Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir wagtlar mesjidi süpürip, arassalap ýören bir garaýagyz adam ýa-da bir garaýagyz aýal wepat boldy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň ölendigini bilmändi we bir gün ony ýatlap: “Ol adama näme boldy?” diýip sorady. “Ol öldi, (Ýa Resulullah)” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Siz näme üçin ony maňa habar bermediňiz?” diýdi. Sahabalar: “Ol şeýle boldy, beýle boldy” diýip, onuň hekaýasyny gürrüň berdiler. Ony ähmiýetsiz biri hasap etdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Maňa onuň gabryny görkeziň?” diýdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň gabrynyň üstüne baryp, jynaza namazyny okady”.
"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Allahyň bir bendesini mazarynda goýulup, ýoldaşlary yzyna öwrülip gidenlerinde, olaryň aýakgaplarynyň sesini eşider we şol wagt onuň ýanyna iki sany perişde gelip, ony oturdarlar we ondan: “Sen bu Muhhamed sallallahu aleýhi wesellem barada näme aýdardyň?” diýip sorarlar. Ol adam: “Men onuň Allanyň guly we Resulydygyna şaýatlyk edýärin” diýer. Perişdeler oňa: “Dowzahdaky ýeriňe bir seret. Allah Tagala ony Jennetde bir ýer bilen çalyşdy” diýerler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ol adam (şol wagt Jennetdäki we dowzahdaky) iki ýerini hem birden görer” diýdi.
Emma ol ölen adam kapyr (ýa-da munafyk) bir adam bolsa, onda ol: “Bilmedim, men diňe adamlar näme diýen bolsa, şony hem gaýtaladym” diýer. Soňra oňa: “Sen (Ol hakda) biljegem, okajagam bolmadyň!” diýerler. Soňra onuň iki gulagynyň arasyna demir gürzi bilen urarlar. Onuň sesini adamlardan we jynlardan başga töweregindäki ähli zatlar eşider”."
"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Ölüm perişdesi Musa aleýhissalamyň ýanyna iberildi. Haçanda ol Musanyň ýanyna gelende, Musa oňa bir şarpyk berip, onuň gözüni çykardy. Perişde yzyna Robbunyň ýanyna baryp: “Sen meni, ölümi islemeýän bir guluň ýanyna iberdiň!” diýdi. Allah onuň gözüni gaýtaryp berdi we oňa: “Musanyň ýanyna barda oňa: “Elini bir öküziň arkasynda goýsun we eliniň aýasyndaky her bir gyl üçin bir ýyl ömür beriljegini” aýt!” diýdi”. (Haçanda, perişde özüne tabşyrylan zatlaryň ählisini ýerine ýetirenden soň, Musa): “Eý Robbum! Ondan soň näme?” diýdi. Allah Tagala: “Ondan soň ölüm” diýdi. Musa: “Goý, onda ol häzir bolsun!” diýdi we Allahdan özüni Mukaddes Ýere bir daş atym aralykça golaýlaşdyrmagyny diledi.
(Ebu Hureýre Allah ondan razy bolsyn): “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýip aýtdy” diýdi: “Eger-de men şol ýerde bolan bolsadym, onuň ýoluň gyrasyndaky gyzyl gumly bir depäniň ýanynda jaýlanan mazaryny size görkezerdim”."
"Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gije jaýlanan bir adama jynaza namazyny okady. Ol sahabalary bilen bilelikde dik durdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ol adam hakynda sorap: “Bu kim?” diýdi.
Sahabalar: “Pylany, düýn agşam jaýlandy” diýdiler. Soňra olaryň hemmesi ol adama jynaza namazyny okadylar”."
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem syrkawlan wagty, onuň aýallary Habeşistandaky (Efiopiýadaky) gören (hristiýanlaryň) Mariýa atly buthanasy hakynda gürrüň berdiler. Ummu Habibe we Ummu Seleme Habeşistanda bolup görüpdiler. Olar şol ybadathananyň gözelligini we onuň içindäki suratlar hakynda gürrüň berdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem başyny galdyryp: “Olar eger-de, olardan haýsydyr salyh, gowy bir adam ölse, onuň gabrynyň üstünde (ybadat eder) ýaly mesjid (ybadathana) gurup, içinde-de şoňa meňzeş suratlar goýarlar. Olar Allahyň huzurynda, iň erbet adamlardan hasap ediler”.
Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň gyzyny jaýlamaga gatnaşdyk. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem şonda gabryň bir gyrasynda otyrdy. Men onuň gözlerinden ýaş akyp duranyny gördüm. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Siziň içiňizde öten agşam aýalyna ýanaşmadyk adam barmy?” diýip sorady. Ebu Talha: “Men” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Gabyryň içine düş!” diýdi we ol gabryň içine düşüp ony jaýlady”.
Jabir ibn Abdulladan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Uhud söweşinde şehit bolanlaryň ikisini bir kepene dolardy. Soňra bolsa: “Bularyň haýsysy Kurany has köp bilerdi?” diýip sorardy. Haýsyny görkezseler gabyrda ilki şony goýardy we “Men Kyýamat gününde olara şaýat bolaryn” diýerdi. Olary ganlary bilen jaýlamagy emr etdi. Olar ýuwulmazdy, olara namaz hem okalmazdy.
‘Ukba ibn ‘Amyrdan rowaýat edilmegine görä, bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Uhud söweşinde wepat bolanlara jynaza namazyny okady, soňra münbere çykyp şeýle diýdi: “Elbetde, men, sizden öň giderin we siz barada şaýatlyk ederin. Allahdan ant içýärin, men şu wagt hem (Jennetdäki) howuzymy görüp duryn we maňa Ýer ýüzüniň hazynalarynyň açarlary (ýa-da Ýeriň açarlary) berildi. Wallahy, men siziň menden soň müşrik bolmagyňyzdan gorkmaýaryn, ýöne welin (dünýä maly üçin) öz araňyzda biri-biriňiz bilen bäsleşmegiňizden gorkýaryn!”.
Jabir ibn Abdulladan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Uhud söweşinde şehit bolanlaryň ikisini bir gabyrda jaýlardy.
Jabirden (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Uhud söweşinde şehit bolanlary “Ganlaryny ýuwman jaýlaň!” diýdi we olary ýuwdurmady.