"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Ebu Bekriň (Allah ondan razy bolsun) ýanyna geldim. Ol menden: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň jesedini näçe bölek mata bilen kepenlediňiz?” diýip sorady. Aişa: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň jesedi köýneksiz we sellesiz, üç bölek ak reňkli ýemen matasyna dolandy” diýdi. Ebu Bekr: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem haýsy gün wepat boldy?” diýip sorady. Aişa: “Duşenbe güni” diýdi. “Bu gün haýsy gün?” diýip sorady. Aişa: “Duşenbe güni” diýdi.
Ebu Bekr: “Men hem şu pursat bilen şu gijäniň aralygynda dünýäden öterin diýip umyt edýärin” diýdi. Soňra ol, özüniň hassa wagtyndaky geýen egin-eşigine seretdi, ondaky zagfaran otunyň tegmillerini görüp şeýle diýdi: “Meniň şu eşigimi ýuwyň, ýene-de iki sany eşigi üstine goşup meni şolar bilen kepenläň” diýdi. Men: “Bu köýnegiň könelipdir (ahyryn)!” diýdim. Ol: “Diri adamlar ölülere garanyňda täze eşige has mynasypdyr. Kepen diňe merhumyň teninden çykýan iriň üçin gerek bolan zatdyr” diýdi. Ebu Bekr sişenbe güni agşamara dünýäden ötdi we daň atmaka-da jaýlandy”. "
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden: “Ejem tarpa-taýyn dünýäden ötdi. Meniň pikirimçe, eger ol gürläp bilse-di, sadaka bererdi. Indi, men onuň adyndan sadaka bersem, sogaby oňa bararmyka?” diýip, sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Hawa” diýip jogap berdi”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem özüniň (ölüm) hassalygynda wagty Aişanyň gününe sabyrsyzlyk bilen garaşyp: “Men bu gün nirede bolaryn? Men ertir nirede bolaryn” diýip gaýtalardy we beýleki (aýallaryndan hem) ötünç sorardy. Haçanda, meniň gezegim gelende, onuň jany meniň gujagymda wagty alyndy we meniň öýümde-de jaýlandy”.
"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hiç haçan gutulyp bilmedik hassalygy döwründe: “Pygamberleriniň gabyrlaryny mesjid edinýän ýehudylara we hristiýanlara Allah nälet etsin!” diýdi.
Aişa şeýle diýdi: “Eger-de şeýle ýagdaý bolmadyk bolsady, onda ol açyk meýdanda jaýlanardy. Emma onuň gabyryny bir ybadat edilýän mesjide öwrülmeginden gorky bardy”.
Sufýan Et-Tammardan rowaýat edilmegine görä, ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň guburynyň (düýäniň örküji ýaly) tümmek edilen ýagdaýyny görüpdir.
Hişam ibn ‘Urwa kakasyndan rowaýat edip şeýle diýipdir: “Welid ibn Abdulmelik halyf bolan döwründe (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň) jaýlanan jaýynyň bir diwary ýykyldy. Ony (täzeden) bina edip dikeltmäge başladylar. Şol wagt olara bir aýak göründi. Olar Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýagydyr öýdüp, gorkdylar. Ony bilýän hiç kimi tapyp bilmediler. Ahyrynda ‘Urwa (ibn Zubeýr) olara: “Ýok, Allahdan ant içýärin, bu aýak Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýagy däldir. Bu aýak Omar ibn Hattabyň (Allah ondan razy bolsun) aýagydyr” diýdi."
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol Abdulla ibn Zubeýre (Allah olardan razy bolsun) wesýet edip şeýle diýdi: “Meni olaryň ýanynda jaýlamaň. Meni Baky‘ gonamçylygyndaky joralarymyň (ýagny, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň beýleki aýallarynyň) ýanynda jaýlaň. (Olaryň ýanynda jaýlananym sebäpli) ebedi bir öwgä mynasyp bolmaklygy islemeýärin”.
” •Ýagny öz hujresinde, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň, Eby Bekriň we Omaryň (Allah olardan razy bolsyn) gabyrlarynyň ýanynda.
• Ýagny Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň, Eby Bekriň we Omaryň (Allah olardan razy bolsyn) ýanynda”
"‘Amr ibn Meýmun Ewdiden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Omar ibn Hattaby (Allah ondan razy bolsun) gördüm. Ol (Ebu Lu’lu’ tarapyndan pyçaklanandan soň ogly) Abdulla ibn Omara: “Mu’minleriň enesi Aişanyň (Allah ondan razy bolsun) ýanyna bar-da: “Omar ibn Hattab saňa salam ugratdy” diý. Soňra bolsa, iki dostumyň ýanynda jaýlanmak üçin ondan rugsat sora!” diýdi.
Aişa oňa: “Ol ýeri men özüm üçin belläp goýupdym. Ýöne welin, şu günki gün men Omary özümden ileri tutýaryn” diýdi. Abdulla gaýdyp gelende Omar oňa: “Näme habar bilen geldiň!” diýdi. Abdulla: “Eý, mu’minleriň emiri! Aişa rugsat berdi” diýdi.
Omar: “Meniň üçin şol ýerde jaýlanmak ýaly möhüm zat ýokdy. Meniň janym çykandan soň, meni göterip alyp gidiňde, ony Aişa tabşyryň we: “Omar ibn Hattab senden rugsat soraýar diýip” aýdyň. Eger rugsat berse, meni şol ýerde jaýlaň. Eger rugsat bermese, onda musulmanlaryň gonamçylygyna äkidiň-de, meni şol ýerde jaýlaň!” diýdi.
(Şol wagt Omaryň ýanyna käbir adamlar gelip, ýeriňe bir halyf belleseň diýdiler. Omar şeýle diýdi): “Men bu halyflyk wezipesine Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň razy bolup ölüp giden şu adamlaryndan has mynasyp başga hiç kimi tanamok. Bu kişiler menden soň kimi halif edip saýlasalar, şol adam hem halyf bolmalydyr. Siz hem ony diňläň, oňa boýun boluň!” diýip, Osmanyň, Alynyň, Talhanyň, Zubeýriň, Abdurrahman bin ‘Auwfyň we Sa‘d ibn Ebu Wakkasyň (Allah olardan razy bolsyn) adyny agzap geçdi”.
Soňra Ensarylardan bir ýaş ýigit Omaryň ýanyna gelip: “Eý, mu’minleriň emiri! Saňa Allahyň buşlygy bolsun! Yslam dininde özüňem bilişiň ýaly, öňden bäri eden hyzmatlaryň gaty uludyr. Soňra halyf saýlandyň we adalatyňy görkezdiň. Bularyň hemmesinden soň ýene-de şehidlik derejesini gazandyňyz! (diýip teselli etjek boldy). Omar şonda:
“Eý doganymyň ogly! Käşgä, maňa onuň zyýany ýa-da peýdasy degmän, deňe-deň bolsa hem (men razydyryn)!” diýdi. “Menden soňky boljak halyfa etjek wesýetim: “Ilkinji muhajirlere ýagşylyk etmekligi, olaryň hak-hukugyny berjaý etmekligi hem-de olaryň abraýyny we hormatyny goramaklygy wesýet edýärin.
Ensarlara-da ýagşylyk etmekligi wesýet edýärin. Olar (muhajirlerden) öň Medinede ýerleşdiler we imana yhlas, ýardam etdiler. Olaryň gowularynyň ýagşylyklary kabul edilip, erbetleriniň bolsa erbetlikleri we kemçilikleri bagyşlanmalydyr.
Şeýle hem Allahyň we Onuň Resulynyň sallallahu aleýhi wesellemiň ähdi-peýmanynda bolan (ähli-kitabyň, ýehudylaryň we nasranylaryň) hak-hukuklaryna hormat etmekligi wesýet edýärin. Olaryň haklary berilmelidir we gerek bolsa olary goramak üçin söweş etmelem bolsa etmelidir. Güýçleri ýetmejek (jizýe, töleg) ýüklemeli däldir”."
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Ölen adamlara sögmäň, çünki eýýäm olar geçmişde eden işlerine gowuşdylar”.
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Ebu Leheb (Allah oňa nälet etsin) Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme: “Galan günüňde heläk bol, ýitirim bol!” diýdi. Şondan soň şu aýat indi: “Ebu Lehebiň elleri gurasyn! Ol (dogurdanam) gurady”. {Masad:1}
Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mu‘azy (Allah ondan razy bolsun), Ýemene ugradyp şeýle diýdi: “Ilki bilen olary Allahdan başga hiç hili hudaýyň ýokdugyna we Meniň hem Allahyň Resuly, ilçisidigime şaýatlyk etmeklerine çagyr. Eger olar muny kabul etseler, Allahyň olara bir gije-gündiziň dowamynda bäş wagt namaz okamaklygy parz edendigini habar ber. Eger, olar muny hem kabul etseler, olaryň baýlarynyň mallaryndan alnyp garyplaryna berilmeli zekat (sadakasyny) Allahyň parz edendigini olara habar ber”.
Ebu Eýýubdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir gün bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme: “Maňa Jennete saljak bir amal aýdyp bersene?” diýdi. Adamlar: “Oňa näme bolýar, oňa näme bolýar?” diýip başladylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Oňa näme bolsun! Ol özüne zerur bir zat hakda soraýar!” diýdi we soňra oňa: “Allaha ybadat et-de, Oňa hiç bir zady şärik goşma! Namazyňy berjaý et, zekadyňy ber we garyndaşlaryň bilen gatnaşygyňy kesme!” diýip jogap berdi”.