191

43-nji bap

191

43-nji bap

Habar berilmegine görä, (bir gezek) Abdulla ibn Zeýd (täret alan wagty) gapdan suw akdyryp ilki bilen ellerini ýuwdy, soňra bir owuç suw bilen agzyny we burnuny ýuwdy ýa-da çaýkady we muny üç gezek gaýtalady. Soňra gollaryny tirseklerine çenli iki gezekden ýuwdy, soň bolsa (ellerini) kellesiniň öňüne we yzyna gezdirip, mesh etdi we aýaklaryny topuklaryna çenli ýuwdy. Soňra bolsa “Bu Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň täretidir” diýdi.

حَدَّثَنَا مُسَدَّدٌ، قَالَ: حَدَّثَنَا خَالِدُ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ، قَالَ: حَدَّثَنَا عَمْرُو بْنُ يَحْيَى، عَنْ أَبِيهِ، عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ زَيْدٍ، أَنَّهُ أَفْرَغَ مِنَ الإِنَاءِ عَلَى يَدَيْهِ فَغَسَلَهُمَا، ثُمَّ غَسَلَ - أَوْ مَضْمَضَ وَاسْتَنْشَقَ - مِنْ كَفَّةٍ وَاحِدَةٍ، فَفَعَلَ ذَلِكَ ثَلاَثًا، فَغَسَلَ يَدَيْهِ إِلَى المِرْفَقَيْنِ مَرَّتَيْنِ مَرَّتَيْنِ، وَمَسَحَ بِرَأْسِهِ، مَا أَقْبَلَ وَمَا أَدْبَرَ، وَغَسَلَ رِجْلَيْهِ إِلَى الكَعْبَيْنِ، ثُمَّ قَالَ: «هَكَذَا وُضُوءُ رَسُولِ اللَّهِ ﷺ.

Salgylanma:

• Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem edil şeýle täret alypdy

192

44-nji bap

192

44-nji bap

"Amr öz kakasyndan habar berip şeýle diýdi: “(Bir gün) men Amr ibn Ebu Hasanyň, Abdulla ibn Zeýdden Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň täret alşy barada soran wagty, oňa şaýat bolupdym: “Ol (Abdulla ibn Zeýd) bir tas suw getirmeklerini isledi we olara täret alyp görkezdi: Gaby egip, eline suw akdyrdy we üç gezek ellerini ýuwdy, soň eli bilen gapdan suw alyp, üç gezek agzyny ýuwdy we burnuna suw alyp sümgürip arassalady. Soňra gabyň içine elini sokup, üç gezek ýüzüni ýuwdy, soň ýene elini gaba sokup, gollaryny tirseklerine çenli iki-ikiden ýuwdy, ondan soň elini gabyň içine salyp, iki elini kellesiniň öňünden arkasyna, (arkasyndan hem) öňüne geçirip mesh etdi, soň bolsa ýene-de elini gabyň içine sokup, suw alyp aýaklaryny ýuwdy”. Musa, Wähbden habar berip şeýle diýdi: “Ol kellesine bir gezek mesh etdi”."

حَدَّثَنَا سُلَيْمَانُ بْنُ حَرْبٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا وُهَيْبٌ، قَالَ: حَدَّثَنَا عَمْرُو بْنُ يَحْيَى، عَنْ أَبِيهِ، قَالَ: شَهِدْتُ عَمْرَو بْنَ أَبِي حَسَنٍ، سَأَلَ عَبْدَ اللَّهِ بْنَ زَيْدٍ عَنْ وُضُوءِ النَّبِيِّ ﷺ «فَدَعَا بِتَوْرٍ مِنْ مَاءٍ فَتَوَضَّأَ لَهُمْ، فَكَفَأَ عَلَى يَدَيْهِ فَغَسَلَهُمَا ثَلاَثًا، ثُمَّ أَدْخَلَ يَدَهُ فِي الإِنَاءِ فَمَضْمَضَ وَاسْتَنْشَقَ وَاسْتَنْثَرَ ثَلاَثًا، بِثَلاَثِ غَرَفَاتٍ مِنْ مَاءٍ، ثُمَّ أَدْخَلَ يَدَهُ فِي الإِنَاءِ، فَغَسَلَ وَجْهَهُ ثَلاَثًا، ثُمَّ أَدْخَلَ يَدَهُ فِي الإِنَاءِ، فَغَسَلَ يَدَيْهِ إِلَى المِرْفَقَيْنِ مَرَّتَيْنِ مَرَّتَيْنِ، ثُمَّ أَدْخَلَ يَدَهُ فِي الإِنَاءِ فَمَسَحَ بِرَأْسِهِ، فَأَقْبَلَ بِيَدَيْهِ وَأَدْبَرَ بِهِمَا، ثُمَّ أَدْخَلَ يَدَهُ فِي الإِنَاءِ فَغَسَلَ رِجْلَيْهِ» وحَدَّثَنَا مُوسَى قَالَ: حَدَّثَنَا وُهَيْبٌ قَالَ: مَسَحَ رَأْسَهُ مَرَّةً.

193

45-nji bap

193

45-nji bap

Abdulla Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe, erkekler bilen aýallar bilelikde täret alardylar”.

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، قَالَ: أَخْبَرَنَا مَالِكٌ، عَنْ نَافِعٍ، عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ عُمَرَ، أَنَّهُ قَالَ: «كَانَ الرِّجَالُ وَالنِّسَاءُ يَتَوَضَّئُونَ فِي زَمَانِ رَسُولِ اللَّهِ ﷺ جَمِيعًا

Salgylanma:

• Ýagny bu hijap geýmek, örtünmek buýrugy inmezden öň şeýledi.

194

46-nji bap

194

46-nji bap

Jäbirden (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) men özümi bilmän, hassa bolup ýatyrkam, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem meni soramaga geldi. Ol (meniň öýümde) täret aldy, soňra täret suwundan meniň üstüme dökdi. Men özüme geldim-de: “Ýa Resulallah, miras kime galarka? Meniň mirasdüşerlerimiň (hemmesi) daşgyn garyndaşlarymdan ybarat” diýdim. Şondan soň miras hakynda aýat indi.

حَدَّثَنَا أَبُو الوَلِيدِ، قَالَ: حَدَّثَنَا شُعْبَةُ، عَنْ مُحَمَّدِ بْنِ المُنْكَدِرِ، قَالَ: سَمِعْتُ جَابِرًا يَقُولُ جَاءَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ يَعُودُنِي، وَأَنَا مَرِيضٌ لاَ أَعْقِلُ، فَتَوَضَّأَ وَصَبَّ عَلَيَّ مِنْ وَضُوئِهِ، فَعَقَلْتُ، فَقُلْتُ: يَا رَسُولَ اللَّهِ لِمَنِ المِيرَاثُ؟ إِنَّمَا يَرِثُنِي كَلاَلَةٌ، فَنَزَلَتْ آيَةُ الفَرَائِضِ.

195

47-nji bap

195

47-nji bap

Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) namaz wagty bolanda, mesjidiň golaýynda ýaşaýanlaryň hemmesi (täret almak üçin) öýlerine gitdiler, käbirleri bolsa (mesjitde) galdylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme daşdan ýasalan bir gap getirdiler. Ol şeýle bir kiçidi welin, hatda onuň içine elem sygmaýardy. Adamlaryň hemmesi şol gapdaky suwdan täret aldylar. Enesden “Siziň hemmäňiz şol ýerde näçeräk adamdyňyz?” diýip soralanda, “Segsenden gowurak adamdy” diýdi.

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ مُنِيرٍ، سَمِعَ عَبْدَ اللَّهِ بْنَ بَكْرٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا حُمَيْدٌ، عَنْ أَنَسٍ قَالَ: حَضَرَتِ الصَّلاَةُ، فَقَامَ مَنْ كَانَ قَرِيبَ الدَّارِ إِلَى أَهْلِهِ، وَبَقِيَ قَوْمٌ، «فَأُتِيَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ بِمِخْضَبٍ مِنْ حِجَارَةٍ فِيهِ مَاءٌ، فَصَغُرَ المِخْضَبُ أَنْ يَبْسُطَ فِيهِ كَفَّهُ، فَتَوَضَّأَ القَوْمُ كُلُّهُمْ» قُلْنَا: كَمْ كُنْتُمْ؟ قَالَ: ثَمَانِينَ وَزِيَادَةً.

196

47-nji bap

196

47-nji bap

. Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir gapda suw isledi. Ellerini we ýüzüni onuň içinde ýuwandan soňra (agzyndaky suwy) onuň içine pürkdi”.

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ العَلاَءِ، قَالَ: حَدَّثَنَا أَبُو أُسَامَةَ، عَنْ بُرَيْدٍ، عَنْ أَبِي بُرْدَةَ، عَنْ أَبِي مُوسَى أَنَّ النَّبِيَّ ﷺ دَعَا بِقَدَحٍ فِيهِ مَاءٌ، فَغَسَلَ يَدَيْهِ وَوَجْهَهُ فِيهِ، وَمَجَّ فِيهِ

197

47-nji bap

197

47-nji bap

Abdulla ibn Zeýdden (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bize geldi. Biz oňa bir mis gabyň içinde suw berdik, ol şondan täret aldy. Üç gezek ýüzüni ýuwdy, iki-ikiden ellerini ýuwdy, (ellerini maňlaýyndan) kellesiniň arkasyna we arkasyndan öňüne geçirip, kellesine mesh etdi, soňra aýaklaryny ýuwdy.”

حَدَّثَنَا أَحْمَدُ بْنُ يُونُسَ، قَالَ: حَدَّثَنَا عَبْدُ العَزِيزِ بْنُ أَبِي سَلَمَةَ، قَالَ: حَدَّثَنَا عَمْرُو بْنُ يَحْيَى، عَنْ أَبِيهِ، عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ زَيْدٍ قَالَ: «أَتَى رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، فَأَخْرَجْنَا لَهُ مَاءً فِي تَوْرٍ مِنْ صُفْرٍ فَتَوَضَّأَ، فَغَسَلَ وَجْهَهُ ثَلاَثًا، وَيَدَيْهِ مَرَّتَيْنِ مَرَّتَيْنِ، وَمَسَحَ بِرَأْسِهِ، فَأَقْبَلَ بِهِ وَأَدْبَرَ، وَغَسَلَ رِجْلَيْهِ.

198

47-nji bap

198

47-nji bap

"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hassalygy agyrlaşyp, keseli has hem güýjän wagty, Ol meniň öýümde (hassalygyny geçirip, oňa) seredilmegi üçin beýleki aýallaryndan rugsat sorady we olaryň hemmesi hem muňa razy boldular. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem iki adamyň, ýagny Abbasyň we ýene-de bir adamyň arasynda (olara ýapyşyp), aýaklaryny zordan ýerden süräp (öýden) çykdy. ‘Ubeýdulla men muny Abdulla ibn Abbasa habar berenimde, ol “Beýleki (ikinji) adamyň kimdigini bilýärsiňmi?” diýip sorady. Men “Ýok” diýdim. Ol maňa “(Ol adam) Aly ibn Ebu Talypdy (Allah ondan razy bolsun)” diýdi. Aişa (llah ondan razy bolsun) şeýle diýerdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem öýüne girenden soň, onuň agyrylary hasam güýjedi”. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Meniň üstümden heniz bagy çözülmedik ýedi tulum suw guýuň, belki, (ýeňläp) adamlara bir zatlar maslahat berip öwredip bilerin” diýdi. (Aişa Allah ondan razy bolsun şeýle diýdi): “Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi aýaly Hafsanyň legeniniň içinde oturtdylar. Soňra “Indi bes ediň” diýip, yşarat edýança, biz onuň üstünden suw guýduk. Şondan soň ol adamlaryň ýanyna çykdy”."

حَدَّثَنَا أَبُو اليَمَانِ، قَالَ: أَخْبَرَنَا شُعَيْبٌ، عَنِ الزُّهْرِيِّ، قَالَ: أَخْبَرَنِي عُبَيْدُ اللَّهِ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ عُتْبَةَ، أَنَّ عَائِشَةَ، قَالَتْ: لَمَّا ثَقُلَ النَّبِيُّ ﷺ وَاشْتَدَّ بِهِ وَجَعُهُ، اسْتَأْذَنَ أَزْوَاجَهُ فِي أَنْ يُمَرَّضَ فِي بَيْتِي، فَأَذِنَّ لَهُ، فَخَرَجَ النَّبِيُّ ﷺ بَيْنَ رَجُلَيْنِ، تَخُطُّ رِجْلاَهُ فِي الأَرْضِ، بَيْنَ عَبَّاسٍ وَرَجُلٍ آخَرَ. قَالَ عُبَيْدُ اللَّهِ: فَأَخْبَرْتُ عَبْدَ اللَّهِ بْنَ عَبَّاسٍ فَقَالَ: أَتَدْرِي مَنِ الرَّجُلُ الآخَرُ؟ قُلْتُ: لاَ. قَالَ: هُوَ عَلِيُّ بْنُ أَبِي طَالِبٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ. وَكَانَتْ عَائِشَةُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا تُحَدِّثُ: أَنَّ النَّبِيَّ ﷺ قَالَ بَعْدَمَا دَخَلَ بَيْتَهُ وَاشْتَدَّ وَجَعُهُ: «هَرِيقُوا عَلَيَّ مِنْ سَبْعِ قِرَبٍ، لَمْ تُحْلَلْ أَوْكِيَتُهُنَّ، لَعَلِّي أَعْهَدُ إِلَى النَّاسِ» وَأُجْلِسَ فِي مِخْضَبٍ لِحَفْصَةَ، زَوْجِ النَّبِيِّ ﷺ، ثُمَّ طَفِقْنَا نَصُبُّ عَلَيْهِ تِلْكَ، حَتَّى طَفِقَ يُشِيرُ إِلَيْنَا: أَنْ قَدْ فَعَلْتُنَّ. ثُمَّ خَرَجَ إِلَى النَّاسِ.

199

48-nji bap

199

48-nji bap

Amr ibn Ýahýa öz kakasyndan habar berip şeýle diýipdir: “Meniň pylan kakam (‘Amr ibn Ebu Hasan) köp täret alardy. (Bir günem) Abdulla ibn Zeýde “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň nähili täret alşyny görşüň ýaly bize-de görkezsene!” diýdi. Ol (Abdulla ibn Zeýd) bir legende suw getirmegi buýurdy. Legeni egip, eline suw akdyrdy we üç gezek ellerini ýuwdy, soň elini legeniň içine salyp, bir owuç suw bilen üç gezek agzyny çaýkady we burnuna suw alyp sümgürip arassalady. Soňra elini ýene-de (legene) sokup, owjunda suw alyp üç gezek ýüzüni ýuwdy, ondan soň iki-ikiden gollaryny tirseklerine çenli ýuwdy, soňra eline suw alyp, iki elini kellesiniň öňünden arkasyna, (arkasyndan hem) öňüne geçirip, kellesine mesh etdi, soňra aýaklaryny ýuwdy. Soňra bolsa “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle täret alyp durşuny gördüm” diýdi.

حَدَّثَنَا خَالِدُ بْنُ مَخْلَدٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا سُلَيْمَانُ بْنُ بِلاَلٍ، قَالَ: حَدَّثَنِي عَمْرُو بْنُ يَحْيَى، عَنْ أَبِيهِ، قَالَ: كَانَ عَمِّي يُكْثِرُ مِنَ الوُضُوءِ، قَالَ لِعَبْدِ اللَّهِ بْنِ زَيْدٍ: أَخْبِرْنِيا كَيْفَ رَأَيْتَ النَّبِيَّ ﷺ يَتَوَضَّأُ؟ «فَدَعَا بِتَوْرٍ مِنْ مَاءٍ، فَكَفَأَ عَلَى يَدَيْهِ، فَغَسَلَهُمَا ثَلاَثَ مِرَارٍ، ثُمَّ أَدْخَلَ يَدَهُ فِي التَّوْرِ، فَمَضْمَضَ وَاسْتَنْثَرَ ثَلاَثَ مَرَّاتٍ مِنْ غَرْفَةٍ وَاحِدَةٍ، ثُمَّ أَدْخَلَ يَدَهُ فَاغْتَرَفَ بِهَا، فَغَسَلَ وَجْهَهُ ثَلاَثَ مَرَّاتٍ، ثُمَّ غَسَلَ يَدَيْهِ إِلَى المِرْفَقَيْنِ مَرَّتَيْنِ مَرَّتَيْنِ، ثُمَّ أَخَذَ بِيَدِهِ مَاءً فَمَسَحَ رَأْسَهُ، فَأَدْبَرَ بِهِ وَأَقْبَلَ، ثُمَّ غَسَلَ رِجْلَيْهِ» فَقَالَ: هَكَذَا رَأَيْتُ النَّبِيَّ ﷺ يَتَوَضَّأُ.

Salgylanma:

• Ýagny daňysy açylmadyk doly tulumdan

200

48-nji bap

200

48-nji bap

Enesden (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Içi suwly bir gap getiriň!” diýdi. Oňa çuň bolmadyk ýalpak we içi azrak suwly bir gap getirdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem barmaklaryny gabyň içine saldy. Enes şeýle diýdi: “Men Onuň barmaklarynyň arasyndan syzyp çykýan suwa seredip durdum. Ol suwdan takmynan ýetmiş-segsen adam täret aldy”.

حَدَّثَنَا مُسَدَّدٌ، قَالَ: حَدَّثَنَا حَمَّادٌ، عَنْ ثَابِتٍ، عَنْ أَنَسٍ أَنَّ النَّبِيَّ ﷺ «دَعَا بِإِنَاءٍ مِنْ مَاءٍ، فَأُتِيَ بِقَدَحٍ رَحْرَاحٍ، فِيهِ شَيْءٌ مِنْ مَاءٍ، فَوَضَعَ أَصَابِعَهُ فِيهِ» قَالَ أَنَسٌ: «فَجَعَلْتُ أَنْظُرُ إِلَى المَاءِ يَنْبُعُ مِنْ بَيْنِ أَصَابِعِهِ» قَالَ أَنَسٌ: فَحَزَرْتُ مَنْ تَوَضَّأَ، مَا بَيْنَ السَّبْعِينَ إِلَى الثَّمَانِينَ.