Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Safiýýanyň (Mekeden çykyp gaýtmaly) nefr gijesi, aýbaşysy geldi. Ol: “Men sizi ýolyňyzdan alyp galaýmasam” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Wah köki guramyş! Ol gurbanlyk güni towaf etdimi?” diýdi. “Howa” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “(Onda zyýany ýok), gidiber!” diýdi.
"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz (hoşlaşyk hajynda) Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bilen diňe haj etmek niýeti bilen (Medineden Mekgä tarap) ýola düşdük. Mekgä gelenimizde Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize yhramdan çykmaklygy emr etdi.
Haçanda, (Mekgeden) çykyp gitmeli gije (nefr gijesi) gelende, Safiýýanyň aýbaşysy geldi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Wah köki guramyş! Ol sizi ýoluňyzdan saklaýmasa!” diýdi. Soňra oňa: “Sen gurbanlyk güni towaf edipdiňmi?” diýdi. Ol: “Hawa” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “(Onda zyýany ýok), gidiber!” diýdi.
Aişa: “Men: “Ýa Resulallah! (Men Mekgä gelenimde) yhramdan çykmadym” (ýagny, umra hajyny etmedim) diýdi”. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Tan‘yma barda, şol ýerden umra et!” diýdi. Onuň ýany bilen (dogany Abdurrahman) gitdi. Biz (umrany edip yzymyza gaýdyp gelýärkäk), gijäniň ahyrynda Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme duşdyk. Ol şonda: “Pylan, pylan ýerde duşarys” diýdi."
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Iki umra arasyndaky günälere soňky edilen umra keffaratdyr. Hajj-mabrura bolsa, Jennetden başga sylag bolmaz”.
Habar berilmegine görä, Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) hajdan öň edilen umra hakynda soradylar. Ibn Omar: “Onuň hiç hili zyýany ýokdur” diýdi. Ol şeýle hem: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem haj etmezden öň umra etdi” diýdi.
Mujähid (rahymahullah) şeýle diýdi: “Bir gün ‘Urwa ibn Zubeýr bilen mesjide girdik. Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun), Aişanyň hujresiniň (diwaryna) ýaplanyp oturan eken. Käbir adamlar bolsa, mesjitde (toplanyp) guşluk namazyny okap durdylar. Biz ondan olaryň okap oturan namazlary hakynda soradyk. Ibn Omar: “Bidgat” diýdi. Soňra (‘Urwa), Ibn Omardan: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem näçe gezek umra hajyny etdi?” diýip sorady. Ibn Omar: “Dört gezek, birini Rejep aýynda etdi” diýdi. Biz onuň (ýalňyşyny düzeltjek bolup) oňa garşy çykjak bolmadyk.
•Bidgat – dinimizde bolmadyk bir amal. Bu ýerde Ibn Omaryň (Allah olardan razy bolsun) bidgat diýmeginiň sebäbi, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem guşluk namazyny mesjitde jemagat bolup okamandy.
Mujähid (rahymahullah) ýene-de şeýle diýdi: “Soňra biz mu’minleriň enesi bolan, Aişanyň öz otagynda dişlerini arassalap duran sesini eşitdik. ‘Urwa oňa: “Eý, eje! Eý mu’minleriň enesi! Ebu Abdurrahman (Abdulla ibn Omaryň) aýdýanlaryny eşitmeýärsiňmi?” diýdi. Aişe: “Ol näme aýdýar?” diýdi. (‘Urwa): “Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem dört gezek umra etdi, birini hem Rejep aýynda etdi diýýär” diýdi. Aişa: “Allah, Ebu Abdurrahmana rehim etsin! Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onsuz bir umra-da eden däldir, ýöne welin Ol hiç haçan Rejep aýynda umra etmedi” diýdi”.
Habar berilmegine görä, ‘Urwa ibn Zubeýr şeýle diýdi: “Men (daýzam) Aişadan (Allah ondan razy bolsun): “(Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Rejep aýynda umra etdimi?) diýip soradym. Ol: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Rejep aýynda umra etmedi” diýdi”.
Katadadan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men bir gezek Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun): “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem näçe gezek umra hajyny etdi?” diýip soradym. Ol: “Dört umra etdi; Müşrikleriň onuň (Mekgä girmekligine) böwet bolan ýyly, Zul-Ka‘da aýyndaky Hudeýbiýýe umrasy; ylalaşyk şertnamasy edilenden soňky ýylyň Zul-Ka‘da aýyndaky eden umrasy we (meniň pikirimçe) Huneýn oljasyny paýlan wagtyndaky Ji‘ranadan eden umrasy” diýdi. Men (ondan): “Haj näçe gezek etdi?” diýip soradym. Ol: “Bir gezek” diýip jogap berdi.
Katadadan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men bir gezek Enesden (Allah ondan razy bolsun): “(Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem näçe gezek umra hajyny etdi?)” diýip soradym. Enes: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi (müşrikler) yzyna gaýtaranlaryndaky eden umrasy, Hudeýbiýýeden soňky ýylda eden umrasy, Zul-Ka‘da aýyndaky eden umrasy we haj bilen bile eden umrasy” diýdi”.
Hämmämiň (Katadadan rowaýat etmegine görä, Enes) şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem dört gezek umra etdi. Haj bilen birlikde ýerine ýetiren umrasyndan başga galanlarynyň hemmesini Zul-Ka‘da aýynda etdi; Hudeýbiýýeden gaýdandaky umrasy, soňky ýylyň umrasy, Huneýn oljalaryny paýlan ýeri bolan Ji‘ranadan eden umrasy hem-de haj bilen bile eden umrasy”.