Suweýd ibn An-Nu’man (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Biz Haýbar ýylynda Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bilen ýola düşdük. Haçan-da, Sahbä (diýlen ýere baryp) ýetenimizde, (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) bize Ikindi namazyny okap berdi. Namaz okap bolandan soň, nahar getirmeklerini isledi, ýöne oňa sewikden başga hiç zat getirip bilmediler. Biz iýdik-içdik. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Agşam namazyna turdy. Agzyny çaýkady, soňra täret alman, bize Agşam namazyny okap berdi”.