Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygmberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize Habeşistanyň patyşasy Nejaşiniň ölendigini, onuň ölen güni habar berdi we bize: “Doganyňyz üçin magfyret diläň!” diýdi.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygmberimiz sallallahu aleýhi wesellem olary namaz okalýan ýerde hatara düzüp, dört gezek tekbir aldy”.
Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir gün ýehudylar Pygmberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna zyna eden bir erkek adam bilen aýaly getirdiler. Pygmberimiz sallallahu aleýhi wesellem olary rejm etmekligi (ýagny daşlap ölürmekligi) emr etdi we olar mesjidiň golaýyndaky, jynaza okalýan ýerde daşlanyp öldürildi”.
"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem dünýäden ötmegine sebäp bolan keseli bilen syrkawlan wagty: “Pygamberleriniň gabyrlaryny mesjid edinýän ýehudylara we hristiýanlara Allah nälet etsin!” diýdi.
Aişa şeýle diýdi: “Egerde, şeýle bolmadyk bolsady, elbetde, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň gabryny hem görnüp durar ýaly ederdiler. Ýöne men hem onuň mesjid edilmeginden gorkýaryn” diýdi."
Samura ibn Jundubdan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýdi: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem çaga üstünde ölen bir aýal maşgalanyň jynaza namazyny okan wagtynda, men hem Onuň yzynda durup okadym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şonda ol aýalyň jesediniň ortarasynda durdy”.
Samura ibn Jundubdan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem çaga üstünde ölen bir aýal maşgalanyň jynaza namazyny okan wagtynda, men hem Onuň yzynda durup okadym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şonda ol aýalyň jesediniň ortarasynda durdy”.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygmberimiz sallallahu aleýhi wesellem Nejaşiniň ölümini, onuň ölen güni habar berdi. Ol sahabalar bilen namaz okalýan ýere çykdy we olary saplara düzüp, dört gezek tekbir aldy”.
Jabyrdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygmberimiz sallallahu aleýhi wesellem Ashama An-Nejaşi üçin jynaza namazyny okady we dört tekbir aldy.
Talha ibn Abdulladan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “Bir gün men, Ibn Abbasyň (Allah ondan razy bolsun) yzynda durup jynaza namazyny okanymda, ol “Fatyha” süresini okady we soňra: “Goý adamlar (jynaza namazynda “Fatyha” süresini okamaklygyň) sünnetdigini bilsinler!” diýdi”.
Aş-Şa‘biden rowaýat edilmegine görä, ol: “Maňa muny Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen bilelikde, beýleki gabyrlardan aýry duran bir gabryň ýanyndan geçip barýarka, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara ymam bolup, olar hem onuň yzynda durup namaz okan” bir adam habar berdi” diýdi. Men Aş-Şa‘biden: “Eý, Ebu ‘Amr! Muny saňa kim gürrüň berdi?” diýip soranymda, ol: “Ibn Abbas (Allah olardan razy bolsun)” diýdi”.