Enesden (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýdi: “Adatça, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir sa’ mukdardan bäş mud mukdar aralygynda suw bilen bedenini ýuwup, ýa-da ýuwnup bilerdi. Bir mud suw bilen täret alyp bilerdi”.
“• Mud – adamyň iki eli dolulygyndaky ölçeg, ýagny owuç. Ortaça 0,688 lt.
• Bir sa’ – 2,5 – 3 litr. Bir mud – 1 sa’yň dörtden birine barabardyr (takmynan)”
"Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Sa’d ibn Ebu Wakkas (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň mesileriniň üstüne mesh edendigini habar berdi”.
Bu hakda Abdulla ibn Omar (kakasy) Omardan soranda ol “Hawa, (muny etdi), ýöne indi (mundan beýläk eger-de) Sa’d Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden bir zat hakda gürrüň berse, ol hakda başga hiç kimden soramagyn” diýdi."
. Al-Mugyra ibn Şu’badan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hajatyny bitirmek üçin daş çykdy. Al-Mugyra eline suwly bir gap alyp, onuň yzyndan gitdi. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) hajatyny bitirenden soň, (Al-Mugyra onuň eline) suw akdyryp berdi. Ol täret aldy we mesilerine mesh etdi”.
Ja’far ibn Amr ibn Umeýýe Ad-Damriýden rowaýat edilmegine görä, ol kakasynyň (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň mesilerine mesh edişini görendigi hakynda habar berdi.
Ja’far ibn ‘Amr ibn Umeýýe, kakasyndan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edip, şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň sellesine we mesisine mesh edip durşuny görüpdim”.
‘Urwa ibn Al-Mugyra (Allah ondan razy bolsun) kakasyndan habar berip şeýle diýdi: “(Bir gezek) men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen saparda bile boldum. (Haçan-da, ol täret aljak bolanda), men egilip onuň mesisini çykarjak boldum. Ol maňa “Goý, degme, men olary aýaklarym arassa (täretli) halynda geýipdim” diýdi. Soňra olara mesh etdi.
Abdulla ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem goýun pilçesinden iýdi, soňra täret alman namaz okady”.
Ja’far ibn ‘Amr ibn Umeýýäniň habar bermegine görä, onuň kakasy (Alla ondan razy bolsun) bir gezek Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň goýnuň pilçesinden bir bölek et kesip alandygyny görüpdir. Şol wagt (azan aýdylyp) namaza çagyrylypdyr. Ol pyçagy (elinden) taşlap, täret alman, namaza durupdyr”.
Suweýd ibn An-Nu’man (Allah ondan razy bolsun) Haýbar ýylynda Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bilen ýola çykandygyny habar berdi. Haçan-da, Haýbaryň golaýynda ýerleşýän Sahbä (diýlen ýere baryp) ýetenlerinde, (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) Ikindi namazyny okady. Soňra nahar getirmeklerini isledi, ýöne oňa diňe sewikden başga zat getirip bilmediler. “Ony ölläň” diýip emr etdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ondan iýdi we biz hem iýdik. Soňra Agşam namazyny okamak üçin ýerinden turup, agzyny çaýkady, biz hem agzymyzy çaýkadyk. Soňra täret alman, namaz okady.
Meýmunadan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, (bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň (öýünde bir guzy) pilçesinden iýip, soňra täret alman, namaz okapdyr.