"‘Urwadan habar berilmegine görä, Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ikindi namazyny meniň otagyma Günüň (şöhlesi) düşüp durka we heniz kölege düşmänkä okardy”.
Mälik, Ýahýa ibn Sa’yd, Şu’aýb we Ibn Ebu Hafsa dagylar hem: “Gün heniz ýokaryk galmazdan” diýipdirler.
"
"Seýýar ibn Selämeden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men (bir gün) kakam bilen bilelikde Ebu Barza Al-Asläminiň (Allah ondan razy bolsun) ýanyna bardym. Kakam ondan “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem parz namazlaryny nähili okardy?” diýip sorady. Ol şeýle jogap berdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem siziň birinji (namaz) diýip atlandyrýan öýle namazyňyzy, Gün günortadan günbatara tarap meýil edip başlan badyna okardy.
Ikindi namazyny okap bolandan soňra bolsa, biziň birimiz Medinäniň iň uzak çetinde ýerleşýän öýüne dolanyp baran mahalynda-da, Gün diri bolup, (henizem onuň gyzgynlygy gitmänkä baryp ýeterdi).
(Bu hadysy rowaýat eden adam) “Agşam namazy hakynda aýdan sözlerini ýadymdan çykarypdyryn” diýdi.
Ol siziň “atama” diýip atlandyrýan namazyňyz bolan, ýassy namazyny yza çekip, gijikdirip okamagy gowy görerdi we şol namazy okaýança uklamagy we ony okanyndan soňra bolsa gürrüňleşip oturmagy halamazdy.
Ertir namazy babatda aýdylanda bolsa, ol daňdanyň alagaraňkysynda, bir adamyň ýanynda oturanyň ýüzüni saýgaryp başlan wagtynda ony tamamlardy we bu namazda altmyş aýatdan ýüz aýata çenli okardy”.
"
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz ikindi namazyny okanymyzdan soň, bir adam Benu ‘Amr ibn ‘Awuf taýpasynyň ýaşaýan ýerlerine baranda, olaryň ikindi namazyny okap durandyklaryny görüp bilýärdi ”.
Ebu Bekr ibn Osman ibn Sehl ibn Huneýfden habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: Men Umama ibn Sähliň şeýle diýendigini eşitdim: “(Bir gezek) biz Omar ibn Abdulazyz bilen öýle namazyny okadyk. Soňra çykyp Enes ibn Mäligiň ýanyna bardyk. Biz onuň ýanyna baranymyzda ol namaz okap durdy. (Namazdan soň) men ondan: “Agam, bu okan namazyň haýsy namaz?” diýip soradym. Enes: “Bu ikindi namazy we bu biziň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen bile okan namazymyzdyr” diýdi.
"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem ikindi namazyny Gün heniz ýokardaka we diri (ýagny howry öçmänkä) okardy. Namazdan soň ‘Awaly diýen ýere giden adam, şol ýere baranda, Gün henizem ýokarda wagty baryp ýeterdi”.
‘Awaliniň käbir ýerleri Medineden, takmynan, dört mil uzaklykda ýa-da şoňa ýakyn uzaklykda ýerleşýärdi.
"
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz ikindi namazyny okardyk we namazdan soň biziň içimizden Kuba giden bar bolsa, ol şol ýere Gün heniz ýokarda wagty baryp ýeterdi”.
Abdulla ibn Omardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Ikindi namazyny geçiren adam, maşgalasyny we mal-mülküni ýitiren adam ýalydyr”.
Ebul – Mälihden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek biz bulutly bir günde, Bureýde bilen (Allah ondan razy bolsun) harby ýörişdedik. Bureýde şonda bize şeýle diýdi: “Ikindi namazyny irräk okaň, çünki Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Ikindi namazyny terk eden adamyň amaly batyl (ýagny puç) bolýandyr” diýdi.
". Jerir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gije) biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyndadyk. Ol (on dördünji gijäniň) dolan Aýyna seredip, bize şeýle diýdi: “Elbetde, siz şu Aýy hiç hili kynçylyk çekmän, rahat bir halda görşüňiz ýaly, Robbuňyzy hem edil şonuň ýaly rahat bir halda görüp bilersiňiz. Eger-de siz Gün dogmazdan we ýaşmazdan öň (hiç zat päsgel bermezden) namaz okamagy başarsaňyz, onda ony hökman berjaý ediň!”.
Ondan soň şu aýaty okady: “Günüň dogýan we ýaşýan wagtyndan öň Perwerdigäriňi hamdu-sena (öwgi) bilen tesbih et” {Kaf:39}.
"
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Size gözegçilik etmek üçin käbir perişdeler gijelerine, käbirleri bolsa gündizlerine gelip, siziň araňyzda bolarlar. Ol (perişdeler) biri-birleri bilen ertir we ikindi namazlarynda duşarlar. Soňra gije siziň araňyzda bolan perişdeler Allahyň huzuryna çykarlar. Allah bendeleriniň ýagdaýyny perişdelerden has gowy bilýänem bolsa, ýene-de olardan: “Bendelerimi nähili halda goýup gaýtdyňyz?” diýip sorar. Olar “Biz olary namaz okap duran hallarynda goýup gaýtdyk, biz olaryň ýanlaryna baranymyzda-da olar namaz okap durdular” diýerler.