Usama ibn Zeýdiň sözlerinden habar berilmegine görä: “Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem Arafatdan (Muzdalifa) tarap gaýdanda, bir jülgä tarap öwrülip, hajatyny bitirdi. Usama ibn Zeýd şeýle diýdi: “Men oňa suw akdyryp başladym, Ol bolsa täret aldy. Men şonda “Eý, Allahyň Resuly, namaz okajakmy?” diýip soradym. Ol: ”Namaz okamaly ýer entek öňüňde!” diýdi.
Al-Mugyra ibn Şu’badan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä ol şeýle diýipdir: “Bir gezek ol Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bilen saparda bolanda, (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) hajatyny bitirmäge gidipdir. (Gaýdyp gelenden soň), Mugyra Onuň (ellerinden) suw akdyryp başlapdyr. Ol şonda täret alyp ýüzüni we ellerini ýuwupdyr hem-de kellesine we mesisine mesh edipdir”.
"Ibn Abbasyň ozal azat eden guly bolan Kureýbden habar berilmegine görä, Ibn Abbas (Allah ondan razy bolsun) oňa habar berip şeýle diýipdir: “Bir gije (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýallaryndan bolan) daýzam Meýmunanyň ýanynda galdym. Men düşegiň üstünde keseligine ýatdym. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bolsa aýaly bilen (ýerlerine geçip), düşegiň boýuna, uzynlygyna ýatdylar. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem takmynan gijäniň ýarsyna çenli ýatdy. Soňra Resulullah sallallahu aleýhi wesellem (ukudan oýanyp, ýatan) ýerinden turup oturdy we elleri bilen ukusyndan açylmak üçin ýüzüni süpürip başlady. Soňra “Äli-Ymran” süresiniň soňky on aýatyny okady. Ondan soň turup, asylgy duran suwly tulumdan gowy edip täret alyp, soň turup, namaz okap başlady”.
Ibn Abbas şeýle diýdi: “Men hem turup, edil onuň edişi ýaly etdim we gidip, onuň çep tarapynda namaza durdum. Ol sag elini meniň kellämiň üstünde goýdy we sag gulagymdan tutup, (ýuwaşja) owkalady. Soňra iki rekagat namaz okady, soň ýene iki rekagat, soň ýene iki rekagat, soň ýene iki rekagat, soň ýene iki rekagat, soň ýene iki rekagat okady. Ondan soň bir rekagat witr namazyny okady. Soňra azançy gelýänçä, geçip uzanyp ýatdy. Soňra turup, iki rekagat ýeňilje namaz okady, ondan soň (öýünden) çykyp, (mesjitde) Ertir namazyny okady”."
"Ebu Bekriň gyzy Äsmäden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Gün tutulan güni, men Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellemiň aýaly Aişanyň ýanyna geldim. Şol wagt adamlar namaz okap durdular. Aişa hem dik durup namaz okap duran ekeni. Men ondan: “Adamlara näme bolýar?” diýip soradym. Ol (Aişa) eli bilen asmana yşarat edip: “Subhanallah!” diýdi. Men “Bu bir alamatmy?” diýip soradym. Ol kellesini ýaýkap: “Hawa” diýdi.
Soňra men hem namaza durdym. (Birden) huşumy ýitirip, özümden gitjek boldum we kelläme suw akdyryp başladym. Namazdan soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Allah Azza we Jellä hamdu-senalar aýdyp, soňundan şeýle diýdi: “Men (ýaňyja) şu duran ýerimde öň hiç haçan görmedik zatlarymy gördüm. Hatda, Jennet bilen dowzahy hem gördüm. Şeýle hem gabyrlaryňyzda dejjalyň synagyna meňzeş ýa-da şoňa golaýrak bir synag bilen synag ediljekdigiňiz maňa wahy edilip habar berildi. Siziň içiňizden (ölen) bir adamy getirip: “Bu adam, (ýagny Muhammed) hakda näme bilýärsiň?” diýip sorarlar. Imanly ýa-da (ynanjy bar bolan) adam: “Bu Allahyň ilçisi Muhammetdir. Ol bize anyk subutnamalar bilen we hidaýat, (ýagny dogry ýol görkezmek üçin) geldi. Biz Oňa jogap edip, Oňa iman etdik we (onuň ýolundan ýöräp), yzyna eýerdik” diýer. Soňra (perişdeler) oňa: “Indi, sen arkaýyn dynjyňy al-da ýatyber, çünki biz seniň Oňa çyn ýürekden ynanýandygyňa göz ýetirdik!” diýerler. Munafyk ýa-da (şübhelenip ýören adam) bolsa: “Men bilmedim, men diňe adamlaryň Onuň hakynda aýdanlaryny eşitdim we menem şol zady gaýtaladym” diýip jogap berer."
Amr ibn Ýahýa Al-Maziniý kakasyndan şeýle habar berdi: “Bir adam Amr ibn Ýahýa Al-Mazininiň atasy, Abdulla ibn Zeýdden “Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň nädip täret alyşyny görkezip bilersiňmi?” diýip sorady. Abdullah bin Zeýd “Hawa” diýip, suw getirmegi buýurdy. Ellerine suw akdyryp, iki gezek ýuwdy, soň üç gezek agzyny çaýkap, burnuny ýuwdy, soň üç gezek ýüzüni ýuwdy, soň iki-ikiden gollaryny tirseklerine çenli ýuwdy, soň bolsa iki eli bilen kellesine mesh etdi, iki elini (kellesiniň) öňüne we yzyna geçirdi, (ýagny iki elini) kellesiniň öňünden (ýagny maňlaýyndan) tä, ýeňsesine çenli sürtüp, soňra bolsa başlan ýerine gaýtaryp getirdi, şondan soň aýaklaryny ýuwdy”.
Amr öz kakasyndan şeýle habar berdi: “Men Amr ibn Ebu Hasanyň Abdulla ibn Zeýdden Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň täret alşy barada soran wagty, men oňa şaýat boldum. Ol (Abdulla ibn Zeýd) bir tas suw getirmegi buýruk berdi, soň olara Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň nähili täret alşyny görkezdi: Tasy egip, eline suw akytdy we üç gezek ellerini ýuwdy. Soň elini tasa salyp, eline üç gezek suw alyp, agzyny çaýkady we burnuna suw alyp sümgürip arassalady. Soňra elini (tasa) sokup, ýüzüni üç gezek ýuwdy, soň gollaryny tirseklerine çenli iki-ikiden ýuwdy. Soň ýene elini (tasa) salyp, iki elini kellesiniň öňünden arkasyna, (arkasyndan hem) öňüne geçirip, bir gezek mesh etdi, soň bolsa aýaklaryny topuklaryna çenli ýuwdy”.
Ebu Juhaýfanyň habar bermegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) günortan wagty Resulullah sallallahu aleýhi wesellem biziň ýanymyza geldi. Oňa täret almak üçin suw getirdiler. Ol täret alyp bolandan soň, adamlar onuň täret suwundan galan (artykmaç) suwy alyp, (teberrük hökmünde) üstlerine sürtüp başladylar. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Öýle namazyny iki rekagat we Ikindi namazyny hem iki rekagat edip okady, öňünde-de bir ujy demir taýak (sütre hökmünde) dikilgidi”
Ebu Musa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem içi suwly bir gap isledi. Onuň içinde ellerini we ýüzüni ýuwdy, soňra (agzyndaky suwy) onuň içine pürkdi we ol ikisine “Bu suwdan içiň we ýüzüňizden we boýnuňyzdan akdyryň!” diýdi.
Ibn Şihäbden habar berilmegine görä, ol şeýle iýipdir: Mahmud ibn Ar-Rabi’yň (Allah ondan razy bolsun) aýtmagyna görä: “Ol adam çaga wagty Resulullah sallallahu aleýhi wesellem olaryň guýylaryndan agzyna suw alyp, ýüzüne pürken oglanjykdyr”. Ol şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem täret alandan soň, (sahabalar) onuň täret suwunyň üstünde biri-birleri bilen söweşmäge-de taýyndylar”.
Habar berilmegine görä, As-Säib ibn Ýezid (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “(Bir gezek) daýzam meni Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna alyp gitdi. Daýzam oňa “Ýa Resulallah, uýamyň ogly syrkaw” diýdi. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) başymy sypalady-da, maňa bereket dogasyny etdi. Soň Ol täret aldy, men onuň täret suwundan içdim. Soňra men onuň arkasyna geçip durdum we şonda men onuň iki pilçesiniň aralygynda käkiligiň ýumurtgasyna meňzeş pygamberlik möhürini gördüm”.