1761

146-nji bap

1761

146-nji bap

(Bu hadysy rowaýat eden) şeýle diýdi: “Men ilki bada Ibn Omaryň: “Aýbaşysy gelýän aýalyň (haýyzyndan arassalanyp, hoşlaşyk towafyny etmezden ozal Mekgeden) çykyp gidip bilmez” diýenini eşitdim. Soňra bolsa onuň: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara rugsat berdi” diýendigini eşitdim diýdi”.

قَالَ: وَسَمِعْتُ ابْنَ عُمَرَ يَقُولُ: إِنَّهَا لاَ تَنْفِرُ، ثُمَّ سَمِعْتُهُ يَقُولُ: بَعْدُ إِنَّ النَّبِيَّ ﷺ «رَخَّصَ لَهُنَّ«.

1762

146-nji bap

1762

146-nji bap

"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz (hoşlaşyk hajynda) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen diňe haj etmek niýeti bilen (Medineden Mekgä tarap) ýola düşdük. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (Mekgä) gelip, Käbäň daşyndan towaf edip, Safa-Merwäniň arasynda-da sa‘y etdi. Ýany bilen gurbanlyk malyny getirendigi üçin yhramdan çykmady. Ýanyndaky aýallary we sahabalary hem towaf etdiler. Ýanynda gurbanlyk malyny getirmedikler yhramdan çykdylar. Aişanyň aýbaşysy geldi. Biz hajyň ähli dessurlaryny ýerine ýetirdik. Haçanda, Hasba gijesi, (Mekgeden) çykyp gitmeli gije gelende, Aişa: “Ýa Resulallah! Sahabalaryň menden başga hemmesi haj we umra edip gaýdyp barýarlar, men bolsam diňe bir haj bilen gaýdyp barýaryn” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Mekgä gelen gijelerimiz towaf etmediňmi?” diýdi. Men: “Ýok” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Doganyň bilen Tan‘yma git-de, şol ýerden umra etmek üçin yhrama gir-de, telbiýe et. Soňra pylan, pylan ýerde duşuşarys” diýdi. Soňra men (erkek doganym) Abdurrahman bilen Tan‘yma gidip, şol ýerden umra etmek üçin yhram baglap, telbiýe etdim. Soňra Safiýýa bint Huýeýýiň aýbaşysy geldi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Wah seniň! Sen bizi ýolumyzdan saklaýmasaň! Sen näme gurbanlyk güni towaf etmediňmi näme?” diýdi. Ol: “Etdim” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “(Onda) zyýany ýok, gidiber” diýdi. Aişa: “(Men umradan gaýdyp gelýärkäm), Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mekgeden ýokaryk çykyp barýarka, men hem Mekgeden aşak düşüp barýarkam ýa-da men ýokaryk çykyp barýarkam, ol bolsa aşak düşüp barýarka, oňa duşdum” diýdi."

حَدَّثَنَا أَبُو النُّعْمَانِ، حَدَّثَنَا أَبُو عَوَانَةَ، عَنْ مَنْصُورٍ، عَنْ إِبْرَاهِيمَ، عَنِ الأَسْوَدِ، عَنْ عَائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا قَالَتْ: خَرَجْنَا مَعَ النَّبِيِّ ﷺ وَلاَ نَرَى إِلَّا الحَجَّ، فَقَدِمَ النَّبِيُّ ﷺ، فَطَافَ بِالْبَيْتِ، وَبَيْنَ الصَّفَا وَالمَرْوَةِ وَلَمْ يَحِلَّ، وَكَانَ مَعَهُ الهَدْيُ، فَطَافَ مَنْ كَانَ مَعَهُ مِنْ نِسَائِهِ وَأَصْحَابِهِ، وَحَلَّ مِنْهُمْ مَنْ لَمْ يَكُنْ مَعَهُ الهَدْيُ، فَحَاضَتْ هِيَ، فَنَسَكْنَا مَنَاسِكَنَا مِنْ حَجِّنَا، فَلَمَّا كَانَ لَيْلَةَ الحَصْبَةِ، لَيْلَةُ النَّفْرِ، قَالَتْ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، كُلُّ أَصْحَابِكَ يَرْجِعُ بِحَجٍّ وَعُمْرَةٍ غَيْرِي، قَالَ: «مَا كُنْتِ تَطُوفِينَ بِالْبَيْتِ لَيَالِيَ قَدِمْنَا» قُلْتُ: لاَ، قَالَ: «فَاخْرُجِي مَعَ أَخِيكِ إِلَى التَّنْعِيمِ، فَأَهِلِّي بِعُمْرَةٍ، وَمَوْعِدُكِ مَكَانَ كَذَا وَكَذَا». فَخَرَجْتُ مَعَ عَبْدِ الرَّحْمَنِ إِلَى التَّنْعِيمِ، فَأَهْلَلْتُ بِعُمْرَةٍ، وَحَاضَتْ صَفِيَّةُ بِنْتُ حُيَيٍّ، فَقَالَ النَّبِيُّ ﷺ: «عَقْرَى حَلْقَى، إِنَّكِ لَحَابِسَتُنَا، أَمَا كُنْتِ طُفْتِ يَوْمَ النَّحْرِ؟» قَالَتْ: بَلَى، قَالَ: «فَلاَ بَأْسَ انْفِرِي» فَلَقِيتُهُ مُصْعِدًا عَلَى أَهْلِ مَكَّةَ، وَأَنَا مُنْهَبِطَةٌ، أَوْ أَنَا مُصْعِدَةٌ وَهُوَ مُنْهَبِطٌ، وَقَالَ مُسَدَّدٌ: قُلْتُ: لاَ، تَابَعَهُ جَرِيرٌ، عَنْ مَنْصُورٍ فِي قَوْلِهِ: لاَ.

Salgylanma:

” •Ýagny on üçi gün, Muhassab diýilýän ýere gelenlerinde •Ýagny Safiýýa enemiziň wedag towafyny etmänkä, aýbaşysy gelipdir. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa gidiber diýdi. Aýbaşysy gelen aýal hoşlaşyk towafyny etmän giden bolsa zyýany ýokdur.”

1763

147-nji bap

1763

147-nji bap

Abdulazyz ibn Rufaý‘dan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men bir gün Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsyn): “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden ýadyňa düşýän zady, ýagny, Terwiýe güni öýle namazyny nirede okandygyny maňa habar berip bilersiňmi?” diýip soradym”. Enes: “Minada” diýdi. Men ýene-de: “Minadan yzyňa gaýdan güni (ýagny, Nafr güni) ikindi namazyny nirede okady” diýip soradym. Ol: “Abtahda” diýdi. Soňra Enes şeýle diýdi: “Sen hem emirleriň edişi ýaly et!” diýdi.

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ المُثَنَّى، حَدَّثَنَا إِسْحَاقُ بْنُ يُوسُفَ، حَدَّثَنَا سُفْيَانُ الثَّوْرِيُّ، عَنْ عَبْدِ العَزِيزِ بْنِ رُفَيْعٍ، قَالَ: سَأَلْتُ أَنَسَ بْنَ مَالِكٍ: أَخْبِرْنِي بِشَيْءٍ، عَقَلْتَهُ عَنِ النَّبِيِّ ﷺ، أَيْنَ صَلَّى الظُّهْرَ يَوْمَ التَّرْوِيَةِ؟ قَالَ: «بِمِنًى»، قُلْتُ: فَأَيْنَ صَلَّى العَصْرَ يَوْمَ النَّفْرِ؟ قَالَ: «بِالأَبْطَحِ» افْعَلْ كَمَا يَفْعَلُ أُمَرَاؤُكَ.

Salgylanma:

” •Zül-hijje aýynyň sekizi •Zül-hijje aýynyň on üçüne. Haj edip ýurduňa gaýdylýan güni. •Ýagny olar nirede namaz okasalar sen hem şol ýerde oka, diýdi.”

1764

147-nji bap

1764

147-nji bap

Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Muhassabda öýle, ikindi, agşam we ýassy namazlaryny okady, soňra birnäçe wagtlap şol ýerde ýatdy. Soňra bolsa ulagyna münüp Käbä gitdi we (hoşlaşyk) towafyny etdi.

حَدَّثَنَا عَبْدُ المُتَعَالِ بْنُ طَالِبٍ، حَدَّثَنَا ابْنُ وَهْبٍ، قَالَ: أَخْبَرَنِي عَمْرُو بْنُ الحَارِثِ، أَنَّ قَتَادَةَ، حَدَّثَهُ أَنَّ أَنَسَ بْنَ مَالِكٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، حَدَّثَهُ عَنِ النَّبِيِّ ﷺ أَنَّهُ «صَلَّى الظُّهْرَ وَالعَصْرَ، وَالمَغْرِبَ وَالعِشَاءَ، وَرَقَدَ رَقْدَةً بِالْمُحَصَّبِ، ثُمَّ رَكِبَ إِلَى البَيْتِ، فَطَافَ بِهِ«.

1765

148-nji bap

1765

148-nji bap

Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Abtahy göz öňüne tutup) ol bir düşleg ýeridir. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (Medinä) gaýdyp barmak aňsat bolany üçin şol ýerde düşläpdi”.

حَدَّثَنَا أَبُو نُعَيْمٍ، حَدَّثَنَا سُفْيَانُ، عَنْ هِشَامٍ، عَنْ أَبِيهِ، عَنْ عَائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا، قَالَتْ: «إِنَّمَا كَانَ مَنْزِلٌ يَنْزِلُهُ النَّبِيُّ ﷺ، لِيَكُونَ أَسْمَحَ لِخُرُوجِهِ» يَعْنِي بِالأَبْطَحِ.

1766

148-nji bap

1766

148-nji bap

Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Muhassabda düşlemek (hajyň dessurlaryndan) biri däldir. Ol diňe Resulallah sallallahu aleýhi wesellemiň (hoşlaşyk hajy eden wagtynda) düşlän ýeridir”.

حَدَّثَنَا عَلِيُّ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ، حَدَّثَنَا سُفْيَانُ، قَالَ عَمْرٌو: عَنْ عَطَاءٍ، عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، قَالَ: «لَيْسَ التَّحْصِيبُ بِشَيْءٍ، إِنَّمَا هُوَ مَنْزِلٌ نَزَلَهُ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ«.

1767

149-nji bap

1767

149-nji bap

Nafi‘dan rowaýat edilmegine görä, Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun, Mekgä giden wagty), gijesine Zu Tuwa diýilýän ýerde, iki dag geçelgesiniň arasynda galardy. Soň bolsa Mekgäniň beýik sebitindäki geçelge bilen Mekgä girerdi. Haj ýa-da umra hajy etmek üçin Mekgä gelende, düýesini diňe Mesjidul-Haramyň gapysynda dyza çökererdi, soň bolsa Hajerul-Eswed burçunyň ýanyna gelip, şol ýerden aýlanyp başlardy. Ol Käbäň daşyndan ýedi gezek towaf edip, aýlanardy; Ilkinji üç towafy gaty-gaty ýöräp geçerdi, galan dördüsini bolsa, adaty ýörişi ýaly ýöräp geçerdi. Soňra gidip iki rekagat namaz okardy. Soňra düşlän ýerine gaýdyp barmazdan ozal Safa-Merwe aralygynda sa‘y ederdi. Hajdan ýa-da umradan (Medinä) gaýdyp gelýärkä, Zul-Huleýfedäki Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň düýesini çökerden ýeri bolan Bathada düýesini çökererdi”.

حَدَّثَنَا إِبْرَاهِيمُ بْنُ المُنْذِرِ، حَدَّثَنَا أَبُو ضَمْرَةَ، حَدَّثَنَا مُوسَى بْنُ عُقْبَةَ، عَنْ نَافِعٍ، أَنَّ ابْنَ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا: كَانَ يَبِيتُ بِذِي طُوًى، بَيْنَ الثَّنِيَّتَيْنِ، ثُمَّ يَدْخُلُ مِنَ الثَّنِيَّةِ الَّتِي بِأَعْلَى مَكَّةَ، وَكَانَ إِذَا قَدِمَ مَكَّةَ، حَاجًّا أَوْ مُعْتَمِرًا، لَمْ يُنِخْ نَاقَتَهُ إِلَّا عِنْدَ بَابِ المَسْجِدِ، ثُمَّ يَدْخُلُ، فَيَأْتِي الرُّكْنَ الأَسْوَدَ، فَيَبْدَأُ بِهِ، ثُمَّ يَطُوفُ سَبْعًا: ثَلاَثًا سَعْيًا وَأَرْبَعًا مَشْيًا، ثُمَّ يَنْصَرِفُ، فَيُصَلِّي رَكْعَتَيْنِ، ثُمَّ يَنْطَلِقُ قَبْلَ أَنْ يَرْجِعَ إِلَى مَنْزِلِهِ، فَيَطُوفُ بَيْنَ الصَّفَا وَالمَرْوَةِ، وَكَانَ إِذَا صَدَرَ عَنِ الحَجِّ أَوِ العُمْرَةِ «أَنَاخَ بِالْبَطْحَاءِ الَّتِي بِذِي الحُلَيْفَةِ، الَّتِي كَانَ النَّبِيُّ ﷺ يُنِيخُ بِهَا«.

Salgylanma:

•Mekgä golaý bir jülgäniň adydyr.

1768

149-nji bap

1768

149-nji bap

"Halid ibn Harisden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “‘Ubeýdullahdan Muhassabda düşlemek barada soraldy. ‘Ubaýdulla Nafi‘yň: “Resulallah sallallahu aleýhi wesellem, Omar we Ibn Omar dagylaryň şol ýerde düşländiklerini” habar berdi. Şeýle hem Nafi‘ şeýle diýdi: “Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun): “Öýle we ikindi namazlaryny şol ýerde ýagny, Muhassabda okardy”. Meniň pikirimçe, agşam namazyny hem agzapdy”. Halid şeýle diýdi: “Ýassy namazyny hem (şol ýerde okandygyna) şübhelenemok. Adatça Ibn Omar şol ýerde biraz ýatardy we Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle ederdi” diýerdi."

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ عَبْدِ الوَهَّابِ، حَدَّثَنَا خَالِدُ بْنُ الحَارِثِ، قَالَ: سُئِلَ عُبَيْدُ اللَّهِ عَنِ المُحَصَّبِ، فَحَدَّثَنَا عُبَيْدُ اللَّهِ، عَنْ نَافِعٍ قَالَ: «نَزَلَ بِهَا رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، وَعُمَرُ، وَابْنُ عُمَرَ»، وَعَنْ نَافِعٍ، أَنَّ ابْنَ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، «كَانَ يُصَلِّي بِهَا - يَعْنِي المُحَصَّبَ - الظُّهْرَ وَالعَصْرَ» أَحْسِبُهُ قَالَ: «وَالمَغْرِبَ»، قَالَ خَالِدٌ لاَ أَشُكُّ فِي العِشَاءِ وَيَهْجَعُ هَجْعَةً، «وَيَذْكُرُ ذَلِكَ عَنِ النَّبِيِّ ﷺ«.

1769

150-nji bap

1769

150-nji bap

Nafi‘dan rowaýat edilmegine görä, Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun, Mekgä giden wagty), Zu Tuwa diýilýän ýerde düşläp, agşamyna şol ýerde ýatardy. Daň atan soň bolsa Mekgä girerdi. Mekgeden gaýdyşyn hem Zu Tuwa gelip, gije ertire çenli şol ýerde galardy we Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem şeýle ederdi diýip, aýdardy”.

وَقَالَ مُحَمَّدُ بْنُ عِيسَى: حَدَّثَنَا حَمَّادٌ، عَنْ أَيُّوبَ، عَنْ نَافِعٍ، عَنْ ابْنِ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا: «أَنَّهُ كَانَ إِذَا أَقْبَلَ بَاتَ بِذِي طُوًى حَتَّى إِذَا أَصْبَحَ دَخَلَ، وَإِذَا نَفَرَ مَرَّ بِذِي طُوًى، وَبَاتَ بِهَا حَتَّى يُصْبِحَ» وَكَانَ يَذْكُرُ أَنَّ النَّبِيَّ ﷺ كَانَ يَفْعَلُ ذَلِكَ.

1770

151-nji bap

1770

151-nji bap

Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Zul-Mäjäz we ‘Ukaz, Yslamdan öňki jähiliýýet döwrüniň bazarlaryndandy. Yslam gelenden soň, musulmanlar şol bazarlarda (haj möwsüminde) söwda etmekligi özlerine ýaman gördüler. Soňra şu aýat indi: “(Haj döwründe söwda edip) Perwerdigäriňizden geljek bir fazly-keremi (gazanjy) gözlemegiňiz siziň üçin günä däldir”. {Bakara:198}.

حَدَّثَنَا عُثْمَانُ بْنُ الهَيْثَمِ، أَخْبَرَنَا ابْنُ جُرَيْجٍ، قَالَ عَمْرُو بْنُ دِينَارٍ: قَالَ: ابْنُ عَبَّاسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا: كَانَ ذُو المَجَازِ، وَعُكَاظٌ مَتْجَرَ النَّاسِ فِي الجَاهِلِيَّةِ، فَلَمَّا جَاءَ الإِسْلاَمُ كَأَنَّهُمْ كَرِهُوا ذَلِكَ، حَتَّى نَزَلَتْ: ﴿لَيْسَ عَلَيْكُمْ جُنَاحٌ أَنْ تَبْتَغُوا فَضْلًا مِنْ رَبِّكُمْ﴾ [البقرة: 198] فِي مَوَاسِمِ الحَجِّ.