371

12-nji bap

371

12-nji bap

"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Allahyň Resuly (söweş etmek üçin) Haýbaryň üstüne çozdy. Biz (Haýbara) golaýrak bir ýerde, daň atmazdan öň, garaňkylykda Ertir namazyny okadyk. Şondan soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (atyna) mündi. Ebu Talha-da mündi, men bolsa Ebu Talhanyň yzyna mündüm. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Haýbaryň köçelerinden geçip barýarka, meniň dyzym Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň buduna degdi. Onuň budundan izary açyldy, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň budunyň aklygy häzirem gözümiň öňünden gidenok. Haçan-da, oba giren wagty: “Allahu Akbär! Haýbar ýok edildi (harap boldy)! Haçan-da, biz bir kowumyň üstünden düşenimizde, “duýduryş berlenleriň säherleri nähili erbet bolar!” diýip, üç gezek gaýtalady. Enes şeýle diýdi: “Haýbarlylar (ir bilen) öz iş-güýçlerine çykyp başladylar. Olar (musulmanlary görüp): “Ine, Muhammed, ine-de (onuň) goşuny!” diýdiler. Enes şeýle diýdi: “Biz Haýbary zor bilen aldyk, haçan-da, ýesir düşenleri (bir ýere) jemlänlerinde, Dihýatul-Kelbi (Allah ondan razy bolsun, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň) ýanyna gelip: “Eý, Allahyň pygamberi, ýesirleriň arasyndan maňa-da bir gyrnak beräý!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa “Bar, git-de, bir gyrnak alaý” diýdi. Ol baryp, Safiýýa bint Huýaýýy aldy. Soňra bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Eý, Allahyň Pygamberi! Siz Dihýä, “Kuraýza we An-nadir” taýpalarynyň hojaýyny bolan Safiýýa bintu Huýaýýy berdiňiz. Ol diňe size mynasyp” diýdi. (Muny bilenden soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) “Ony alyp, ýanyma gelsin!” diýdi. (Dihya Safiýýany) getirdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ony görende, Dihýa ýüzlenip: “Sen ýesirleriň içinden başga bir gyrnak al!” diýdi. Enes şeýle diýdi: “Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ony azat edip, soň özi oňa öýlendi”. Säbit (Enesden) “Eý, Ebu Hamza, (Pygamberimiz) oňa mähir hökmünde näme berdi?” diýip sorady. (Enes) “Onuň özüni (berdi), sebäbi ony azat etdi we soň oňa öýlendi!” diýdi. (Enes şeýle diýdi): “Ýolda (yzlaryna gelýärkäler), Umm Suleýim (Safiýýany) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem üçin taýýarlady we gije ony, (Pygamberiň ýanyna) getirdi. Şeýlelikde, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem öýlenýän ýigit boldy. Ertesi gün irden (ýere) bir deri düşek (saçak) ýazylyp: “Kimiň iýer ýaly zady bar bolsa, ony getirsin!” diýdi. (Şondan soň), kimi hurma getirdi, kimisi bolsa ýagdyr (we şuňa meňzeşleri) getirip başlady. Bu hadysy rowaýat edenleriň biri “Enes şony gürrüň berende, (getirilen zatlaryň içinde) sawigi hem sanady öýdýärin” diýdi. Enes soň şeýle diýdi: “Soňra olaryň hemmesini garyşdyryp, “haýs” (diýilýän) nahary taýýarladylar. (Bu bolsa) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň toý (dabarasy) boldy”. "

حَدَّثَنَا يَعْقُوبُ بْنُ إِبْرَاهِيمَ، قَالَ: حَدَّثَنَا إِسْمَاعِيلُ بْنُ عُلَيَّةَ، قَالَ: حَدَّثَنَا عَبْدُ العَزِيزِ بْنُ صُهَيْبٍ، عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ، أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ غَزَا خَيْبَرَ، فَصَلَّيْنَا عِنْدَهَا صَلاَةَ الغَدَاةِ بِغَلَسٍ، فَرَكِبَ نَبِيُّ اللَّهِ ﷺ وَرَكِبَ أَبُو طَلْحَةَ، وَأَنَا رَدِيفُ أَبِي طَلْحَةَ، فَأَجْرَى نَبِيُّ اللَّهِ ﷺ فِي زُقَاقِ خَيْبَرَ، وَإِنَّ رُكْبَتِي لَتَمَسُّ فَخِذَ نَبِيِّ اللَّهِ ﷺ، ثُمَّ حَسَرَ الإِزَارَ عَنْ فَخِذِهِ حَتَّى إِنِّي أَنْظُرُ إِلَى بَيَاضِ فَخِذِ نَبِيِّ اللَّهِ ﷺ، فَلَمَّا دَخَلَ القَرْيَةَ قَالَ: اللَّهُ أَكْبَرُ خَرِبَتْ خَيْبَرُ إِنَّا إِذَا نَزَلْنَا بِسَاحَةِ قَوْمٍ ﴿فَسَاءَ صَبَاحُ المُنْذَرِينَ﴾ )الصافات : (177قَالَهَا ثَلاَثًا، قَالَ :وَخَرَجَ القَوْمُ إِلَى أَعْمَالِهِمْ، فَقَالُوا: مُحَمَّدٌ، قَالَ عَبْدُ العَزِيزِ :وَقَالَ بَعْضُ أَصْحَابِنَا :وَالخَمِيسُ - يَعْنِي الجَيْشَ - قَالَ: فَأَصَبْنَاهَا عَنْوَةً، فَجُمِعَ السَّبْيُ، فَجَاءَ دِحْيَةُ الكَلْبِيُّ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، فَقَالَ: يَا نَبِيَّ اللَّهِ، أَعْطِنِي جَارِيَةً مِنَ السَّبْيِ، قَالَ: اذْهَبْ فَخُذْ جَارِيَةً، فَأَخَذَ صَفِيَّةَ بِنْتَ حُيَيٍّ، فَجَاءَ رَجُلٌ إِلَى النَّبِيِّ ﷺ فَقَالَ: يَا نَبِيَّ اللَّهِ، أَعْطَيْتَ دِحْيَةَ صَفِيَّةَ بِنْتَ حُيَيٍّ، سَيِّدَةَ قُرَيْظَةَ وَالنَّضِيرِ، لاَ تَصْلُحُ إِلَّا لَكَ، قَالَ: ادْعُوهُ بِهَا فَجَاءَ بِهَا، فَلَمَّا نَظَرَ إِلَيْهَا النَّبِيُّ ﷺ قَالَ: خُذْ جَارِيَةً مِنَ السَّبْيِ غَيْرَهَا، قَالَ: فَأَعْتَقَهَا النَّبِيُّ ﷺ وَتَزَوَّجَهَا، فَقَالَ لَهُ ثَابِتٌ: يَا أَبَا حَمْزَةَ، مَا أَصْدَقَهَا؟ قَالَ: نَفْسَهَا، أَعْتَقَهَا وَتَزَوَّجَهَا، حَتَّى إِذَا كَانَ بِالطَّرِيقِ، جَهَّزَتْهَا لَهُ أُمُّ سُلَيْمٍ، فَأَهْدَتْهَا لَهُ مِنَ اللَّيْلِ، فَأَصْبَحَ النَّبِيُّ ﷺ عَرُوسًا، فَقَالَ: مَنْ كَانَ عِنْدَهُ شَيْءٌ فَلْيَجِئْ بِهِ وَبَسَطَ نِطَعًا، فَجَعَلَ الرَّجُلُ يَجِيءُ بِالتَّمْرِ، وَجَعَلَ الرَّجُلُ يَجِيءُ بِالسَّمْنِ، قَالَ: وَأَحْسِبُهُ قَدْ ذَكَرَ السَّوِيقَ، قَالَ: فَحَاسُوا حَيْسًا، فَكَانَتْ وَلِيمَةَ رَسُولِ اللَّهِ .ﷺ

Salgylanma:

“• Haýbar –şol wagtlar ýehudylaryň Medinede ýaşaýan ýeri • Soffät süresi – 177. • Meşhur sahaba. • Ýehudylaryň taýpalary • Haýbar basylyp alynmazdan öň, Safiýýa “Benu An-nadyr” taýpasynyň lideriniň aýaly bolupdyr. • Säbit – Enesiň şu hadysy gürrüň beren adamsy. • Ummu Suleým – Enes ibn Mäligiň ejesi. ”

372

13-nji bap

372

13-nji bap

Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem (mesjitde) Ertir namazyny okan wagtlary, käbir mu’min aýallar, ýeleklerine bürenip, Onuň bilen namaz okardylar. Soň olar öýlerine gaýdardylar. Hiç kim olary tanap bilmezdi”.

حَدَّثَنَا أَبُو اليَمَانِ، قَالَ: أَخْبَرَنَا شُعَيْبٌ، عَنِ الزُّهْرِيِّ، قَالَ: أَخْبَرَنِي عُرْوَةُ، أَنَّ عَائِشَةَ، قَالَتْ: لَقَدْ كَانَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ يُصَلِّي الفَجْرَ، فَيَشْهَدُ مَعَهُ نِسَاءٌ مِنَ المُؤْمِنَاتِ مُتَلَفِّعَاتٍ فِي مُرُوطِهِنَّ، ثُمَّ يَرْجِعْنَ إِلَى بُيُوتِهِنَّ مَا يَعْرِفُهُنَّ أَحَدٌ.

Salgylanma:

• Arapçasynda “Murut” diýip gelýär, ýagny eşikleriniň üstünden atylýan uzyn boýly ýelek

373

14-nji bap

373

14-nji bap

"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem nagyşly bir eşikde (hamisada) namaz okap otyrka, egnindäki eşigiň nagyşlaryna gözi düşdi. Namazyny okap bolandan soň: “Bu eşiklerimi Ebu Jahma eltip beriň-de, onuň /anbijaniýa/ eşiklerini maňa getiriň, çünki ýaňja ol meniň namazymdan ünsümi sowdy” diýdi. Hişäm ibn ‘Urwanyň kakasy Aişadan habar bermegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (şonda) şeýle diýipdir: “Namaz okan wagtym, onuň nagyşlaryna göz aýladym we onuň meni pitnä düşürip, (azdyrmagyndan) gorkdum”. "

"حَدَّثَنَا أَحْمَدُ بْنُ يُونُسَ، قَالَ: حَدَّثَنَا إِبْرَاهِيمُ بْنُ سَعْدٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا ابْنُ شِهَابٍ، عَنْ عُرْوَةَ، عَنْ عَائِشَةَ، أَنَّ النَّبِيَّ ﷺ صَلَّى فِي خَمِيصَةٍ لَهَا أَعْلاَمٌ، فَنَظَرَ إِلَى أَعْلاَمِهَا نَظْرَةً، فَلَمَّا انْصَرَفَ قَالَ: اذْهَبُوا بِخَمِيصَتِي هَذِهِ إِلَى أَبِي جَهْمٍ وَأْتُونِي بِأَنْبِجَانِيَّةِ أَبِي جَهْمٍ، فَإِنَّهَا أَلْهَتْنِي آنِفًا عَنْ صَلاَتِي. وَقَالَ هِشَامُ بْنُ عُرْوَةَ، عَنْ أَبِيهِ، عَنْ عَائِشَةَ، قَالَ النَّبِيُّ ﷺ: كُنْتُ أَنْظُرُ إِلَى عَلَمِهَا، وَأَنَا فِي الصَّلاَةِ فَأَخَافُ أَنْ تَفْتِنَنِي. "

Salgylanma:

“• Hamisa – nagyşlar bilen bezelen gymmat baha eşik, ýapynja • Ebu Jahm ‘Ubeýdulla ibn Huzeýfe – şu eşigi sowgat beren, meşhur sahaba. • Anbijaniýa – galyň ýüňden dokalan, hiç hili nagyşlary we bezegi bolmadyk eşik ”

374

15-nji bap

374

15-nji bap

Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Aişanyň öýünde onuň öýüniň bir tarapyny tutup duran inçe ýüňden dokalan nagyşly bir perdesi bardy. (Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa “Bu perdäni şu ýerden aýyr, çünki namaz okanymda, onuň şekilleri hemişe meniň gözüme görnüp durýar” diýdi.

حَدَّثَنَا أَبُو مَعْمَرٍ عَبْدُ اللَّهِ بْنُ عَمْرٍو، قَالَ: حَدَّثَنَا عَبْدُ الوَارِثِ، قَالَ: حَدَّثَنَا عَبْدُ العَزِيزِ بْنُ صُهَيْبٍ، عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ، كَانَ قِرَامٌ لِعَائِشَةَ سَتَرَتْ بِهِ جَانِبَ بَيْتِهَا، فَقَالَ النَّبِيُّ ﷺ أَمِيطِي عَنَّا قِرَامَكِ هَذَا، فَإِنَّهُ لاَ تَزَالُ تَصَاوِيرُهُ تَعْرِضُ فِي صَلاَتِي.

375

16-nji bap

375

16-nji bap

‘Ukba ibn ‘Amyrdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme “Ferruj” (ýagny ýakasy arkasyndan açylan ýüpekden bir don) sowgat berdiler. Ony geýip, namaz okady we namazyny okap bolandan soň, ony halaman ýigrenen bir adam ýaly, bedeninden derrew çykaryp taşlady. Soňra “Bu (Allahdan gorkýan) takwa adamlaryň geýjek eşigi däldir” diýdi”.

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، قَالَ: حَدَّثَنَا اللَّيْثُ، عَنْ يَزِيدَ بْنِ أَبِي حَبِيبٍ، عَنْ أَبِي الخَيْرِ، عَنْ عُقْبَةَ بْنِ عَامِرٍ، قَالَ: أُهْدِيَ إِلَى النَّبِيِّ ﷺ فَرُّوجُ حَرِيرٍ، فَلَبِسَهُ، فَصَلَّى فِيهِ، ثُمَّ انْصَرَفَ، فَنَزَعَهُ نَزْعًا شَدِيدًا كَالكَارِهِ لَهُ، وَقَالَ: لاَ يَنْبَغِي هَذَا لِلْمُتَّقِينَ.

376

17-nji bap

376

17-nji bap

Ebu Juhaýfadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi gyzyl reňkli deriden ýasalan çadyryň içinde gördüm we Bilalyň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň täret suwyny alyp duruşyny gördüm. Ýene-de men adamlaryň şol suwdan almaga howlugyp başlandyklaryny gördüm. Ol suwdan alyp bilenler (bedenlerine teberrik hökmünde) çalyp başladylar. Hiç zat alyp bilmedikler bolsa ýoldaşlarynyň çygly ellerine (ellerini degrip, üstlerine) sürtdiler. Soňra Bilal bir ujy demirden bolan taýagy (ýagny anazany) alyp, ony (sütre hökmünde) ýere dikdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem egnine gyrmyzy eşik (hülle) geýip, ony çermän halynda daşaryk çykdy. Şol anaza, tarap bakyp, adamlar bilen iki rekagat namaz okady. Men şonda şol taýagyň aňyrsyndan adamlaryň we haýwanlaryň geçip durşuny gördüm”.

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ عَرْعَرَةَ، قَالَ: حَدَّثَنِي عُمَرُ بْنُ أَبِي زَائِدَةَ، عَنْ عَوْنِ بْنِ أَبِي جُحَيْفَةَ، عَنْ أَبِيهِ، قَالَ: رَأَيْتُ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ فِي قُبَّةٍ حَمْرَاءَ مِنْ أَدَمٍ، وَرَأَيْتُ بِلاَلًا أَخَذَ وَضُوءَ رَسُولِ اللَّهِ ﷺ، وَرَأَيْتُ النَّاسَ يَبْتَدِرُونَ ذَاكَ الوَضُوءَ، فَمَنْ أَصَابَ مِنْهُ شَيْئًا تَمَسَّحَ بِهِ، وَمَنْ لَمْ يُصِبْ مِنْهُ شَيْئًا أَخَذَ مِنْ بَلَلِ يَدِ صَاحِبِهِ، ثُمَّ رَأَيْتُ بِلاَلًا أَخَذَ عَنَزَةً، فَرَكَزَهَا وَخَرَجَ النَّبِيُّ ﷺ فِي حُلَّةٍ حَمْرَاءَ، مُشَمِّرًا صَلَّى إِلَى العَنَزَةِ بِالنَّاسِ رَكْعَتَيْنِ، وَرَأَيْتُ النَّاسَ وَالدَّوَابَّ يَمُرُّونَ مِنْ بَيْنِ يَدَيِ العَنَزَةِ.

Salgylanma:

• Ýagny, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem täret alyp bolandan soň galan artyk suwy göz öňüne tutulýar.

377

18-nji bap

377

18-nji bap

Habar berilmegine görä, bir gezek Sähl ibn Sa’ddan (Allah ondan razy bolsyn): “(Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň) münberi nämeden ýasaldy?” diýip, ondan sorapdyrlar. (Sähl) olara “Indi, muny adamlaryň arasynda menden has gowy bilýän adam galmady. Ol Gabanyň “Esel” diýilýän agajyndan (ýasalypdy). Şol münberi Resulullah sallallahu aleýhi wesellem üçin pylan aýalyň ozal azat eden guly bolan pylany ýasady. Haçan-da, (şol münber) ýasalyp, (mesjitde) ýerinde goýlanda, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem onuň üstüne çykdy we ýüzüni kybla tarap öwrüp: “Allahu Akbär!” diýip, tekbir aýtdy we adamlar hem onuň arkasynda durdular. (Soňra) namaz okap başlady, rukuga gitdi we adamlar hem rukuga gitdiler. Soňra (rukugdan) başyny galdyryp, soň yzlygyna ýöräp, (münberden aşak düşüp), ýere sejde etdi. Soň (ýene-de) münbere mündi. Soň rukug etdi, rukugdan başyny galdyrdy, soň ýene-de yzlygyna ýöräp, (münberden aşak düşüp), ýere sejde etdi. Ine, meniň münber hakda bar bilýänim şulardyr” diýdi.

حَدَّثَنَا عَلِيُّ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ، قَالَ: حَدَّثَنَا سُفْيَانُ، قَالَ: حَدَّثَنَا أَبُو حَازِمٍ، قَالَ: سَأَلُوا سَهْلَ بْنَ سَعْدٍ: مِنْ أَيِّ شَيْءٍ المِنْبَرُ؟ فَقَالَ: مَا بَقِيَ بِالنَّاسِ أَعْلَمُ مِنِّي، هُوَ مِنْ أَثْلِ الغَابَةِ عَمِلَهُ فُلاَنٌ مَوْلَى فُلاَنَةَ لِرَسُولِ اللَّهِ ﷺ، وَقَامَ عَلَيْهِ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ حِينَ عُمِلَ وَوُضِعَ، فَاسْتَقْبَلَ القِبْلَةَ، كَبَّرَ وَقَامَ النَّاسُ خَلْفَهُ، فَقَرَأَ وَرَكَعَ وَرَكَعَ النَّاسُ، خَلْفَهُ ثُمَّ رَفَعَ رَأْسَهُ ثُمَّ رَجَعَ القَهْقَرَى، فَسَجَدَ عَلَى الأَرْضِ، ثُمَّ عَادَ إِلَى المِنْبَرِ، ثُمَّ رَكَعَ ثُمَّ رَفَعَ رَأْسَهُ، ثُمَّ رَجَعَ القَهْقَرَى حَتَّى سَجَدَ بِالأَرْضِ، فَهَذَا شَأْنُهُ، قَالَ أَبُو عَبْدِ اللَّهِ: قَالَ عَلِيُّ بْنُ المَدِينِيِّ: سَأَلَنِي أَحْمَدُ بْنُ حَنْبَلٍ رَحِمَهُ اللَّهُ عَنْ هَذَا الحَدِيثِ، قَالَ: فَإِنَّمَا أَرَدْتُ أَنَّ النَّبِيَّ ﷺ كَانَ أَعْلَى مِنَ النَّاسِ فَلاَ بَأْسَ أَنْ يَكُونَ الإِمَامُ أَعْلَى مِنَ النَّاسِ بِهَذَا الحَدِيثِ، قَالَ: فَقُلْتُ: إِنَّ سُفْيَانَ بْنَ عُيَيْنَةَ كَانَ يُسْأَلُ عَنْ هَذَا كَثِيرًا فَلَمْ تَسْمَعْهُ مِنْهُ قَالَ: لاَ.

Salgylanma:

“• Medinä golaý bir ýer. • Esel agajy – Tamarýsk agajy, berk agaçlardan hasaplanýar. ”

378

18-nji bap

378

18-nji bap

Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bir gezek atyndan ýykyldy. Onuň injigi ýa-da pilçesi syryldy. Bir aýlap aýallarynyň ýanyna barmajakdygyna ant içdi. Ol beýik bir (ýerde ýerleşýän) basgançaklary hurma agajyndan bolan otagynyň içinde oturdy. (Bir gezek) sahabalary Onuň ýagdaýyny soramaga baranlarynda, Ol oturan ýerinde namaz okady we (sahabalar bolsa) dik durup namaz okadylar. Salam berenden soň, ol şeýle diýdi: “Elbetde, ymam, yzyna uýup (eýermek) üçin bellenilýändir. Şonuň üçin hem eger ol tekbir alsa, sizem tekbir alyň; rukug etse, sizem rukug ediň; sejdä gitse, sizem sejdä gidiň. Eger dik durup namaz okasa, sizem dik durup namaz okaň” diýdi. Ol ýigrimi dokuz gün bolandan soň, şol ýerden aşak düşdi. Oňa “Eý, Allahyň Resuly! Bir aýlap aýallaryňa ýakynlaşmajakdygyňa ant içipdiň-ä” diýdiler. Ol “(Hawa, ýöne bu) aý ýigrimi dokuz gün” diýdi.

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ عَبْدِ الرَّحِيمِ، قَالَ: حَدَّثَنَا يَزِيدُ بْنُ هَارُونَ، قَالَ: أَخْبَرَنَا حُمَيْدٌ الطَّوِيلُ، عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ سَقَطَ عَنْ فَرَسِهِ فَجُحِشَتْ سَاقُهُ - أَوْ كَتِفُهُ - وَآلَى مِنْ نِسَائِهِ شَهْرًا، فَجَلَسَ فِي مَشْرُبَةٍ لَهُ دَرَجَتُهَا مِنْ جُذُوعٍ، فَأَتَاهُ أَصْحَابُهُ يَعُودُونَهُ، فَصَلَّى بِهِمْ جَالِسًا وَهُمْ قِيَامٌ، فَلَمَّا سَلَّمَ قَالَ: إِنَّمَا جُعِلَ الإِمَامُ لِيُؤْتَمَّ بِهِ، فَإِذَا كَبَّرَ فَكَبِّرُوا، وَإِذَا رَكَعَ فَارْكَعُوا، وَإِذَا سَجَدَ فَاسْجُدُوا، وَإِنْ صَلَّى قَائِمًا فَصَلُّوا قِيَامًا وَنَزَلَ لِتِسْعٍ وَعِشْرِينَ، فَقَالُوا: يَا رَسُولَ اللَّهِ، إِنَّكَ آلَيْتَ شَهْرًا، فَقَالَ: إِنَّ الشَّهْرَ تِسْعٌ وَعِشْرُونَ.

Salgylanma:

• Başga hadyslarda “Eger oturyp namaz okasa, sizem oturyp namaz okaň” diýip gelýär.

379

19-nji bap

379

19-nji bap

Abdulla ibn Şeddaddan rowaýat edilmegine görä, Meýmuna (enemiz) şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem, aýbaşym gelen döwri, meniň ýanymda durup namaz okardy. Kämahallar bolsa sejde eden wagty, eşikleri maňa degerdi. Adatça, ol “humrada” (ýagny hurma agajynyň ýapragyndan dokalan) namazlykda namaz okardy”.

حَدَّثَنَا مُسَدَّدٌ، عَنْ خَالِدٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا سُلَيْمَانُ الشَّيْبَانِيُّ، عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ شَدَّادٍ، عَنْ مَيْمُونَةَ، قَالَتْ: كَانَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ يُصَلِّي وَأَنَا حِذَاءَهُ، وَأَنَا حَائِضٌ، وَرُبَّمَا أَصَابَنِي ثَوْبُهُ إِذَا سَجَدَ، قَالَتْ: وَكَانَ يُصَلِّي عَلَى الخُمْرَةِ

380

20-nji bap

380

20-nji bap

"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) onuň garry enesi Muleýke (Allah ondan razy bolsun) Resulullah sallallahu aleýhi wesellemi nahara çagyrdy. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň bişiren) naharyndan iýenden soňra, olara “Indi, turuň, siziň üçin namaz okap bereýin!” diýdi. Enes şeýle diýdi: “Soňra men uzak wagtlap durmakdan ýaňa gap-gara bolup giden köneje hasyrymyzyň (düşegimiziň) üstüne suw sepip, ony alyp geldim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şonuň (üstünde namaza) durdy. Ýetim ikimiz Onuň arkasynda durduk, yzymyzda bolsa garry (enem Muleýke) durdy. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem biziň bilen iki rekagat namaz okandan soň, (öýden) çykyp gitdi”. "

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، قَالَ: أَخْبَرَنَا مَالِكٌ، عَنْ إِسْحَاقَ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ أَبِي طَلْحَةَ، عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ، أَنَّ جَدَّتَهُ مُلَيْكَةَ دَعَتْ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ لِطَعَامٍ صَنَعَتْهُ لَهُ، فَأَكَلَ مِنْهُ، ثُمَّ قَالَ: قُومُوا فَلِأُصَلِّ لَكُمْ قَالَ أَنَسٌ: فَقُمْتُ إِلَى حَصِيرٍ لَنَا، قَدِ اسْوَدَّ مِنْ طُولِ مَا لُبِسَ، فَنَضَحْتُهُ بِمَاءٍ، فَقَامَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، وَصَفَفْتُ وَاليَتِيمَ وَرَاءَهُ، وَالعَجُوزُ مِنْ وَرَائِنَا، فَصَلَّى لَنَا رَسُولُ اللَّهِ ﷺ رَكْعَتَيْنِ، ثُمَّ انْصَرَفَ