Abdulla ibni Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Bu azap berlen (milletiň ýaşap geçen) ýurduna girmäň. Eger girmeli bolsaňyz hem diňe aglap giriň. Eger aglamasaňyz, onda ol ýerlere girmäň. Olaryň başyna gelenler siziň başyňyza-da gelmesin!”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, Ummu Seleme (enemiz) Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme Habaşystanda (Efiopiada) “Mariýa” atly Kenisany görendigini we onuň içindäki suratlar hakynda gürrüň berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Olar şeýle bir milletlerdir, eger-de içlerinden haýsydyr bir salyh, gowy adam ýa-da salyh bir gul ölse, onuň gabrynyň üstünde (ybadat eder) ýaly, mesjid (ybadathana) gurup, içinde-de şoňa meňzeş suratlary goýarlar. Olar Allahyň huzurynda mahlukatlaryň içinde iň erbetleridir”.
Aişa bilen Abdulla ibn Abbas (Allah olardan razy bolsun) şeýle diýipdirler: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ölmezinden ozal, (hassa wagty), ýüzüni ýorgan bilen ýapyp durardy we (haçan-da dem almagy kynlaşanda), ýorgany ýüzünden aýrardy. Şol halynda-ka Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Pygamberleriniň gabyrlaryny mesjid edinýän ýehudylara we hristiýanlara Allah nälet etsin!” diýdi. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) olaryň eden işlerini gaýtalamaz ýaly, (öz ymmatyna) duýduryş bererdi”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Goý, Allah pygamberleriniň mazarlaryny mesjitlere öwren ýewreýleri heläk etsin!”.
Jäbir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Maňa menden öňki pygamberleriň hiç birine berilmedik bäş (zat) berildi: Bir aýlyk uzaklykda ýerleşýän (duşmanlarymyň ýüreklerine) gorky salmak bilen maňa goldaw berildi. (Bütin) Ýeriň ýüzi meniň üçin namaz okar ýaly hem-de arassalanar ýaly bir ýer edilip goýuldy. Şonuň üçin hem meniň ymmatymdan haýsy bir adama (islendik bir ýerde namazyň) wagty gelse, ol (şol ýerde) namazyny okap biler. (Uruşdan düşen) oljalary almak (menden öňki pygamberleriň hiç birine halal däldi, ýöne) maňa halal edildi. Pygamberleriň her biri diňe öz halkyna (kowumyna) iberilen bolsa, Men bütin adamzada iberildim we mundan başga-da, maňa şepagat hukugy berildi”.
"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir wagtlar) arap taýpalarynyň birine degişli bir gara gyrnak bardy. Ony azat edenlerinden soň hem, ol (şol ýerde) olar bilen bile galypdyr.
(Ol aýal) şeýle gürrüň berdi: “Günleriň birinde bir gyzjagaz deriden bejerilip, merjen däneleri bilen bezelen bir gyzyl reňkli guşagy dakynyp, (öýden) çykdy. Ol gyzjagaz guşagyny (ýa özi ýerde) goýdy, (ýa-da guşak ondan ýere gaçdy). Soň bir ýerden bir algyr guşy (korşun) uçup geldi-de, onuň (ýerde ýatan) guşagyny görüp, ony (bir bölek) etdir öýdüp alyp gitdi. Adamlar ony gözläp başladylar, ýöne tapyp bilmediler. Soňra olar töhmet edip, (ony meniň üstüme atdylar)”.
(Aişa şeýle diýdi): “Olar onuň hemme ýerini, hatda uýat ýerlerine çenli açyp gözläpdirler”.
(Soňra ol aýal) şeýle diýdi: “Allahdan ant içýärin, men olaryň arasynda durkam, (ýene-de üstümizden) şol ýaňky algyr uçup, guşagy taşlap geçdi. Guşak edil olaryň ortalaryna düşdi”. Men (olara) “Ine, men alandyr öýdüp, töhmet atan zadyňyz. Men ony almadym, meniň günäm ýokdy. Ine-de, şol (ýitiren zadyňyz) diýdim.”
(Aişa şeýle diýdi): “Soňra ol aýal Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip, musulman boldy”.
(Aişa ýene-de şeýle diýdi): “Onuň mesjitde bir çadyry (ýa-da kiçijik külbesi) bardy we ol, köplenç, meniň bilen gürleşmäge gelerdi. Hemişe (ol aýal) meniň bilen oturanda, şu goşgyny okardy:
“We ýäwmäl-wişähi min ä’ajibi Robbinä...Älä innähu min bäldätil-kufri änjäni”
(Guşak (wakasy) güni Robbumyň gudratlaryndan ýene biri ... Onuň meni şol kapyr ýurtdan halas etmegidir).
Soňra (Aişa şeýle diýdi): “(Bir gün) men ondan “Sen, näme üçin her gezek meniň bilen oturan wagtyň, şu goşgyny gaýtalaýarsyň?” diýenimde, ol maňa bu wakany gürrüň berdi”.
"
Nafi’şeýle diýipdir: “Maňa Abdulla ibn Omaryň (Allah ondan razy bolsun) habar bermegine görä, ol heniz öýlenmedik ýaş ýigit mahaly, (köplenç), Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň mesjidinde ýatandygyny habar berdi”.
"Sähl ibn Sa’d (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Fatymanyň öýüne geldi, ýöne öýde Alyny görmedi. (Şonda ol) “Pylan kakaň ogly nirede?” diýip sorady. (Fatyma) oňa “Aramyzda bir zat boldy (dawa etdik), ol maňa gahary gelip, öýlän meniň bilen ýatman çykyp gitdi” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir adama “Bar gör, nirede ol?” diýdi. (Birnäçe wagtdan soň), ol adam gelip “Eý, Allahyň Resuly, ol mesjitde ýatyr” diýdi.
Soňra Resulullah sallallahu aleýhi wesellem onuň ýanyna bardy. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) Alynyň egnindäki dony gaçyp, özi hem tozana bulaşyp ýatandygyny gördi. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem oňa “Eý, Ebu Turab tur! Eý, Ebu Turab tur!” diýip, onuň üstünden tozanlaryny kakyp başlady”.
"
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Ähli-Suffadan (bolan garyp sahabalaryň) ýetmiş sanysyny gördüm, olaryň hiç biriniň hem ridasy – (tutuş bedenini ýapyp duran bir laý eşigi) ýokdy. Olaryň ýa-ha izary (bilinden aşagyny ýapýan eşigi) ýa-da bir ujuny boýunlaryna daňyp, bir ujy bolsa, iki injikleriniň ýarysyna çenli ýetip duran ýa-da iki topuklaryna çenli ýetip duran eşikleri bardy. Olar adamlara, owratlaryny görkezmejek bolup, (eşikleriniň) bir ujyny elleri bilen tutup durardylar”.
Jäbir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün irden men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň mesjitde mahaly, onuň ýanyna bardym. Ol maňa “Iki rekagat namaz oka!” diýdi. Meniň ondan algym bardy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa bergisini berdi, üstesine-de, artdtryp berdi”.