1347

75-nji bap

1347

75-nji bap

Jabir ibn Abdulladan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Uhud söweşinde şehit bolanlaryň ikisini bir kepene dolardy. Soňra bolsa: “Bularyň haýsysy Kurany has köp bilerdi?” diýip sorardy. Haýsyny görkezseler gabyrda ilki şony goýardy we “Men Kyýamat gününde olara şaýat bolaryn” diýerdi. Olary ganlary bilen jaýlamagy emr etdi. Olara namaz okalmazdy we olary ýuwdurmazdy.

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ مُقَاتِلٍ، أَخْبَرَنَا عَبْدُ اللَّهِ، أَخْبَرَنَا لَيْثُ بْنُ سَعْدٍ، حَدَّثَنِي ابْنُ شِهَابٍ، عَنْ عَبْدِ الرَّحْمَنِ بْنِ كَعْبِ بْنِ مَالِكٍ، عَنْ جَابِرِ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ كَانَ يَجْمَعُ بَيْنَ الرَّجُلَيْنِ مِنْ قَتْلَى أُحُدٍ فِي ثَوْبٍ وَاحِدٍ، ثُمَّ يَقُولُ: «أَيُّهُمْ أَكْثَرُ أَخْذًا لِلْقُرْآنِ؟»، فَإِذَا أُشِيرَ لَهُ إِلَى أَحَدِهِمَا قَدَّمَهُ فِي اللَّحْدِ، وَقَالَ: «أَنَا شَهِيدٌ عَلَى هَؤُلاَءِ» وَأَمَرَ بِدَفْنِهِمْ بِدِمَائِهِمْ، وَلَمْ يُصَلِّ عَلَيْهِمْ، وَلَمْ يُغَسِّلْهُمْ.

Salgylanma:

•Gabyryň içki jaýynda

1348

75-nji bap

1348

75-nji bap

"Jabir ibn Abdulladan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Uhud söweşinde şehit bolanlar hakynda sorap: “Bularyň haýsysy Kurany has köp bilerdi?” diýerdi. Haýsy birini görkezseler, ony gabyrda beýlekisinden ilki goýardy. Jabir şeýle diýdi: “Meniň kakam bilen plan kakam ikisi bir donuň içinde kepenlendi”."

وَأَخْبَرَنَا ابْنُ المُبَارَكِ، أَخْبَرَنَا الأَوْزَاعِيُّ، عَنِ الزُّهْرِيِّ، عَنْ جَابِرِ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، كَانَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ يَقُولُ لِقَتْلَى أُحُدٍ: «أَيُّ هَؤُلاَءِ أَكْثَرُ أَخْذًا لِلْقُرْآنِ؟» فَإِذَا أُشِيرَ لَهُ إِلَى رَجُلٍ قَدَّمَهُ فِي اللَّحْدِ قَبْلَ صَاحِبِهِ، وَقَالَ جَابِرٌ: فَكُفِّنَ أَبِي وَعَمِّي فِي نَمِرَةٍ وَاحِدَةٍ، وَقَالَ سُلَيْمَانُ بْنُ كَثِيرٍ: حَدَّثَنِي الزُّهْرِيُّ، حَدَّثَنِي مَنْ سَمِعَ جَابِرًا رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ.

Salgylanma:

•Gabyryň içki jaýynda

1349

76-nji bap

1349

76-nji bap

"Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Allah Mekge (şäherini) haram (mukaddes) etdi. Ol menden öň hiç kime halal edilmedi we menden soň hem hiç kime halal edilmez. Meniň üçin hem gündiziň diňe belli bir wagty halal edildi. Mekgäniň otlary kesilmez, agaçlary çapylmaz, ýabany aw haýwanlary ürküzilmez we ýitirilen zady eýesine gowşurmak niýeti bolmasa ony ýerden galdyrmak gadagandyr. Şol wagt Abbas (Allah ondan razy bolsyn): “Zergärleriň we biziň gabyrlarda ulanýan “Izhir” otundan başgasy (gadagan) bolaýsyn?” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Izhirden başgasy” diýdi. Ebu Hureýräniň (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden rowaýat eden hadysynda ol adam: “Biziň gabyrlarymyz we öýlerimiz üçin (ulanýan izhir otundan başga bolsun, diýdi). Ibn Abbas (Allah olardan razy bolsun): “Demirçi ussalary we olaryň jaýlary üçin (ulanýan)” diýip aýtdy."

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ حَوْشَبٍ، حَدَّثَنَا عَبْدُ الوَهَّابِ، حَدَّثَنَا خَالِدٌ، عَنْ عِكْرِمَةَ، عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، عَنِ النَّبِيِّ ﷺ قَالَ: «حَرَّمَ اللَّهُ مَكَّةَ فَلَمْ تَحِلَّ لِأَحَدٍ قَبْلِي، وَلاَ لِأَحَدٍ بَعْدِي، أُحِلَّتْ لِي سَاعَةً مِنْ نَهَارٍ، لاَ يُخْتَلَى خَلاَهَا وَلاَ يُعْضَدُ شَجَرُهَا، وَلاَ يُنَفَّرُ صَيْدُهَا، وَلاَ تُلْتَقَطُ لُقَطَتُهَا إِلَّا لِمُعَرِّفٍ»، فَقَالَ العَبَّاسُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: إِلَّا الإِذْخِرَ لِصَاغَتِنَا وَقُبُورِنَا؟ فَقَالَ: إِلَّا الإِذْخِرَ. وَقَالَ أَبُو هُرَيْرَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: عَنِ النَّبِيِّ ﷺ «لِقُبُورِنَا وَبُيُوتِنَا»، وَقَالَ أَبَانُ بْنُ صَالِحٍ عَنِ الحَسَنِ بْنِ مُسْلِمٍ، عَنْ صَفِيَّةَ بِنْتِ شَيْبَةَ سَمِعْتُ النَّبِيَّ ﷺ مِثْلَهُ، وَقَالَ مُجَاهِدٌ: عَنْ طَاوُسٍ، عَنْ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا «لِقَيْنِهِمْ وَبُيُوتِهِمْ«.

Salgylanma:

” •Gabyrda içki jaýyny ýapmak üçin ulanypdyrlar. Hoşboý ysly otuň ady. ”

1350

77-nji bap

1350

77-nji bap

"Jabir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Abdulla ibn Ubeýýiň jesedi gabyrynyň içinde goýulandan soň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gelip, ony gabyryndan çykartdy we ony dyzynyň üstünde goýup, öz tüýküliginden çüfledi we oňa öz köýnegini geýdirdi. (Onuň näme üçin beýle edendigini) Allahyň özi gowy bilýändir. Ýöne Abdulla ibn Ubeýý ir wagtlar öz köýnegini Abbasa geýdiripdi. Ebu Harun şeýle diýdi: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň iki sany köýnegi bardy. Abdulla (ibn Ubeýýiň) ogly: “Ýa Resulallah! Kakama teniňe degip duran köýnegiňi geýdiräý!” diýdi. Sufýan şeýle diýdi: “Adamlar Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öz köýnegini, Abdulla (ibn Ubeýýe) geýdirmeginiň sebäbini, bir wagtlar Abbasa eden kömeginiň ýerine diýip, hasaplapdyrlar”."

حَدَّثَنَا عَلِيُّ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ، حَدَّثَنَا سُفْيَانُ، قَالَ عَمْرٌو: سَمِعْتُ جَابِرَ بْنَ عَبْدِ اللَّهِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، قَالَ: أَتَى رَسُولُ اللَّهِ ﷺ عَبْدَ اللَّهِ بْنَ أُبَيٍّ بَعْدَ مَا أُدْخِلَ حُفْرَتَهُ «فَأَمَرَ بِهِ، فَأُخْرِجَ، فَوَضَعَهُ عَلَى رُكْبَتَيْهِ وَنَفَثَ عَلَيْهِ مِنْ رِيقِهِ، وَأَلْبَسَهُ قَمِيصَهُ»، فَاللَّهُ أَعْلَمُ وَكَانَ كَسَا عَبَّاسًا قَمِيصًا قَالَ سُفْيَانُ: وَقَالَ أَبُو هَارُونَ: وَكَانَ عَلَى رَسُولِ اللَّهِ ﷺ قَمِيصَانِ، فَقَالَ لَهُ ابْنُ عَبْدِ اللَّهِ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، أَلْبِسْ أَبِي قَمِيصَكَ الَّذِي يَلِي جِلْدَكَ، قَالَ سُفْيَانُ: «فَيُرَوْنَ أَنَّ النَّبِيَّ ﷺ أَلْبَسَ عَبْدَ اللَّهِ قَمِيصَهُ مُكَافَأَةً لِمَا صَنَعَ«.

Salgylanma:

• Ýagny Abdulla ibn Ubeýý öz köýnegini Abbasa beripdi. Şonuň eden ýagşylygyny gaýtarmak üçin berdi.

1351

77-nji bap

1351

77-nji bap

"Jabirden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä ol şeýle diýipdir: “Uhud söweşinden öňki gije kakam meni öz ýanyna çagyryp: “Men (ertirki boljak söweşde) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň sahabalarynyň içinde özümi ilkinji bolup öldüriljek ýaly bolup duýýaryn. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden we senden başga yzymda goýup gitjek eziz adamym ýokdur. Meniň bergilerim bardyr, olary (eýelerine) ber we gyz doganlaryňa gowy seret!” diýip wesýet etdi. Irden kakam ilkinji öldürilen adam boldy. Ony başga biri bilen bile bir gabyrda jaýladylar. Soňra başga biri bilen bir gabyrda jaýlanany üçin özümi hiç rahat duýmadym. Men ony alty aýdan soň gabryndan çykardym. Onuň bir gulagyndan başga tutuş bedeni ony jaýlan günümdäki ýaly (üýtgemändi)”."

حَدَّثَنَا مُسَدَّدٌ، أَخْبَرَنَا بِشْرُ بْنُ المُفَضَّلِ، حَدَّثَنَا حُسَيْنٌ المُعَلِّمُ، عَنْ عَطَاءٍ، عَنْ جَابِرٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، قَالَ: لَمَّا حَضَرَ أُحُدٌ دَعَانِي أَبِي مِنَ اللَّيْلِ، فَقَالَ: مَا أُرَانِي إِلَّا مَقْتُولًا فِي أَوَّلِ مَنْ يُقْتَلُ مِنْ أَصْحَابِ النَّبِيِّ ﷺ، وَإِنِّي لاَ أَتْرُكُ بَعْدِي أَعَزَّ عَلَيَّ مِنْكَ، غَيْرَ نَفْسِ رَسُولِ اللَّهِ ﷺ، فَإِنَّ عَلَيَّ دَيْنًا فَاقْضِ، وَاسْتَوْصِ بِأَخَوَاتِكَ خَيْرًا، «فَأَصْبَحْنَا، فَكَانَ أَوَّلَ قَتِيلٍ وَدُفِنَ مَعَهُ آخَرُ فِي قَبْرٍ، ثُمَّ لَمْ تَطِبْ نَفْسِي أَنْ أَتْرُكَهُ مَعَ الآخَرِ، فَاسْتَخْرَجْتُهُ بَعْدَ سِتَّةِ أَشْهُرٍ، فَإِذَا هُوَ كَيَوْمِ وَضَعْتُهُ هُنَيَّةً غَيْرَ أُذُنِهِ«.

1352

77-nji bap

1352

77-nji bap

Jabirden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä ol şeýle diýipdir: “Meniň kaklam bilen bile bir gabyryň içinde ýene-de başga bir adam jaýlanypdy. Ony gabyrdan çykaryp, aýratyn ýeke özüni bir gabyrda goýýançam, hiç özümi rahat duýmadym”.

حَدَّثَنَا عَلِيُّ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ، حَدَّثَنَا سَعِيدُ بْنُ عَامِرٍ، عَنْ شُعْبَةَ، عَنِ ابْنِ أَبِي نَجِيحٍ، عَنْ عَطَاءٍ، عَنْ جَابِرٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، قَالَ: «دُفِنَ مَعَ أَبِي رَجُلٌ، فَلَمْ تَطِبْ نَفْسِي حَتَّى أَخْرَجْتُهُ، فَجَعَلْتُهُ فِي قَبْرٍ عَلَى حِدَةٍ«.

1353

78-nji bap

1353

78-nji bap

Jabir ibn Abdulladan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Uhud söweşinde şehit bolanlaryň ikisini bir kepene dolardy. Soňra bolsa: “Bularyň haýsysy Kurany has köp bilerdi?” diýip sorardy. Haýsyny görkezseler gabyryň içki jaýynda ilki şony goýardy we “Men Kyýamat gününde olara şaýat bolaryn” diýerdi. Olary ganlary bilen jaýlamagy emr etdi we olary ýuwdurmady”.

حَدَّثَنَا عَبْدَانُ، أَخْبَرَنَا عَبْدُ اللَّهِ، أَخْبَرَنَا اللَّيْثُ بْنُ سَعْدٍ، قَالَ: حَدَّثَنِي ابْنُ شِهَابٍ، عَنْ عَبْدِ الرَّحْمَنِ بْنِ كَعْبِ بْنِ مَالِكٍ، عَنْ جَابِرِ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، قَالَ: كَانَ النَّبِيُّ ﷺ يَجْمَعُ بَيْنَ رَجُلَيْنِ مِنْ قَتْلَى أُحُدٍ، ثُمَّ يَقُولُ: «أَيُّهُمْ أَكْثَرُ أَخْذًا لِلْقُرْآنِ؟» فَإِذَا أُشِيرَ لَهُ إِلَى أَحَدِهِمَا، قَدَّمَهُ فِي اللَّحْدِ، فَقَالَ: «أَنَا شَهِيدٌ عَلَى هَؤُلاَءِ يَوْمَ القِيَامَةِ»، فَأَمَرَ بِدَفْنِهِمْ بِدِمَائِهِمْ، وَلَمْ يُغَسِّلْهُمْ.

1354

79-nji bap

1354

79-nji bap

"Abdulla bin Omaryň (Allah olardan razy bolsun) habar bermegine görä, bir gün Omar (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem we başga-da birnäçe adamlar bilen bilelikde Ibn Saýýadyň ýanyna gitdiler. Ibn Saýýad Benu Magala taýpasynyň daşdan gurulan galasynyň ýanynda oglanlar bilen oýnap ýörkä, onuň üstünden bardylar. Şol wagt (Ibn Saýýad) heniz kämillik ýaşyna ýetmändi. Ibn Saýýad tä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ony eli bilen urýança olaryň gelenini duýmady. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Ibn Saýýada: “Meniň Allanyň Resulydygyma şaýatlyk edýärsiňmi?” diýip sorady. Ibn Saýýad oňa seredip: “Men seniň sowatsyzlaryň Resulydygyňa şaýatlyk edýärin!” diýdi. Ibn Saýýad Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme ýüzlenip: “Sen meniň Allanyň Resulydygyma şaýatlyk edýärsiňmi?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň soragyna jogap bermekden ýüz öwürip: “Men Allaha we Onuň (hak) pygamberlerine iman etdim!” diýdi. Soňra (Ibn Saýýada): “Sen (düýşüňde) nämeler görýärsiň?” diýip sorady. Ibn Saýýad: “Käbirleri dogry bolup çykýar, käbirleri bolsa ýalan bolýar” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Seniň işiň bulaşdyrylypdyr” diýdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Ibn Saýýada: “Men seniň üçin içimde bir zat gizledim (şony bil!)” diýdi. Ibni Seýýad: “Duh!..” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Lal bol! Çägiňden geçme!” diýdi. (Muny eşiden) Omar (Allah ondan razy bolsun): “Ýa Resulullah! Rugsat ber, onuň kellesini keseýin!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Eger ol, şol diýilýän adam bolsa, onda ony sen öldürmeli dälsiň we egerde ol diýilýän adam bolmasa, ony öldürmek seniň üçin hiç bir haýry degmez!” diýdi”."

حَدَّثَنَا عَبْدَانُ، أَخْبَرَنَا عَبْدُ اللَّهِ، عَنْ يُونُسَ، عَنِ الزُّهْرِيِّ، قَالَ: أَخْبَرَنِي سَالِمُ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ، أَنَّ ابْنَ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، أَخْبَرَهُ أَنَّ عُمَرَ انْطَلَقَ مَعَ النَّبِيِّ ﷺ فِي رَهْطٍ قِبَلَ ابْنِ صَيَّادٍ، حَتَّى وَجَدُوهُ يَلْعَبُ مَعَ الصِّبْيَانِ عِنْدَ أُطُمِ بَنِي مَغَالَةَ، وَقَدْ قَارَبَ ابْنُ صَيَّادٍ الحُلُمَ، فَلَمْ يَشْعُرْ حَتَّى ضَرَبَ النَّبِيُّ ﷺ بِيَدِهِ، ثُمَّ قَالَ لِابْنِ صَيَّادٍ: «تَشْهَدُ أَنِّي رَسُولُ اللَّهِ؟»، فَنَظَرَ إِلَيْهِ ابْنُ صَيَّادٍ، فَقَالَ: أَشْهَدُ أَنَّكَ رَسُولُ الأُمِّيِّينَ، فَقَالَ ابْنُ صَيَّادٍ لِلنَّبِيِّ ﷺ: أَتَشْهَدُ أَنِّي رَسُولُ اللَّهِ؟ فَرَفَضَهُ وَقَالَ: «آمَنْتُ بِاللَّهِ وَبِرُسُلِهِ» فَقَالَ لَهُ: «مَاذَا تَرَى؟» قَالَ ابْنُ صَيَّادٍ: يَأْتِينِي صَادِقٌ وَكَاذِبٌ، فَقَالَ النَّبِيُّ ﷺ: «خُلِّطَ عَلَيْكَ الأَمْرُ» ثُمَّ قَالَ لَهُ النَّبِيُّ ﷺ: «إِنِّي قَدْ خَبَأْتُ لَكَ خَبِيئًا» فَقَالَ ابْنُ صَيَّادٍ: هُوَ الدُّخُّ، فَقَالَ: «اخْسَأْ، فَلَنْ تَعْدُوَ قَدْرَكَ»، فَقَالَ عُمَرُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: دَعْنِي يَا رَسُولَ اللَّهِ أَضْرِبْ عُنُقَهُ، فَقَالَ النَّبِيُّ ﷺ: «إِنْ يَكُنْهُ فَلَنْ تُسَلَّطَ عَلَيْهِ، وَإِنْ لَمْ يَكُنْهُ فَلاَ خَيْرَ لَكَ فِي قَتْلِهِ«.

Salgylanma:

” •Ibn Saýýad Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň geljekde dejjal boljaklygyna ýa-da däldigine şübhelenýän adamsy. • Araplary göz öňüne tutup aýdypdyr. • Ýagny gören düýşiniň käbiri dogry käbir ýalan bolýar, diýdi. • Ýagny şeýtan bulaşdyrypdyr, diýdi. • Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem içinde “Duhan” diýen sözi belläpdi. Ibn Saýýad ol sözi dolulygyna aýdyp bilmän diňe “Dyh…” diýip ýarysyny bilmegi başardy. Onuň şeýtany doly habar berip bilmedi. Hakykatdanam, dejjal bolsa.”

1355

79-nji bap

1355

79-nji bap

"Ibn Omar (Allah olardan razy bolsyn) şeýle diýdi: “Şondan soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir gezek Ubeý ibn Ka‘b bilen bilelikde, Ibn Saýýadyň bolýan hurma bagyna gitdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Ibn Saýýadyň gürleýän zatlaryny eşitmek üçin bildirmän oňa golaýlaşjak boldy. Ibn Saýýad şol wagt bir düşekçä ýaplanyp ýatyrdy we her hili düşnüksiz sesleri çykarýardy. Şol pursatda Ibn Saýýadyň ejesi hurma agajynyň arkasynda bukulyp duran Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi görüp, ogly Ibn Saýýada: “Eý, Safy! Hana, ol ýerde Muhammed (sallallahu aleýhi wesellem) bar!” diýip gygyrdy. (Safy, Ibn Saýýadyň adydy). Ibn Saýýad böküp, derrew ýerinden turdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Eger-de ol aýal gygyrmadyk bolsady, ol özüniň kimdigini mälim ederdi” diýdi."

١٣٥٥ : وَقَالَ سَالِمٌ: سَمِعْتُ ابْنَ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا يَقُولُ: انْطَلَقَ بَعْدَ ذَلِكَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ وَأُبَيُّ بْنُ كَعْبٍ إِلَى النَّخْلِ الَّتِي فِيهَا ابْنُ صَيَّادٍ، وَهُوَ يَخْتِلُ أَنْ يَسْمَعَ مِنْ ابْنِ صَيَّادٍ شَيْئًا قَبْلَ أَنْ يَرَاهُ ابْنُ صَيَّادٍ، فَرَآهُ النَّبِيُّ ﷺ وَهُوَ مُضْطَجِعٌ - يَعْنِي فِي قَطِيفَةٍ لَهُ فِيهَا رَمْزَةٌ أَوْ زَمْرَةٌ - فَرَأَتْ أمُّ ابْنِ صَيّادٍ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ، وَهُوَ يَتَّقِي بِجُذُوعِ النَّخْلِ، فَقَالَتْ لِابْنِ صَيَّادٍ: يَا صَافِ - وَهُوَ اسْمُ ابْنِ صَيَّادٍ - هَذَا مُحَمَّدٌ ﷺ، فَثَارَ ابْنُ صَيَّادٍ، فَقَالَ النَّبِيُّ ﷺ: «لَوْ تَرَكَتْهُ بَيَّنَ»، وَقَالَ شُعَيْبٌ فِي حَدِيثِهِ: فَرَفَصَهُ رَمْرَمَةٌ - أَوْ زَمْزَمَةٌ - وَقَالَ إِسْحَاقُ الكَلْبِيُّ، وَعُقَيْلٌ: رَمْرَمَةٌ، وَقَالَ مَعْمَرٌ: رَمْزَةٌ.

1356

79-nji bap

1356

79-nji bap

Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellemiň hyzmatyny edip ýören ýehudi bir oglanjyk bardy. Bir gün oglanjyk syrkawlady. Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellem ony soramaga gitdi. Oglanjygyň başujunda oturyp, oňa: “Yslamy kabul et (musulman bol)!” diýdi. Oglanjyk ýanynda oturan kakasynyň ýüzüne seretdi. Kakasy oňa: “Ebul-Kasyma, boýun bol!” diýdi. Oglanjyk musulman boldy. Şondan soň Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellem: “Bu oglany Jähennem odundan halas eden Allaha şükürler bolsun!” diýip, daşaryk çykdy”.

حَدَّثَنَا سُلَيْمَانُ بْنُ حَرْبٍ، حَدَّثَنَا حَمَّادٌ وَهْوَ ابْنُ زَيْدٍ، عَنْ ثَابِتٍ، عَنْ أَنَسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، قَالَ: كَانَ غُلاَمٌ يَهُودِيٌّ يَخْدُمُ النَّبِيَّ ﷺ، فَمَرِضَ، فَأَتَاهُ النَّبِيُّ ﷺ يَعُودُهُ، فَقَعَدَ عِنْدَ رَأْسِهِ، فَقَالَ لَهُ: «أَسْلِمْ»، فَنَظَرَ إِلَى أَبِيهِ وَهُوَ عِنْدَهُ فَقَالَ لَهُ: أَطِعْ أَبَا القَاسِمِ ﷺ، فَأَسْلَمَ، فَخَرَجَ النَّبِيُّ ﷺ وَهُوَ يَقُولُ: «الحَمْدُ لِلَّهِ الَّذِي أَنْقَذَهُ مِنَ النَّارِ«.