"Ýene-de Abdulla ibn Omaryň (Allah ondan razy bolsun) aýtmagyna görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Şarafur-Rawhadaky mesjidiň bäri tarapyndaky kiçijik bir mesjidiň ýerleşýän ýerinde namaz okapdyr.
Abdulla (Ibn Omar Allah olardan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namaz okan ýerlerini bilerdi we ol şeýle salgy bererdi: “Eger-de sen ol ýerde mesjidiň içinde namaz okasaň, (şol ýer) sag tarapyňa düşýändir. Bu mesjid Mekgä tarap gidilýän ýoluň sag tarapynda ýerleşýändir. Onuň bilen uly mesjidiň aralygy bir daş atar ýa-da şoňa meňzeşräk bir aralykdyr” diýerdi”.
"
Ýene-de habar berilmegine görä, Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) Ar-Rawhadan çykan ýeriňdäki Al-‘Yrka tarap öwrülip, namaz okar eken. Bu depejigiň soňy Mekgä tarap gideniňde, Ar-Rawhanyň serhedi bilen onuň arasyndaky ýerleşýän mesjidiň golaýyndaky ýoluň gyrasynda gutarýandyr. Şol ýerde (soň) bir mesjid guruldy, ýöne Abdylla ibn Omar şol mesjitde namaz okamazdy. Ol şol ýerde namaz okanda, ýüzüni Al-‘Yrka tarapa öwrüp (mesjidi), çep tarap yzynda goýup (okardy). Abdylla ibn Omar Ar-Rawhadan çykandan soň, şol ýere barýança, ol öýle namazyny okamazdy. Öýle namazyny diňe şol ýere barandan soň okardy. Mekgeden yzyna gaýdan wagty, şol ýerden geçse, eger-de daň atmagyna ýa-da säher wagtyna golaý bolsa, ertir namazyny okaýança, şol ýerde galardy.
Ýene-de Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) şeýle gürrüň bererdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Ar-Ruwaýse (diýilýän oba) ýetmänkäň, ýoluň sag tarapynda, tekiz we giň bir ýerde ösüp oturan goja bir agajyň aşagynda düşlärdi. Ol agaç Ar-Ruwaýsedäki habarçylaryň duran ýerinden, takmynan, iki mil uzaklykda ýerleşýän depäniň bäri ýanynda ösýärdi. Bu agajyň ýokary başy döwüldi, içi (gurap) boşap galdy. Ol häzirem (daşky) agajynyň hasabyna (direnip) durandyr. (Bu agajyň) aýagynda bolsa köp sanly gum tümmekleri bardyr”.
Ýene-de Abdulla ibn Omar (Allah oladan razy bolsun) şeýle gürrüň beripdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Al-‘Arj obasynyň arka tarapyndaky sil suwlarynyň üýşýän ýeriniň bir gyrasynda namaz okardy. Şol ýerde soň gurlan mesjidiň golaýyndaky kiçiräk bir daga tarap barsaň, üstünde uly daş goýlan iki-üç sany gabyr bardyr. Gabyrlar şol ýerdäki ýoluň sag tarapynda ösýän agaçlaryň arasynda ýerleşýär. Abdulla günortan wagty Gün (zowaldan) süýşüp ugrandan, Al-‘Arjdan çykardy we öýle namazyny şol mesjitde okardy”.
Ýene-de Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) habar berilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Harşä dagynyň ilersindäki peslikde, ýoluň çep tarapyndaky agaçlaryň ýanynda düşläpdir. Bu peslik (ýer) Harşä dagynyň bir tarapyna ýanaşyk bolup, onuň bilen ýoluň arasyndaky aralyk, takmynan, bir okuň uçuş aralygyna deň gelýändir. Abdulla (ibn Omar şol ýerde) namaz okanda, ýüzüni ýola iň ýakyn we ähli agaçlardan iň uzyn bolan agaja tarap öwürerdi”.
Ýene-de Abdulla ibn Omardan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Marruz-Zahraniniň bärsinde, Medine tarapdaky iň ýakyn bolan peslikde düşlärdi. (Ol ýer) Safrawatdan inip, Mekgä tarap baranyňda, ýoluň çep tarapynda ýerleşýän şol pesligiň düýbündäki giň bir ýerdir. Ýol bilen Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şol düşlän ýeriniň arasyndaky uzaklyk bolsa bir daş atar uzaklykdadyr”.
Ýene-de Abdulla ibn Omardan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi cwesellem (Mekgä giden wagty), Zu Tuwa diýilýän ýerde-de düşlärdi. Şol ýerde tä daň atýança gijäni geçirerdi. Ertir namazyny okandan soňra, Mekgä giderdi. Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň namaz okan ýeri gaýalyk bir depäniň üstündedir. Şol ýerdäki (soň) gurlan mesjidiň ýerleşýän ýerinde däl-de, ondan aşagrakda gaýalyk bir depäň üstündedir”.
Ýene-de Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) şeýle gürrüň beripdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namaz okan wagty, özi bilen Käbe tarapdaky beýik bir dagyň arasyndaky iki dag geçelgesine tarap öwrülip, namaz okardy. (Abdulla ibn Omar hem şol ýerde namaz okanda), şol ýerdäki gaýalyk bir depäniň üstünde gurlan mesjidiň çep tarapyna geçirip (okardy). Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namaz okan ýeri şol mesjidiň aşagynda, gara depäniň üstünde ýerleşýändir. (Şol ýere barmak üçin) gaýalyk depäniň üstüne takmynan, on gez çykanyňdan soň, Käbe bilen seniň araňa düşen dagyň şol iki geçelgesine tarap öwrülip namaz okarsyň”.
Abdulla ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Minada adamlar bilen (öňlerinde hiç hili sütre) diwar goýman namaz okap durkalar urkaçy bir eşege münüp olaryň öňlerinden geldim. Şol wagt men entek ýetginjeklik ýaşa ýetmändim. Men (namaza duran adamlaryň) käbir saplarynyň öňünden geçip, (eşegimden) düşdüm. Soňra eşegimi otlamak üçin goýberdim, özümem hatara girip, (namaza) durdum. Munuň üçin maňa hiç kim hiç zat diýmedi”.
Ibn Omardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem baýram güni (namaz okamaga) çykanda, namaz okajak ýeriniň öňünde kiçiräk bir naýzany (ýere) dikip goýmaklygy emr ederdi. Soňra şol naýza tarap öwrülip namaz okardy. Adamlar hem Onuň yzynda durardylar. Ol muny saparda wagtynda şeýle ederdi. Şondan soň beýleki emirler hem şony özlerine däp edindiler”.