Biziň pikirimçe, Ýöne Allahyň Özi has gowy bilýändir. Muny aýallaryň mesjitden çykyp gitmegine mümkinçilik döretmek üçin (edendir)”.
"
Hind bint El-Haris El-Firasiýýeden rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly Ummu Seleme (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem egnine salam berenden soňra, ýerinden turmaka, aýallar mesjitden çykyp, öýlerine baryp girerdiler”.
‘Ukbadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Medinede Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň yzynda durup ikindi namazyny okapdym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem egnine salam berenden soňra, howlugyp ýerinden turdy-da, adamlaryň eginleriniň üstünden ätläp, aýallarynyň biriniň hüjresine girip gitdi. Adamlar Onuň bu bolşundan gorkdular. Biraz wagtdan soň Ol jemagatyň ýanyna çykdy. Onuň bu howlukmaç halyny geň görüp, aňk-taňk bolup duran adamlary görüp, Ol: “(Namaz okap durkam) bizde bir bölek altyn bardygy ýadyma düşdi we meniň ünsümi çekip durmaz ýaly, onuň paýlanmagyny emr edip (geldim)” diýdi.
Abdulla ibn Mes’uddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Siziň hiç biriňiz namaz okap bolanyňyzdan soň, hökman sag tarapyňdan yzyňa öwrülip gitmelidir öýdüp, şeýtana namazdan bir paý bölüp bermäň. Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň çep tarapyndan öwrülendigini köp görüpdim”.
Ibn Omardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Haýbar” söweşinde şeýle diýdi: “Şu ösümlikden, ýagny sarymsakdan iýen adam, asla, biziň mesjidimize golaýlaşmasyn”.
"Jäbirden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Sarymsagy göz öňüne tutup: “Kimde-kim bu ösümlikden iýen bolsa, biziň mesjidlerimize gelmesin” diýdi”.
Bu hadysy rowaýat eden adam: “Men Jäbirden: “Ol nähili sarymsagy göz öňüne tutup aýtdy?” diýip soradym. Ol: “Meniň pikirimçe, Ol diňe çig sarymsagy, bir rowaýata görä, onuň ysyny göz öňünde tutup aýtdy” diýdi”.
"
"Jäbir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Kimde kim sarymsak, sogan iýen bolsa, bizden ýa-da biziň mesjidimizden daş durup, öýünde otursyn”.
(Ol ýene-de şeýle habar berdi): “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna içinde gök önümler gaýnadylan bir gazan getirdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onda bir ýakymsyz ysyň gelýänini duýup, nämäniň ysydygyny sorady. Onuň içindäki gök-önümler hakynda Oňa habar berildi. Ol ýanyndaky sahabalaryň birine yşarat edip: “Ony alyp gidiň” diýdi. Sahaba hem Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň beýle edişini görüp, ony iýmek islemedi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Sen mundan iý. Sebäbi men seniň mynajat etmeýänleriň bilen mynajat edýärin” diýdi”.
Başga bir rowaýatda: “Gök-önümli tabak getirildi” diýilýär.
"