Aişadan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gije heniz yslam (dini) doly ýaýramanka, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýassy namazyny gijikdiripdi. Tä Omar gelip: “Ýa Resulallah, aýallaryň we çagalaryň hemmesi eýýäm uklap galdylar” diýýänçä, Ol (öýünden) çykmady. Şondan soň Ol öýünden çykyp, mesjitdäki oturanlara ýüzlenip: “Ýeriň ýüzünde sizden başga şu namaza garaşyp duran hiç kim ýokdur” diýdi.
"Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün men) gämili bile gelen ýoldaşlarym bilen bilelikde “Baky’ Buthanda” düşledim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (şol wagtlar) Medinede-di. Her gije ýassy namazynyň wagty gelende, biziňkilerden bir topar adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gezekleşip barardylar. Men hem bir gezek ýoldaşlarym bilen Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna baranymda, Ol bir zatlar bilen meşgul bolandygy sebäpli, (ýassy) namazyny gijäniň ýarymyna çenli gijikdirdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem çykyp, mesjitde garaşyp oturan adamlar bilen namaz okady. Namaz okap bolandan soňra olara ýüzlenip: “Gitmäge howlukmaň. Size bir buşlugum bar! Adamlaryň arasynda sizden başga häzirki pursatda namaz okaýan hiç bir kişiniň bolmazlygy, Allahyň size eçilen nygmatlarynyň biridir” ýa-da “(...sizden başga şu sagatda hiç kim namaz okamady)” diýdi.
(Bu hadysy rowaýat eden Ebu Musa) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň bu iki jümläniň haýsysyny aýdandygyny anyk bilmändigini aýdyýar”.
Ýene-de Ebu Musa şeýle diýdi: “Biz Allahyň Resulyndan eşiden zatlarymyza begene-begene, yzymyza gaýdyp geldik”.
"
Ebu Berzeden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýassy namazyndan öň uklamagy we ony okanyndan soňra bolsa gürrüňleşip oturmagy halamazdy”.
". ‘Urwadan rowaýat edilmegine görä, Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem tä, Omar Oňa “Namaz! Aýallar we çagalar eýýäm uklap galdylar” diýip seslenýänçä, ýassy namazyny gijikdirdi. Soňra (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) çykyp: “(Şu wagt) Ýeriň ýüzünde sizden başga şu namaza garaşyp duran hiç kim ýokdur” diýdi.
Şol wagtlar Medineden başga hiç ýerde namaz okalmaýardy. Olar Ýassy namazyny şapak gaýyp bolandan soň, tä gijäniň birinji üçden biri geçýänçä okardylar”.
"
"Abdulla ibn Omar (Allah ondan razy bolsun) şeýle habar beripdir: “Bir gije Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem (käbir işleri bilen) meşgul bolup, Ýassy namazyny şeýle bir gijikdirdi welin, biz (oňa garaşyp) mesjitde uklap galdyk. Soňra oýanyp, ýene ýatyp galypdyrys. Soňra ýene oýandyk. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem biziň ýanymyza çykyp geldi we “(Şu wagt) Ýeriň ýüzünde sizden başga şu namaza garaşyp duran hiç kim ýokdur” diýdi.
Ibni Omar: “Ýatyp namazyň wagtyny geçirmekden gorkmasady, ýassy namazyny ir ýa-da giç okamagyň tapawudyny bilmezdi. Hatda ol namazdan öň ýatyp (dynjyny hem alardy)”.
"
"Ibn Abbas (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “(Bir) gije Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem ýassy namazyny şeýle bir gijikdirdi welin, hatda adamlar uklap galdylar. Soň oýandylar, soň ýene ukladylar, soňra ýene oýandylar. Şondan soň Omar (ibn Hattab) ýerinden turup: “Namaz!” diýip seslendi”.
‘Ata, Ibn Abbas ýene-de şeýle diýip aýtdy diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň kellesinden suw damyp duran halynda, ellerini kellesinde goýup (öýünden) daşaryk çykyşy häzirem gözümiň öňünden gidenok. Ol öýünden (çykandan soň) bize ýüzlenip: “Eger-de men ymmatyma kynçylyk döretmedik bolsadym, onda olara bu namazy şeýle okamaklaryny emr ederdim” diýdi.
Ibn Jureýj şeýle diýdi: “Men ‘Atadan Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň elini kellesinde nädip goýşuny, Ibn Abbasyň habar berşi ýaly, anyk suratlandyryp görkezmegini haýyş etdim. ‘Ata barmaklarynyň arasyny biraz açdy, soňra barmaklarynyň uçlaryny depesinde goýdy. Soňra olary kellesiniň üstünde gezdirip barmaklaryny birleşdirdi. Başam barmagyny ýüz tarapyndan gulak ýumşaklygyna degýänçä, (ýokardan aşaklygyna) maňlaý we sakgal taraplaryna indirdi. Ol muny edende ne haýal, ne-de çalt edip görkezdi” diýdi.
"
"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýassy namazyny gijäniň ýarymyna çenli gijikdirdi. Soňra namazyny okap bolandan soň, bize şeýle diýdi: “(Sizden başga beýleki) adamlar eýýäm namazlaryny okap ýatdylar. Emma siz namaza garaşyp durdugyňyzça, namazda ýaly (hasap edilersiňiz)”.
Humeýd, Enes ibn Mälikden eşiden zadyny gürrüň berip şeýle diýdi: “Enes “Şol gije Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýüzüginiň ýalpyldysy häzirem gözümiň öňünden gidenok” diýdi”.
"
"Jerir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:
“(Bir gije) biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyndadyk. Ol (on dördünji gijäniň bedr) dolan Aýyna seredip, bize şeýle diýdi: “Elbetde, siz şu Aýy hiç hili kynçylyk çekmän, rahat bir halda görşüňiz ýaly, Robbuňyzy hem edil şonuň ýaly rahat bir halda görüp bilersiňiz. Eger-de siz Gün dogmazdan we ýaşmazdan öň (hiç zat päsgel bermezden) namaz okamagy başarsaňyz, onda ony hökman berjaý ediň!”.
Ondan soň şu aýaty okady: “Günüň dogýan we ýaşýan wagtyndan öň Perwerdigäriňi hamdu-sena (öwgi) bilen tesbih et” {Kaf:39}.
"
Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Iki serginlikde okalýan namazy (ýagny ertir we ikindi namazyny) okan adam Jennete girer”.
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Zeýd ibn Säbit (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen (remezan aýynda) selälik edinenlerinden soňra (turup), namaza durandyklaryny gürrüň beripdir. Men “Olaryň arasy näçeräk wagtdy?” diýip soranymda, Zeýd “Elli ýa-da altmyş aýat okarça wagtdy” diýip jogap berdi”.