413

36-nji bap

413

36-nji bap

Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Elbetde, mu’min adam namaz okan wagty, Robbuna mynajat edýändir, (ýagny Robby bilen gizlin söhbetdeşlikde bolýandyr). Şonuň üçin hem hiç biriňiz öň tarapyna ýa-da sag tarapyna tüýkürmesin, ýöne (tüýkürjek bolsa), çepine ýa-da aýagynyň aşagyna tüýkürsin!”.

حَدَّثَنَا آدَمُ، قَالَ: حَدَّثَنَا شُعْبَةُ، قَالَ: حَدَّثَنَا قَتَادَةُ، قَالَ : سَمِعْتُ أَنَسَ بْنَ مَالِكٍ، قَالَ: قَالَ النَّبِيُّ ﷺإِنَّ المُؤْمِنَ إِذَا كَانَ فِي الصَّلاَةِ، فَإِنَّمَا يُنَاجِي رَبَّهُ، فَلاَ يَبْزُقَنَّ بَيْنَ يَدَيْهِ، وَلاَ عَنْ يَمِينِهِ، وَلَكِنْ عَنْ يَسَارِهِ، أَوْ تَحْتَ قَدَمِهِ.

414

36-nji bap

414

36-nji bap

Ebu Sa’yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem mesjidiň kybla tarapyndaky diwaryň ýüzünde tüýkülik gördi. Ony ownuk daş bilen gazap aýyrdy. Şondan soň adama öň tarapyna ýa-da sag tarapyna tüýkürmekligini gadagan etdi. (Tüýkürjek bolsa-da), çepine ýa-da çep aýagynyň aşagyna tüýkürmelidigini emr etdi”.

حَدَّثَنَا عَلِيُّ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ، قَالَ: حَدَّثَنَا سcُفْيَانُ، حَدَّثَنَا الزُّهْرِيُّ، عَنْ حُمَيْدِ بْنِ عَبْدِ الرَّحْمَنِ، عَنْ أَبِي سَعِيدٍ، أَنَّ النَّبِيَّ صلّى الله عليه وسلم أَبْصَرَ نُخَامَةً فِي قِبْلَةِ المَسْجِدِ، فَحَكَّهَا بِحَصَاةٍ ثُمَّ نَهَى أَنْ يَبْزُقَ الرَّجُلُ بَيْنَ يَدَيْهِ، أَوْ عَنْ يَمِينِهِ وَلَكِنْ عَنْ يَسَارِهِ، أَوْ تَحْتَ قَدَمِهِ اليُسْرَى وَعَنِ الزُّهْرِيِّ، سَمِعَ حُمَيْدًا، عَنْ أَبِي سَعِيدٍ نَحْوَهُ.

415

37-nji bap

415

37-nji bap

Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Mesjide tüýkürmek günädir we bu günäniň keffaraty bolsa tüýküligi gömmekdir”.

حَدَّثَنَا آدَمُ، قَالَ حَدَّثَنَا شُعْبَةُ، قَالَ: حَدَّثَنَا قَتَادَةُ، قَالَ: سَمِعْتُ أَنَسَ بْنَ مَالِكٍ، قَالَ: قَالَ النَّبِيُّ ﷺ البُزَاقُ فِي المَسْجِدِ خَطِيئَةٌ وَكَفَّارَتُهَا دَفْنُهَا.

Salgylanma:

“• Şol günäňi aýyrmak • Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň mesjidiniň ýeri çagyl, toprak bolupdyr. ”

416

38-nji bap

416

38-nji bap

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Siziň biriňiz namaz okamaga duran wagty, öň tarapyna tüýkürmesin, çünki ol namaz okaýan ýerinde näçe durdugyça, Allaha mynajat edýändir (ýagny Allah bilen gizlin söhbetdeş bolýandyr). Sagyna-da tüýkürmesin, çünki sagynda-da perişde bardyr. (Eger tüýkürjek bolsa), çep tarapyna ýa-da aýagynyň aşagyna tüýkürip, soňra ony gömsün!”.

حَدَّثَنَا إِسْحَاقُ بْنُ نَصْرٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا عَبْدُ الرَّزَّاقِ، عَنْ مَعْمَرٍ، عَنْ هَمَّامٍ، سَمِعَ أَبَا هُرَيْرَةَ، عَنِ النَّبِيِّ ﷺ قَالَ: إِذَا قَامَ أَحَدُكُمْ إِلَى الصَّلاَةِ، فَلاَ يَبْصُقْ أَمَامَهُ، فَإِنَّمَا يُنَاجِي اللَّهَ مَا دَامَ فِي مُصَلَّاهُ، وَلاَ عَنْ يَمِينِهِ، فَإِنَّ عَنْ يَمِينِهِ مَلَكًا، وَلْيَبْصُقْ عَنْ يَسَارِهِ، أَوْ تَحْتَ قَدَمِهِ، فَيَدْفِنُهَا.

417

39-nji bap

417

39-nji bap

Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (mesjidiň) kybla tarapynda tüýkülik gördi. Derrew ony eli bilen gazap (aýyrdy). Onuň muny gaty ýigrenendigi (ýüzünden) belli boldy ýa-da Onuň muňa gaty gahary geldi, hatda (gahary) ýüzüne çykdy. Soňra Ol şeýle diýdi: “Siziň biriňiz namaz okamaga duran wagty, Robbuna mynajat edýändir, (ýagny Robby bilen gizlin söhbetdeşlige girýändir ýa-da onuň Robby (namazda) özi bilen kyblasynyň arasynda bolýandyr. Şonuň üçin hem hiçkim kybla tarapyna tüýkürmesin. (Eger-de tüýkürmekçi bolsa-da), çepine ýa-da aýagynyň aşagyna tüýkürsin!”. Soňra Ol donunyň bir ujuny alyp, onuň içine tüýkürdi we beýleki tarapy bilen ony epläp: “Ýa-da şeýle etsin!” diýdi.

حَدَّثَنَا مَالِكُ بْنُ إِسْمَاعِيلَ، قَالَ: حَدَّثَنَا زُهَيْرٌ، قَالَ: حَدَّثَنَا حُمَيْدٌ، عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ، أَنَّ النَّبِيَّ ﷺ رَأَى نُخَامَةً فِي القِبْلَةِ، فَحَكَّهَا بِيَدِهِ وَرُئِيَ مِنْهُ كَرَاهِيَةٌ، أَوْ رُئِيَ كَرَاهِيَتُهُ لِذَلِكَ وَشِدَّتُهُ عَلَيْهِ، وَقَالَ: إِنَّ أَحَدَكُمْ إِذَا قَامَ فِي صَلاَتِهِ، فَإِنَّمَا يُنَاجِي رَبَّهُ أَوْ رَبُّهُ بَيْنَهُ وَبَيْنَ قِبْلَتِهِ، فَلاَ يَبْزُقَنَّ فِي قِبْلَتِهِ، وَلَكِنْ عَنْ يَسَارِهِ أَوْ تَحْتَ قَدَمِهِ، ثُمَّ أَخَذَ طَرَفَ رِدَائِهِ، فَبَزَقَ فِيهِ وَرَدَّ بَعْضَهُ عَلَى بَعْضٍ، قَالَ: أَوْ يَفْعَلُ هَكَذَا.

418

40-nji bap

418

40-nji bap

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Siz meniň kyblam (diňe) şu ýerde diýip pikir edýärsiňizmi? Allahdan ant içýärin, ne siziň (namazdaky) huşugyňyz, ne-de rukugyňyz menden gizlin bolup bilýän däldir, çünki men sizi arkamdanam görýändirin”.

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، قَالَ: أَخْبَرَنَا مَالِكٌ، عَنْ أَبِي الزِّنَادِ، عَنِ الأَعْرَجِ، عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ، أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ قَالَ: هَلْ تَرَوْنَ قِبْلَتِي هَا هُنَا، فَوَاللَّهِ مَا يَخْفَى عَلَيَّ خُشُوعُكُمْ وَلاَ رُكُوعُكُمْ، إِنِّي لَأَرَاكُمْ مِنْ وَرَاءِ ظَهْرِي.

Salgylanma:

• Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem biziň bilen namaz okady. Soňra münbere çykyp, namaz okamak, rukug etmek hakynda şeýle diýdi: “Elbetde, men sizi öňümden görşüm ýaly, arkamdan hem görýändirin”.

419

40-nji bap

419

40-nji bap

Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem biziň bilen namaz okady. Soňra münbere çykyp, namaz okamak, rukug etmek hakynda şeýle diýdi: “Elbetde, men sizi öňümden görşüm ýaly, arkamdan hem görýändirin”.

حَدَّثَنَا يَحْيَى بْنُ صَالِحٍ، قَالَ : حَدَّثَنَا فُلَيْحُ بْنُ سُلَيْمَانَ، عَنْ هِلاَلِ بْنِ عَلِيٍّ، عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ، قَالَ : صَلَّى بِنَا النَّبِيُّ ﷺ صَلاَةً، ثُمَّ رَقِيَ المِنْبَرَ، فَقَالَ فِي الصَّلاَةِ وَفِي الرُّكُوعِ :إِنِّي لَأَرَاكُمْ مِنْ وَرَائِي كَمَا أَرَاكُمْ.

420

41-nji bap

420

41-nji bap

Abdulla ibn Omardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem seýislenip, taýýarlyk görülen atlaryň arasynda Hafýadan tä, Saniýýat-ul-Wada’ çenli ýaryş (ýagny at çapyşyk) gurnady. Şonuň ýaly ýene-de, seýislenmedik atlaryň arasynda hem Seniýýeden başlap, tä Zuraýk ogullarynyň mesjidine çenli at çapyşyk gurnady. Abdulla ibn Omar hem şol ýaryş edenleriň arasyndady”.

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، قَالَ: أَخْبَرَنَا مَالِكٌ، عَنْ نَافِعٍ، عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ عُمَرَ أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ سَابَقَ بَيْنَ الخَيْلِ الَّتِي أُضْمِرَتْ مِنَ الحَفْيَاءِ، وَأَمَدُهَا ثَنِيَّةُ الوَدَاعِ، وَسَابَقَ بَيْنَ الخَيْلِ الَّتِي لَمْ تُضْمَرْ مِنَ الثَّنِيَّةِ إِلَى مَسْجِدِ بَنِي زُرَيْقٍ، وَأَنَّ عَبْدَ اللَّهِ بْنَ عُمَرَ كَانَ فِيمَنْ سَابَقَ بِهَا.

Salgylanma:

“• Hafýa – Medinä golaý bir ýer. • Ýagny bu hadysda Zuraýk ogullarynyň mesjidi diýilip belli bir taýpa ýöňkelipdir. ”

421

42-nji bap

421

42-nji bap

"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme Bahreýnden (uly möçberde) baýlyk (altyn-kümüş) getirdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Olary mesjidiň içine döküň!” diýdi. Bu baýlyk şol wagta çenli, Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme getirilen iň uly möçberdäki pul (altyn-kümüşdi). Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namaz okamaga çykdy, ol pullaryň ýüzüne-de seretmedi. Namaz okap bolandan soň, gelip, şol pullaryň ýanynda oturdy we gören adamsyna ondan paýlap başlady. Soňra (bir ýerden) Abbas geldi. “Ýa Resulullah! Maňa-da bir zatlar beräý, çünki men özüm üçin, hem-de Akyl üçin töleg töläpdim” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa “Al” diýdi. Ol hem donuny ýere (ýazyp, iki eli bilen owuçlap) alyp başlady. Soň ony göterjek boldy, ýöne ol göterip bilmedi. Soň Abbas “Ýa Resulallah! Birine aýdyp beräý, arkama göterip beräýsin!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa “Ýok” diýdi. (Abbas) “Onda özüň galdyryp beräý!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de “Ýok” diýdi. Şondan soň Abbas puluň bir bölegini yzyna dökdi we ýene-de göterjek boldy, ýöne ýene-de oňa güýji ýetmedi. Soň ýene Abbas “Ýa Resulullah! Birine aýdaý-da, arkama göterip beräýsin!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de oňa “Ýok” diýdi. (Abbas) ýene-de “Onda özüň galdyryp beräý!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de oňa “Ýok” diýdi. Ondan soň (Abbas) ýene-de puluň bir bölegini döküp azaltdy we diňe şondan soň ony göterip arkasyna goýdy we ýöräp çykyp gitdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (Abbasyň) açgözlügine haýran galyp, gözden ýitýänçä, oňa seredip durdy. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem iň soňky dirhem paýlanyp gutarýança, şol oturan ýerinden turmady”. "

وَقَالَ إِبْرَاهِيمُ يَعْنِي ابْنَ طَهْمَانَ، عَنْ عَبْدِ العَزِيزِ بْنِ صُهَيْبٍ، عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، قَالَ: أُتِيَ النَّبِيُّ ﷺ بِمَالٍ مِنَ البَحْرَيْنِ، فَقَالَ: انْثُرُوهُ فِي المَسْجِدِ وَكَانَ أَكْثَرَ مَالٍ أُتِيَ بِهِ رَسُولُ اللَّهِ صلّى الله عليه وسلم، فَخَرَجَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ إِلَى الصَّلاَةِ وَلَمْ يَلْتَفِتْ إِلَيْهِ، فَلَمَّا قَضَى الصَّلاَةَ جَاءَ فَجَلَسَ إِلَيْهِ، فَمَا كَانَ يَرَى أَحَدًا إِلَّا أَعْطَاهُ، إِذْ جَاءَهُ العَبَّاسُ، فَقَالَ: يَا رَسُولَ اللَّهِ أَعْطِنِي فَإِنِّي فَادَيْتُ نَفْسِي وَفَادَيْتُ عَقِيلًا، فَقَالَ لَهُ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ خُذْ فَحَثَا فِي ثَوْبِهِ، ثُمَّ ذَهَبَ يُقِلُّهُ فَلَمْ يَسْتَطِعْ، فَقَالَ: يَا رَسُولَ اللَّهِ اؤْمُرْ بَعْضَهُمْ يَرْفَعْهُ إِلَيَّ، قَالَ : لاَ قَالَ: فَارْفَعْهُ أَنْتَ عَلَيَّ، قَالَ: لاَ فَنَثَرَ مِنْهُ، ثُمَّ ذَهَبَ يُقِلُّهُ، فَقَالَ: يَا رَسُولَ اللَّهِ اؤْمُرْ بَعْضَهُمْ يَرْفَعْهُ عَلَيَّ، قَالَ : لاَ قَالَ: فَارْفَعْهُ أَنْتَ عَلَيَّ، قَالَ: لاَ فَنَثَرَ مِنْهُ، ثُمَّ احْتَمَلَهُ، فَأَلْقَاهُ عَلَى كَاهِلِهِ، ثُمَّ انْطَلَقَ، فَمَا زَالَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺيُتْبِعُهُ بَصَرَهُ حَتَّى خَفِيَ عَلَيْنَا - عَجَبًا مِنْ حِرْصِهِ - فَمَا قَامَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ وَثَمَّ مِنْهَا دِرْهَمٌ.

Salgylanma:

“• Bahreýinden salgyt toplanyp getirildi. Ýüz müňlerçe dirhem ýa-da dinar. • Abbas Bedr söweşinde ýesir düşende, özi hem-de agasy Ebu Talybyň ogly Akyly azat etmek üçin töläpdir. ”

422

43-nji bap

422

43-nji bap

Enes (ibn Mälik) şeýle diýipdir: “(Bir gezek) men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi mesjitde tapdym. Onuň ýanynda adamlar bardy. Men (olaryň ýanyna bardym). Ol maňa “Seni Ebu Talha iberdimi?” diýdi. Men Oňa “Hawa” diýdim. Ol ýene maňa “Nahara çagyrmak üçinmi?” diýdi. Men ýene-de “Hawa” diýdim. Soňra Ol ýanyndakylara “Turuň!” diýip ýöräp gitdi. Men hem olaryň öňünden ýöräp gitdim”.

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، أَخْبَرَنَا مَالِكٌ، عَنْ إِسْحَاقَ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ أَبِي طَلْحَةَ، سَمِعَ أَنَسًا، قَالَ: وَجَدْتُ النَّبِيَّ ﷺ فِي المَسْجِدِ مَعَهُ نَاسٌ، فَقُمْتُ فَقَالَ لِي: آرْسَلَكَ أَبُو طَلْحَةَ؟، قُلْتُ: نَعَمْ، فَقَالَ: لِطَعَامٍ، قُلْتُ: نَعَمْ، فَقَالَ لِمَنْ مَعَهُ قُومُوا، فَانْطَلَقَ وَانْطَلَقْتُ بَيْنَ أَيْدِيهِمْ.