Bir adam Enes ibn Mälikden: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden sarymsak hakynda näme eşitdiň?” diýip sorady. Ol şonda: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Kim şu ösümlikden (ýagny sarymsakdan) iýen bolsa, bize golaýlaşmasyn ýa-da asla biziň bilen bile namaz okamasyn” diýip aýtdy” diýdi.
Ibn Abbasdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem beýleki mazarlardan aýry duran bir gabryň ýanyndan geçip barýarka, onuň ýanynda durup, sahabalara ymam boldy. Sahabalar hem Onuň yzynda sap bolup durdular”.
Ebu Sa’yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Juma güni gusul almak her bir kämillik ýaşyna ýeten adama wajypdyr”.
"Ibn Abbasdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men bir gije Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly, daýzam Meýmuna bintul-Harisiň öýünde ýatdym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (şol gije onuň ýanynda) ýatdy. Gijäniň bir bölegi geçenden soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem turup, asylgy duran suw tulumyndan ýeňilje täret aldy (‘Amr Onuň täret alyşynyň juda ýeňil we gysga bolandygyny görkezerdi). Soňra turup, namaza durdy. Men hem turup, Onuň täret alşy ýaly täret aldym-da, soňra gelip, Onuň çep tarapynda durdum. Ol meni sag tarapyna geçirdi, soňra Ol Allahyň isledigiçe namaz okady. Soňra Ol gyşaryp dem alyşy eşidilýänçä uklap galdy. Soňra azançy gelip, Oňa namazyň wagtynyň bolandygyny habar berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň bilen namaza çykyp gitdi we täret alman namaz okady”.
Biz ‘Amra: “Adamlar: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň gözleri uklasa-da, ýüregi uklaýan däldir, diýip aýdýarlar” diýdik”. ‘Amr şonda şeýle diýdi: “Men ‘Ubeýd ibn ‘Umeýriň: “Pygamberleriň düýşleri wahydyr” diýip, soňundan hem: “Men seni düýşümde gurban edýändigimi görýärin” {Soffat:102} diýen aýaty okanyny eşitdim” diýipdir.
"
"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) onuň garry enesi Muleýke (Allah ondan razy bolsun) nahar bişirip, Resulullah sallallahu aleýhi wesellemi nahara çagyrdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň bişiren naharyndan iýenden soňra, olara: “Indi, turuň, size ymam bolup namaz okap bereýin!” diýdi.
Enes şeýle diýdi: “Soňra men uzak wagtlap durmakdan ýaňa gap-gara bolup giden köneje boýramyzyň üstüne suw sepip, ony alyp geldim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň üstünde namaza durdy. Ýetim ikimiz Onuň arkasynda durduk, yzymyzda bolsa garry (enem Muleýke) durdy. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem biziň bilen iki rekagat namaz okady”.
"
Abdulla ibn Abbasdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Minada adamlar bilen öňlerinde hiç hili sütre, diwar goýman namaz okap durkalar, urkaçy bir eşege münüp olaryň öňlerinden geldim. Şol wagt men entek ýetginjeklik ýaşa ýetmändim. Men namaza duran adamlaryň käbir saplarynyň öňünden geçip, eşegimden düşdüm. Soňra eşegimi otlamak üçin goýberdim, özümem hatara girip, namaza durdum. Munuň üçin maňa hiç kim hiç zat diýmedi”.
‘Urwata ibn Zubeýrden rowaýat edilmegine görä, Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem tä, Omar Oňa: “Aýallar we çagalar eýýäm uklap galdylar” diýip seslenýänçä, ýassy namazyny gijikdirdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem çykyp: “Şu wagt Ýeriň ýüzünde sizden başga şu namazy okaýan hiç kim ýokdur” diýdi. Şol wagtlar Medineden başga hiç ýerde namaz okalmaýardy”.
"Ibn Abbasdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek bir adam ondan: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen (baýram namazyna) bile çykyp gördüňmi?” diýip sorady. Ibn Abbas: “Hawa, eger-de men Oňa ýakyn (garyndaş) bolmadyk bolsadym, onda men ol ýerlerde bolmazdym” diýdi. Ýagny, ýaşynyň kiçiligini göz öňüne tutup aýtdy.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Käsir ibn Saltyň öýüniň deňindäki sütüniň ýanyna geldi. Soňra şol ýerde adamlara hutba okady. Soňra aýallaryň ýanyna baryp, olara-da öwüt-nesihat etdi, olara köp zatlary ýatlatdy we sadaka bermeklerini emr etdi. Aýallar monjuklaryny aýyrmak üçin ellerini boýunlaryna uzadyp, olary Bilalyň eşiginiň üstüne zyňyp başladylar. Soňra bolsa Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Bilal bilen birlikde öýe gaýtdylar”.
"
"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem tä, Omar Oňa: “Aýallar we çagalar eýýäm uklap galdylar” diýip seslenýänçä, ýassy namazyny gijikdirdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem çykyp: “Şu wagt Ýeriň ýüzünde sizden başga şu namaza garaşyp duran hiç kim ýokdur” diýdi.
Şol wagtlar Medineden başga hiç ýerde namaz okalmaýardy. Olar Ýassy namazyny şapak gaýyp bolandan soň, tä gijäniň birinji üçden biri geçýänçä okardylar”.
"
Ibn Omardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Aýallaryňyz sizden gijelerine mesjide gitmek üçin rugsat sorasalar, siz olara rugsat beriň”.