Habar berilmegine görä, Sa’yd ibn El-Haris şeýle diýipdir: “Biz Jäbir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) bir eşikde namaz okamak hakynda soradyk. Ol şonda bize şeýle diýdi: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň eden saparlarynyň birinde Onuň ýanynda boldum. Bir gije bir iş bilen Onuň ýanyna bardym. Ol namaz okap duran eken. Meniň egnimde diňe bir eşik bardy. Men hem (eşigime) dolanyp, Onuň ýanynda durup namaz okadym. (Namaz okap bolandan soň), Ol “Eý Jäbir, gije gelmegiň sebäbi näme?” diýip sorady. Men oňa näme üçin gelendigimi habar berdim. Ol maňa seredip: “(Eşigiňe beýle gaty) dolanmak nämä gerek boldy?” diýip sorady. Men “Bu eşik (gaty dar) bolýar” diýdim. Ol şonda “Eger eşigiň giň bolsa, onda (egniňi hem ýapar ýaly edip) oňa büren we eger-de (gaty) dar bolsa, ony izar ýaly edip, biliňe daňaý!” diýdi.
Habar berilmegine görä, Sahl ibn Sa’d şeýle diýipdir: “Käbir erkek kişiler Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen izarlaryny çagalaryňky ýaly boýunlaryna daňyp, namaz okardylar. Şonuň üçin hem aýallara “Erkekler tä gönelip oturýançalar, başyňyzy (sejdeden) galdyrmaň!” diýip tabşyryldy.
Al-Mugyra ibn Şu’badan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) men Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem bilen saparda bile boldum. Ol maňa “Eý, Mugyra, bu kündügi eliňe al” diýdi. Menem ony aldym. Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem tä gözümden gaýyp bolýança, öňümden ýöräp gitdi. Soň hajatyny bitirdi. (Şol gün) Onuň egninde Şam jübbesi bardy. Elini donunyň ýeňinden çykarjak boldy, ýöne welin ol gaty dardy. Soň elini (donunyň) aşagyndan çykardy. Men Oňa suw akydyp berdim. Ol namaz okamak üçin täret aldy we mesisiniň üstüne mesh etdi, soňra namaz okady”.
‘Amr ibn Dinar “Men Jäbir ibn Abdullanyň şeýle gürrüň berenini eşitdim” diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem (kureýişliler ) bilen bilelikde Käbe üçin daş daşaýardy. Onuň (bilinde) izary bardy. Onuň pylan kakasy Abbas Oňa “Eý, doganymyň ogly, izaryňy açyp, egniňdäki daşyň aşagynda goýsaň (gowy bolardy)” diýdi. (Jäbir) şeýle diýdi: “(Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) izaryny açyp, egninde goýan badyna, huşuny ýitirip, ýere ýykyldy. Şondan soň hiç kim Ony ýalaňaç halynda görmedi”.
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden bir eşikde namaz okamak hakynda sorag berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa “Näme siziň hemmäňizde iki eşik barmy, näme?” diýdi.
Soňra bir adam (bu hakda) Omardan hem sorady. Omar oňa “Eger Allah size bolluk berse, siz hem olary, (ýagny eşikleriňizi artdyryp) bol ediň. Bir adamyň eşikleri köp bolsa, olary (üst-üstüne) geýip biler. Bir adam izar bilen ridada , izar bilen köýnekde, izar bilen kaftanda, balak bilen ridada, balak bilen köýnekde, balak bilen kaftanda, şortik bilen kaftanda, şortik bilen köýnekde, namaz okap biler” diýdi.
(Ebu Hureýre “Omar şony diýende), şortik bilen rida-da diýen bolmagy mümkin” diýdi.
"
Ibni Omaryň habar bermegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden “Ihramly adam näme geýip biler?” diýip sorady. Ol şeýle diýdi: “Köýnek geýmez, balak geýmez, burnus geýmez, (wars) sary agaç ýa-da safran (zagfaran) bilen boýalan eşikleri geýmeli hem däldir. Eger aýakgap tapmasa, mesi geýsin, (ýöne onuň ýokarsydan) topugynyň aşagyna çenli kessin”.
Ebu Sa’yd El-Hudryden (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “iştimalis-sommäni” , şeýle hem “ihtibäni”, (ýagny) bir eşige bürenip, syrt üstünde oturyp, dyzlary ýokary galdyryp, ellerini bolsa olaryň daşyndan baglap we ferjiniň (jynsy organlarynyň) üstüni-de hiç zat bilen örtmän oturmaklygy gadagan etdi”.
• Iştimalis-sommä – tutuş bedenini bir eşige ýa-da mata, elini hem çykaryp bilmejek ýagdaýda dolamakdyr. Munuň gadaganlygynyň sebäbi, eger-de elini aşakdan çykarjak bolsa, owraty açylmagy mümkindir.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem iki hili söwdany gadagan etdi; eliňi degirmek bilen we zyňmak arkaly edilen söwdalary. Şeýle hem eşik hökmünde tutuş endamyny bir mata dolamaklygy. Ondan başga-da, dyzlaryny ýokary galdyryp, elleri bilen hem dyzlaryny baglap (we jynsy organlarynyň üstüni hem ýapman) oturmaklygy gadagan etdi”.
• Bulara “Limäs we nibäz” diýilýär. Bular Yslamdan öňki jähiliýýe döwründe edilýän söwdalaryň bir görnüşi bolup, bir zady ellemek ýa-da öňüne zyňmak bilen söwda amala aşýan eken. Yslamda bular gadagan edildi.
"Humeýd ibn Abdurrahman ibn ‘Aufdan rowaýat edilmegine görä, Ebu Hureýre (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsun) şol belli haç zyýaratynda, Gurbanlyk güni Minada jar çekip, adamlara “Indiki ýyldan başlap hiç bir müşrügiň haç etmeli däldigini we ýekeje ýalaňaç adamyň hem aýlanyp, Käbä towaf etmeli däldigini” habar berip, yglan etmek üçin meni beýleki muazzinler bilen bilelikde iberdi”.
Humeýd ibn Abdurrahman şeýle diýdi: “Soňra Resulullah sallallahu aleýhi wesellem (Ebu Bekriň) yzyndan Alyny iberip, “Bara’at” süresiniň (inendigini) yglan etmegi buýurdy”.
Ebu Hureýre (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýdi: “Aly Gurbanlyk güni biziň bilen Minada ýygnanan adamlara jar edip (gaty sesi bilen gygyryp): “Geljek ýyldan başlap hiç bir müşrük haç etmesin we ýekeje-de ýalaňaç adam aýlanyp, (Käbäniň daşyndan) towaf etmesin!” diýdi.
"
“• Bu ýerde jarçy manysynda.
• Ilki bada Aly Medinede galdy, soňra bir-iki günden soň, wahy geldi, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara (Bera’at süresini) okap bermek üçin yzlaryndan Alyny iberdi.
”
Muhammed ibn Al-Munkadirden habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) men Jäbir ibn Abdullanyň ýanyna bardym. Ol şol wagt bir eşige dolanyp, namaz okap duran eken. Onuň dony bolsa ýerde-di. Namazyny okap bolandan soň, biz oňa “Eý, Abdulla, donuň-a ýerde, özüňem namaz okaýarsyňmy?” diýip soradyk. Ol “Hawa, siziň ýaly nadanlaryň meni (şular ýaly ýagdaýda) görmegini isledim, çünki men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň hem şular ýaly eşikde namaz okap durşuny görüpdim” diýip jogap berdi.