Ebu Selemeden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Resulullah sallallahu aleýhi wesellemi palçygyň we suwuň içinde sejde edip duranyny gördüm. Hatda Onuň maňlaýynda palçygyň yzlaryny hem gördüm”.
"Ummu Selemeden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem (namaz okap, iki egnine) salam beren badyna, aýallar derrew ýerlerinden turardylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bolsa, ýerinden turmazdan öňürti azajyk garaşyp oturardy.”
Ibn Şihäb: “Allahyň Özi has gowy bilýändir, ýöne meniň pikirimçe, aýallaryň namazlaryny tamamlan jemagat bilen ýüzbe-ýüz bolmazdan, mesjitden çykyp gitmegine mümkinçilik döretmek üçin Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şunuň ýaly edip garaşyp durandyr” diýipdir.
"
‘Ytban ibn Mälikden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen birlikde namaz okadyk. Ol salam beren wagty biz hem salam berdik.”
Az-Zuhri şeýle diýipdir: Maňa Mahmud ibn Er-Rabi’yň habar bermegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem onuň ýadyna düşýändigini hem-de Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň olaryň öýündäki duran bir çelekden agzyna suw alyp, oňa pürküşi ýadyna düşýändigini aýdardy.
(Ýene-de Mahmud ibn Ar-Rabi’) şeýle diýipdir: “Men şu gürrüňi ‘Ytban ibn Mälikden we Benu Sälim tiresinden bolan bir adamdan eşitdim. ‘Ytban ibn Mälik şeýle diýdi: “Men öz kowumyma, Benu Sälim tiresine ymam bolup namaz okap bererdim. Bir gün men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Eý, Allahyň Resuly, meniň gözlerim gaty küteldi, ýagyş ýagan wagtlary, sil gelip olaryň mesjidlerine baryp bilemok. Şonuň üçin hem namaz okamaga bir ýer ediner ýaly, meniň öýüme gelip, namaz okap bermegiňi arzuw edýärin” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Allah islese ederin!” diýdi. Ertesi gün ir bilen Gün birneme ýokaryk galandan soň, Allahyň Resuly Ebu Bekr bilen bilelikde meniň ýanyma geldiler. Allahyň Resuly öýe girmäge rugsat sorady, men Oňa rugsat berdim. Ol öýe girip oturmazdan öň maňa: “Öýüň niresinde namaz okamaklygymy isleýärsiň?” diýdi. ‘Ytban Oňa namaz okamagy gowy görýän bir ýeri görkezdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şol ýerde namaza durdy, biz hem onuň arkasynda hatar bolup namaza durduk. Soňra Ol egnine salam berdi, Ol salam beren wagty biz hem salam berdik”.
"Ibn Abbasdan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Adamlar, parz namazyny okap bolansoňlar, gaty ses bilen zikr etmek, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe bardy”.
Ibn Abbas şeýle diýipdir: “Men bu sesleri eşidenimde (ýagny zikr seslerini eşidenimde) namazy tamamlandyklaryny aňlardym”.
"
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namazyny tamamlandygyny tekbirden aňardym”.
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: (Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna garyp sahabalar gelip: “Ýa Resulallah, baýlar belent derejelere eýe bolup, (Jennetdäki) ebedi nygmatlara gowşarlar. Olar biz ýaly namaz okaýarlar, biz ýaly agyzlaryny bekleýärler. Ondan başga-da, olaryň özlerinden artyk baýlyklary bolup, şol baýlyklarynyň arkasyndan haja gidýärler, umra hajyny edýärler. Allah ýolunda jihäd edýärler, sadaka berýärler” diýip, Oňa ýüzlendiler.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Size bir zady habar bereýinmi? Siz şu aýdanymy etseňiz, sizden öňdäkileriň yzyndan ýetersiňiz we sizden soňkularyň hiç biri hem tä, olar hem siziň edişiňiz ýaly edýänçäler siziň yzyňyzdan ýetip bilmezler. Şeýdip aralarynda ýaşap ýörenleriňiziň içinde iň haýyrly ymmat siz bolarsyňyz. Her gezek parz namazyny okap bolanyňyzdan soňra otuz üç gezekden “Subhanallah”, “Älhamdulilläh”, “Allahu Akbär”, diýiň” diýdi.
Bu hadysy rowaýat eden adam şeýle diýdi: “Biziň aramyzda jedel ýüze çykdy. Käbirlerimiz: “Biz otuz üç gezek “Subhanallah”, otuz üç gezek “Älhamdulilläh”, otuz dört gezek hem “Allahu Akbär” diýmeli diýdi. Şonda men (muny soramak) üçin gaýtadan (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň) ýanyna bardym. Ol maňa: “Subhanallah”, “Allahu Akbär”, “Älhamdulilläh” diýip, hersini otuz üç gezek bolýança aýt” diýdi.
"
Mugira ibn Şu’badan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol Mugawiýä iberen hatynda şeýle ýazdyrypdyr: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem her bir parz namazyndan soňra şeýle diýerdi: “Lä ilähä illallahu, wähdähu lä şärikä lähu, lähul-mulku, wä lähul-hamdu wä huwä ‘alä kulli şäýiň kodir! Allahummä, lä mäni’a limä a’täýtä, wälä mu’tiýä limä mäna’tä wälä yänfä’u zäl-jäddi minkäl-jäddu” (Ýalňyz Allahdan başga hiç bir hudaý ýokdur. Onuň şärigi hem ýokdur. Mülk Onuňkydyr. Ähli öwgüler Oňa mahsusdyr. Onuň hemme zada güýji ýetýändir. Allahym! Seniň bermegiňe päsgel berip biljek zat ýok, bermedigiňi berip biljek hem ýok. Baýlygy bolan adamyň baýlygy, Seniň haýyr we yhsanyň ýerini tutup, oňa peýda berjek zady bolmaz)”.
Semura ibn Jundubdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namaz okap bolandan soň, ýüzüni bize tarap öwürerdi”.