1367

85-nji bap

1367

85-nji bap

Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün biziň ýanymyzdan bir merhumy jaýlamaga alyp geçdiler, adamlar ony öwmäge başladylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Wajyp boldy!” diýdi. Soňra ýene başga bir merhumy alyp geçdiler, bu gezek adamlar ony ýamanlap başladylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: “Wajyp boldy!” diýdi. Omar ibni Hattab (Allah ondan razy bolsun): “Näme wajyp boldy?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Öwen adamyňyza Jennet wajyp boldy. Ýamanlan adamyňyza-da, dowzah wajyp boldy. Çünki siz Allahyň ýerdäki şaýatlarysyňyz” diýdi”.

حَدَّثَنَا آدَمُ، حَدَّثَنَا شُعْبَةُ، حَدَّثَنَا عَبْدُ العَزِيزِ بْنُ صُهَيْبٍ، قَالَ: سَمِعْتُ أَنَسَ بْنَ مَالِكٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، يَقُولُ: مَرُّوا بِجَنَازَةٍ، فَأَثْنَوْا عَلَيْهَا خَيْرًا، فَقَالَ النَّبِيُّ ﷺ: «وَجَبَتْ» ثُمَّ مَرُّوا بِأُخْرَى فَأَثْنَوْا عَلَيْهَا شَرًّا، فَقَالَ: «وَجَبَتْ»، فَقَالَ عُمَرُ بْنُ الخَطَّابِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: مَا وَجَبَتْ؟ قَالَ: «هَذَا أَثْنَيْتُمْ عَلَيْهِ خَيْرًا، فَوَجَبَتْ لَهُ الجَنَّةُ، وَهَذَا أَثْنَيْتُمْ عَلَيْهِ شَرًّا، فَوَجَبَتْ لَهُ النَّارُ، أَنْتُمْ شُهَدَاءُ اللَّهِ فِي الأَرْضِ«.

1368

85-nji bap

1368

85-nji bap

"Ebul- Eswetden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek (Basradan) Medinä geldim. Şol wagtlar Medinede bir kesel bardy. Men Omar ibn Hattabyň (Allah ondan razy bolsun) ýanynda oturdym. Ýanymyzdan bir jynazany alyp geçdiler, adamlar ol merhumy gowulykda ýatladylar. Omar (Allah ondan razy bolsun): “Wajyp boldy!” diýdi. Soňra ýene bir jynazany alyp geçdiler, ony hem gowulykda ýatladylar. Omar (Allah ondan razy bolsun) ýene-de: “Wajyp boldy!” diýdi. Soňra üçünjisini alyp geçdiler, ony erbetlikde ýatlap geçdiler. Omar: “Wajyp boldy!” diýdi. (Ebul- Eswed) bu gezek men oňa: “Näme wajyp boldy, eý Mu’minleriň emiri?” diýip soradym. Ol şonda şeýle diýdi: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýdyşy ýaly aýtdym. Ol şeýle diýipdi: “Islendik bir musulmanyň gowulygyna dört sany adam şaýat bolsa, Allah ony Jennete salar”. Biz ondan: “Üç kişi bolsa näme?” diýip soradyk. Ol: “Üç bolsa-da” (bolar) diýdi. Biz ýene-de: “Iki bolsa näme?” diýip soradyk. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Iki bolsa-da bolar” diýip jogap berdi. Biz ondan bir adam hakynda soramadyk” diýdi."

حَدَّثَنَا عَفَّانُ بْنُ مُسْلِمٍ هُوَ الصَّفَّارُ، حَدَّثَنَا دَاوُدُ بْنُ أَبِي الفُرَاتِ، عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ بُرَيْدَةَ، عَنْ أَبِي الأَسْوَدِ، قَالَ: قَدِمْتُ المَدِينَةَ وَقَدْ وَقَعَ بِهَا مَرَضٌ، فَجَلَسْتُ إِلَى عُمَرَ بْنِ الخَطَّابِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، فَمَرَّتْ بِهِمْ جَنَازَةٌ، فَأُثْنِيَ عَلَى صَاحِبِهَا خَيْرًا، فَقَالَ عُمَرُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: وَجَبَتْ، ثُمَّ مُرَّ بِأُخْرَى فَأُثْنِيَ عَلَى صَاحِبِهَا خَيْرًا، فَقَالَ عُمَرُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: وَجَبَتْ، ثُمَّ مُرَّ بِالثَّالِثَةِ فَأُثْنِيَ عَلَى صَاحِبِهَا شَرًّا، فَقَالَ: وَجَبَتْ، فَقَالَ أَبُو الأَسْوَدِ: فَقُلْتُ: وَمَا وَجَبَتْ يَا أَمِيرَ المُؤْمِنِينَ؟ قَالَ: قُلْتُ كَمَا قَالَ النَّبِيُّ ﷺ: «أَيُّمَا مُسْلِمٍ، شَهِدَ لَهُ أَرْبَعَةٌ بِخَيْرٍ، أَدْخَلَهُ اللَّهُ الجَنَّةَ»، فَقُلْنَا: وَثَلاَثَةٌ، قَالَ: «وَثَلاَثَةٌ»، فَقُلْنَا: وَاثْنَانِ، قَالَ: «وَاثْنَانِ» ثُمَّ لَمْ نَسْأَلْهُ عَنِ الوَاحِدِ.

1369

86-nji bap

1369

86-nji bap

"Bara ibn Azibdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Mu’min adamy gabyrynda oturdylandan soň, onuň ýanyna (perişdeler) gelerler. Ol adam: “Äşhädu ällä ilähä illallahu, wä äşhädu ännä Muhammädän räsulullah!” diýip (şehadat getirip) şaýat bolar”. Bu hakda Allah Tagala şeýle diýýär: “Allah iman edenleri berk söz bilen mäkäm eder...”. {Ibrahym:27} Şu‘ba hem şu hadysy rowaýat edipdir. Ol Allah Tagalanyň: “Allah iman edenleri berk söz bilen mäkäm eder...”. {Ibrahym:27} aýaty gabyr azaby hakynda indi, diýipdir."

حَدَّثَنَا حَفْصُ بْنُ عُمَرَ، حَدَّثَنَا شُعْبَةُ، عَنْ عَلْقَمَةَ بْنِ مَرْثَدٍ، عَنْ سَعْدِ بْنِ عُبَيْدَةَ، عَنِ البَرَاءِ بْنِ عَازِبٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، عَنِ النَّبِيِّ ﷺ قَالَ: " إِذَا أُقْعِدَ المُؤْمِنُ فِي قَبْرِهِ أُتِيَ، ثُمَّ شَهِدَ أَنْ لاَ إِلَهَ إِلَّا اللَّهُ وَأَنَّ مُحَمَّدًا رَسُولُ اللَّهِ، فَذَلِكَ قَوْلُهُ: ﴿يُثَبِّتُ اللَّهُ الَّذِينَ آمَنُوا بِالقَوْلِ الثَّابِتِ﴾ [إبراهيم: 27]، حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ بَشَّارٍ، حَدَّثَنَا غُنْدَرٌ، حَدَّثَنَا شُعْبَةُ بِهَذَا - وَزَادَ - ﴿يُثَبِّتُ اللَّهُ الَّذِينَ آمَنُوا﴾ [إبراهيم: 27] نَزَلَتْ فِي عَذَابِ القَبْرِ.

1370

86-nji bap

1370

86-nji bap

Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem guýyň içine atylan jesetleriň ýanyna baryp: “Indi siz, Robbuňyzyň wadasynyň hakdygyna düşündiňizmi?” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden: “Sen ölülere ýüzlenýärsiňmi?” diýip soradylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Olar sizden pes eşitmeýärler, ýöne jogap berip bilenoklar” diýdi”.

حَدَّثَنَا عَلِيُّ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ، حَدَّثَنَا يَعْقُوبُ بْنُ إِبْرَاهِيمَ، حَدَّثَنِي أَبِي، عَنْ صَالِحٍ، حَدَّثَنِي نَافِعٌ، أَنَّ ابْنَ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا أَخْبَرَهُ، قَالَ: اطَّلَعَ النَّبِيُّ ﷺ عَلَى أَهْلِ القَلِيبِ، فَقَالَ: «وَجَدْتُمْ مَا وَعَدَ رَبُّكُمْ حَقًّا؟» فَقِيلَ لَهُ: تَدْعُو أَمْوَاتًا؟ فَقَالَ: «مَا أَنْتُمْ بِأَسْمَعَ مِنْهُمْ، وَلَكِنْ لاَ يُجِيبُونَ«.

1371

86-nji bap

1371

86-nji bap

Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Indi olar meniň aýdanlarymyň hakykatdygyna göz ýetirdiler”. Allah Tagalada şeýle diýdi: “Elbetde, sen ölüleri eşitdirip bilmersiň...” {Neml:80}

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ مُحَمَّدٍ، حَدَّثَنَا سُفْيَانُ، عَنْ هِشَامِ بْنِ عُرْوَةَ، عَنْ أَبِيهِ، عَنْ عَائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا، قَالَتْ: إِنَّمَا قَالَ النَّبِيُّ ﷺ: «إِنَّهُمْ لَيَعْلَمُونَ الآنَ أَنَّ مَا كُنْتُ أَقُولُ لَهُمْ حَقٌّ» وَقَدْ قَالَ اللَّهُ تَعَالَى: ﴿إِنَّكَ لاَ تُسْمِعُ المَوْتَى﴾ [النمل: 80].

1372

86-nji bap

1372

86-nji bap

"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir gün bir ýehudy aýal onuň ýanyna gelip, gabyr azaby hakynda ýatlap geçipdir we oňa: “Allah seni gabyr azabyndan gorasyn!” diýipdir. Soňra Aişa Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden gabyr azaby hakynda sorapdyr. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Howa, gabyr azaby (hakdyr)” diýipdir. Aişa (Allah ondan razy bolsun): “Men şondan soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň her bir okan namazynda gabyr azabydan pena soramadyk wagtyny görmedim” diýdi. "

حَدَّثَنَا عَبْدَانُ، أَخْبَرَنِي أَبِي، عَنْ شُعْبَةَ، سَمِعْتُ الأَشْعَثَ، عَنْ أَبِيهِ، عَنْ مَسْرُوقٍ، عَنْ عَائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا: أَنَّ يَهُودِيَّةً دَخَلَتْ عَلَيْهَا، فَذَكَرَتْ عَذَابَ القَبْرِ، فَقَالَتْ لَهَا: أَعَاذَكِ اللَّهُ مِنْ عَذَابِ القَبْرِ، فَسَأَلَتْ عَائِشَةُ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ عَنْ عَذَابِ القَبْرِ، فَقَالَ: «نَعَمْ، عَذَابُ القَبْرِ» قَالَتْ عَائِشَةُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا: فَمَا رَأَيْتُ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ بَعْدُ صَلَّى صَلاَةً إِلَّا تَعَوَّذَ مِنْ عَذَابِ القَبْرِ زَادَ غُنْدَرٌ: «عَذَابُ القَبْرِ حَقٌّ«.

1373

86-nji bap

1373

86-nji bap

Ebu Bekriň gyzy Äsmäden (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem ýerinden turup, adamlara wagyz etdi. Wagyzynda her bir adamyň gabyrda başdan geçirjek synaglary hakynda agzap geçdi. Muny aýdan wagty musulmanlar gorkudan ýaňa gygyryp ses etdiler”.

حَدَّثَنَا يَحْيَى بْنُ سُلَيْمَانَ، حَدَّثَنَا ابْنُ وَهْبٍ، قَالَ: أَخْبَرَنِي يُونُسُ، عَنِ ابْنِ شِهَابٍ، أَخْبَرَنِي عُرْوَةُ بْنُ الزُّبَيْرِ: أَنَّهُ سَمِعَ أَسْمَاءَ بِنْتَ أَبِي بَكْرٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، تَقُولُ: «قَامَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ خَطِيبًا فَذَكَرَ فِتْنَةَ القَبْرِ الَّتِي يَفْتَتِنُ فِيهَا المَرْءُ، فَلَمَّا ذَكَرَ ذَلِكَ ضَجَّ المُسْلِمُونَ ضَجَّةً«.

1374

86-nji bap

1374

86-nji bap

"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Allahyň bir bendesini gabrynda goýulup, ýoldaşlary yzyna öwrülip gidenlerinde, olaryň aýakgaplarynyň sesini eşider we şol wagt onuň ýanyna iki sany perişde gelip, ony oturdarlar we ondan: “Sen bu adam, ýagny, Muhhamed sallallahu aleýhi wesellem barada näme aýdardyň?” diýip sorarlar. Mu’min adam: “Men onuň Allanyň guly we Resulydygyna şaýatlyk edýärin” diýer. Perişdeler oňa: “Dowzahdaky ýeriňe bir seret. Allah Tagala ony Jennetde bir ýer bilen çalyşdy” diýerler. Ol adam (şol wagt Jennetdäki we dowzahdaky) iki ýerini hem birden görer. (Katada: “Bize ol mu’miniň gabyrynyň giňeldiljekdigi hem habar berildi” diýdi. Soňra Katada ýene-de Enesiň hadysyna gaýdyp geldi, we şeýle diýdi): “Emma ol ölen adam kapyr (ýa-da munafyk) bir adam bolsa, ondan hem: “Sen bu adam barada näme aýdardyň?” diýip sorarlar. Ol adam: “Bilmedim, men diňe adamlar näme diýen bolsa, menem şony aýdardym” diýer. Soňra oňa: “Sen (Ol hakda) biljegem, okajagam bolmadyň!” diýerler. Soňra ony demir gürziler bilen urarlar. Ol şeýle bir ses edip gygyrar, onuň sesini adamlardan we jynlardan başga töweregindäki ähli zatlar eşider”."

حَدَّثَنَا عَيَّاشُ بْنُ الوَلِيدِ، حَدَّثَنَا عَبْدُ الأَعْلَى، حَدَّثَنَا سَعِيدٌ، عَنْ قَتَادَةَ، عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، أَنَّهُ حَدَّثَهُمْ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ قَالَ: إِنَّ العَبْدَ إِذَا وُضِعَ فِي قَبْرِهِ وَتَوَلَّى عَنْهُ أَصْحَابُهُ، وَإِنَّهُ لَيَسْمَعُ قَرْعَ نِعَالِهِمْ، أَتَاهُ مَلَكَانِ فَيُقْعِدَانِهِ، فَيَقُولاَنِ: مَا كُنْتَ تَقُولُ فِي هَذَا الرَّجُلِ لِمُحَمَّدٍ ﷺ، فَأَمَّا المُؤْمِنُ، فَيَقُولُ: أَشْهَدُ أَنَّهُ عَبْدُ اللَّهِ وَرَسُولُهُ، فَيُقَالُ لَهُ: انْظُرْ إِلَى مَقْعَدِكَ مِنَ النَّارِ قَدْ أَبْدَلَكَ اللَّهُ بِهِ مَقْعَدًا مِنَ الجَنَّةِ، فَيَرَاهُمَا جَمِيعًا - قَالَ قَتَادَةُ: وَذُكِرَ لَنَا: أَنَّهُ يُفْسَحُ لَهُ فِي قَبْرِهِ، ثُمَّ رَجَعَ إِلَى حَدِيثِ أَنَسٍ - قَالَ: وَأَمَّا المُنَافِقُ وَالكَافِرُ فَيُقَالُ لَهُ: مَا كُنْتَ تَقُولُ فِي هَذَا الرَّجُلِ؟ فَيَقُولُ: لاَ أَدْرِي كُنْتُ أَقُولُ مَا يَقُولُ النَّاسُ، فَيُقَالُ: لاَ دَرَيْتَ وَلاَ تَلَيْتَ، وَيُضْرَبُ بِمَطَارِقَ مِنْ حَدِيدٍ ضَرْبَةً، فَيَصِيحُ صَيْحَةً يَسْمَعُهَا مَنْ يَلِيهِ غَيْرَ الثَّقَلَيْنِ.

1375

87-nji bap

1375

87-nji bap

Ebu Eýýubdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Pygamberimiz salalahu aleýhi wesellem gün batandan soň (daşaryk) çykdy we bir (gorkunç) ses eşidip: “Ýehudylara gabyrlarynda azap berilýär” diýdi.

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ المُثَنَّى، حَدَّثَنَا يَحْيَى، حَدَّثَنَا شُعْبَةُ، قَالَ: حَدَّثَنِي عَوْنُ بْنُ أَبِي جُحَيْفَةَ، عَنْ أَبِيهِ، عَنِ البَرَاءِ بْنِ عَازِبٍ، عَنْ أَبِي أَيُّوبَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمْ، قَالَ: خَرَجَ النَّبِيُّ ﷺ وَقَدْ وَجَبَتِ الشَّمْسُ، فَسَمِعَ صَوْتًا فَقَالَ: «يَهُودُ تُعَذَّبُ فِي قُبُورِهَا» وَقَالَ النَّضْرُ: أَخْبَرَنَا شُعْبَةُ، حَدَّثَنَا عَوْنٌ، سَمِعْتُ أَبِي، سَمِعْتُ البَرَاءَ، عَنْ أَبِي أَيُّوبَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، عَنِ النَّبِيِّ ﷺ

Salgylanma:

• Ýewreýlere

1376

87-nji bap

1376

87-nji bap

Halid ibn Sa‘yd ibn ‘Asyň gyzy, Pygamberimiz salalahu aleýhi wesellemiň gabyr azabyndan Allaha sygynanyny eşidipdir.

حَدَّثَنَا مُعَلًّى، حَدَّثَنَا وُهَيْبٌ، عَنْ مُوسَى بْنِ عُقْبَةَ، قَالَ: حَدَّثَتْنِي ابْنَةُ خَالِدِ بْنِ سَعِيدِ بْنِ العَاصِ، أَنَّهَا سَمِعَتِ النَّبِيَّ ﷺ وَهُوَ «يَتَعَوَّذُ مِنْ عَذَابِ القَبْرِ«.